bölüm,829,süre, Saffat,Aýat 123-132
bölüm,829,süre, Saffat,Aýat 123-132
راهی بسوی نور (829)
Saffat süresi, 123 ,124 ,125 we 126-njy aýatlar :
وَإِنَّ إِلْيَاسَ لَمِنْ الْمُرْسَلِينَ (123) إِذْ قَالَ لِقَوْمِهِ أَلَا تَتَّقُونَ (124) أَتَدْعُونَ بَعْلاً وَتَذَرُونَ أَحْسَنَ الْخَالِقِينَ (125)اللَّهَ رَبَّكُمْ وَرَبَّ آبَائِكُمُ الْأَوَّلِينَ (126)
<< dogrudanda Ylýas biziň ilçilerimizdendi // haçanda ol öz kowumyna “( Alladan ) gorkmaýarsyňyzmy “ // iň gowy ýaradyjyny taşlap Bäeil butny çagyrýarsyňyzmy ? // ( ol Allany taşlaýarsyňyz ) ol allaky siziň we sizden ozal geçen ata – babalaryňyzyň perwerdigäri bolan Taňry , diýende.>>
Gurhan kerim Saffat süresiniň geçen aýatlarynda hezreti Ybraýym bilen hezreti Musaň ykballaryny aýdyp bereni soň bu aýatlarda hezreti Ylýasyň ykbalyna girişip aýdýar : hezreti Ylýasyň öz kowumyna aýdan deslapky sözi zolum , sütemden we butparazlykdan ýüz öwrüp takwa bolmak barada boldy, dogrusy alladan gorkmaýan adamlar takwalykdan ýüz öwrüp her bir ýaramaz işe baş goşýandyrlar şonuň üçin hem hezreti Ylýas bu aýatlarda butparazlaryň wyjdanlaryna ýüzlenip : siz öz eliňiz bilen ýasan butlaryňyza çokunyp hakyky perwerdigäri unutýarsyňyzmy ? butlara çokunar ýaly botlar sizi ýaratdymy ? ýada siziň ata- babalaryňyzy ýaratdylarmy? Onda näme üçin hakyky ýaradyjy allany taşlap bu jansyz butlara ýüzlenýärsiňiz diýip aýdýar.
Elbetdä bu arada butparazlar özleriniň ýaramaz işlerini dogry görkezjek bolup : biziň ata- babalarymyz butlara çokunýardylar şonuň üçin biz hem butlara çokunýarys diýip aýdýardylar şonda hezreti Ylýas olaryň bu sözleriniň dogry däldigini ýatlap : siziň ata- babalaryňyz-da butlar dälde eýsem ýeke Taňry ýaradandyr diýip aýdýardy .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ylahy pygamberleriň hemmesi butparazlygy ret edip ynsanlary, ýeke Taňryň bendeligine tarap çagyrandyrlar .
2- ynsan diňe özüni we bütin zatlary ýaradan Alla çokunmalydyr we diňe şol beýik Allanyň bendeligini etmelidir .
3- pygamberleriň çakylygynyň başynda durýan zatlaryň birisi-de ynsanlary takwalyga çagyrmaklyk bolandyr. Pygamberler ynsanlary gaflat ukysyndan oýarmakda olara ýöneki soraglar bilen ýüzlenip bu möhümi elgerýän myşlar .
Saffat süresi, 127, 128 we 129-njy aýatlar :
فَكَذَّبُوهُ فَإِنَّهُمْ لَمُحْضَرُونَ (127) إِلَّا عِبَادَ اللَّهِ الْمُخْلَصِينَ (128) وَتَرَكْنَا عَلَيْهِ فِي الْآخِرِينَ (129)
<< şonda ( Ylýasyň kowumy) ony inkär etdiler şübhesiz olar ( jezalandyrylmak üçin ) çagyryljakdyrlar // allanyň yhlasly bendelerinden başgalary soraga çekiljekdirler // we onuň üçin (Ylýas üçin) geljekki nesilleriň arasynda (ýagşy at ) galdyrdyk.>>
Geçen kowumlaryň köpsi ýaly hezreti Ylýasyň kowumynyň köpsi hem onuň pygamberligini inkär edip onuň öwüt- nesihatlaryna golak bermediler. gurhan kerim Ylýas pygamberiň kowumynyň bu işini ýazgaryp : olar özleriniň bu işleri bilen köp günäleri gazanyp allanyň gaharyna giriftar boldular diýip aýdýar .
Hezreti Ylýasyň kowumyndan diňe bir az topar onuň aýdanlaryny kabul edip allanyň bendeligini etdiler şeýilelik bilen bu az topar allanyň gahar- gazabyndan halas boldular .
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda : taňry tagala özüniň iberen ilçileriniň çeken zähmetlerine uly baha berip olardan ýagşy at galdyrýandyr şonuň üçin hem olaryň atlary taryh boýunda hemişe ýagşylykda tutulýandyr diýip aýdýar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- kimiň bagtlydygyny we kimiň bagtsyzdygyny bilmek üçin adamlaryň dünýädäki ýaşaýyşlary gowy ölçeg bolup bilmez eýsem kimiň bagtyýardygy we kim bagtyýar däldigi kyýamatda belli bolar .
2-allanyň gahar- gazabyndan gutulmak üçin yhlas bilen allanyň bendeliginde tapylmalydyr bu ýolda yhlassyzlyk ynsany maksatdan alyp galýandyr.
Saffat süresi, 130, 131 we 132-nji aýatlar :
سَلَامٌ عَلَى إِلْ يَاسِينَ (130) إِنَّا كَذَلِكَ نَجْزِي الْمُحْسِنِينَ (131) إِنَّهُ مِنْ عِبَادِنَا الْمُؤْمِنِينَ (132)
<
Gurhan kerim hezreti Ylýasyň ykbalyny aýdyp bereni soň bu aýatlarda allanyň oňa salam - salawat iberendigini aýdýar. elbetde bu süräniň 130injy aýatynda hem Ylýasyň ýerine Ylýasynyň ady tutulýar . dogrusy bu atlaryň ikiside bir pygamber hakyndadyr ol pygamber bolsa hezreti Ylýasdyr, şunçada gurhan kerimde getirlen Syna we Synyn sözleri hem bir mekana we bir ülkä yşarat edýändir.
Gurhan kerim bu süräniň ozalky aýatlarynda geçen pygamberleriň bir näçesiniň ykbalyny beýan etmekden soň olaryň allanyň bendeliginde tapylmakda özlerinden görkezen yhlaslaryny açyklap beren soň olaryň özlerinden görkezen yhlaslary üçin Allanyň olary nähili sylandygyny we olardan ýagşy at galdyryp olara ser paý berendigini aýdyp berdi . dogrusy: ýagşylyga ýagşylyk diýilşi ýaly Taňry tagala öz bendeleriniň ýagşy işlerini hiç mahal serpaýsyz goýan däldir. bu mesele Allanyň ýer ýüzünde ber karar edip goýan ylahy kadasydyr.
Şu kada esasynda hem Alla tagala özüniň yhlasly we mömin bendeleriniň çeken zähmetleriniň gadyrny bilip olara artykmaçlygy bilen serpaý berýändir . elbetde mömin bolman dünýäde ýagşy iş eden adamlar özleriniň serpaýlaryny ahyretde dälde şu dünýäde aljakdyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberlere we öwliýalara salam- salawat ibermegi Alla tagaladan öwrenmelidiris.
2- allanyň , ýagşy ynsanlaryň ýagşy işlerine serpaý bermegi, bir ylahy kada esasyndadyr we bu ylahy kadaň dowamaty hemişelikdir.
3- her kim mömin bolup allanyň bendeliginde tapylsa we ýagşy işleri etse hemişe oňa salam- salawatlar iberiljekdir.
////////////