Mar 01, 2019 22:32 Asia/Ashgabat

bölüm,830,süre, Saffat,Aýat 133-138

راهی بسوی نور (830)

Saffat süresi, 133, 134, 135 we 136-njy aýatlar :

وَإِنَّ لُوطاً لَّمِنَ الْمُرْسَلِينَ (133) إِذْ نَجَّيْنَاهُ وَأَهْلَهُ أَجْمَعِينَ (134) إِلَّا عَجُوزاً فِي الْغَابِرِينَ (135) ثُمَّ دَمَّرْنَا الْآخَرِينَ (136)

<< takyk Lut biziň ilçilermiziň birsidi // ony we onuň bütin içeri maşgalasyny halas eden mahalymyzda // meger bir garry zenan ol (şäherde ) galanlardan boldy // soň başgalaryň hemmesini heläk etdik.>>

Geçen aýatlarda ylahy pygamberleriň bir näçesiniň ykbaly barada gürrüň boldy. indi gurhan kerim bu aýatlarda hezreti lut pygamberiň we onuň kowumynyň ykbalyna girişýäris .hezreti lutyň kowumy Hejaz ülkesiniň demirgazygynda kerwenleriň Şam ülkesine tarap giden ýolunyň ugrunda ýaşardylar. kerwenlerden Şam ýurduny barýan ugurlarynda olaryň üstünden geçýärdiler. gurhan kerimiň berýän maglumatlaryna görä hezreti lut, hezreti Ybraýymyň zamanasynda ýaşap onuň şerigatyny öz kowumynyň arasynda wagyz edipdir.

Gurhan kerim bu aýatlarda lut pygamberiň we onuň kowumynyň ykbalynyň soňky perdesini beýan edip aýdýar: haçanda asmandan azap inmeli bolanda deslap hezreti lut we onuň ýaranlary ýagdaýdan habarly edildiler. hezreti lut öz ýaranlary bilen şäherden çykyp gitdi ýöne azabyň injekdiginden habarsyz bolan şäheriň pasyk adamlary we ýaşaýjylary azabyň inmegi bilen ýok oldular . gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda: Lut kowumynyň telek işlerini görüp onuň bilen tersleşmekden saklanan lutyň başdaşynyň hem bu wakada heläk bolandygyny aýdyp içeri-maşgalanyň üsti bilen amala gelýän baglanşygyň ynsany halas edip bilmändigini ýatladýar. Sebäbi allanyň mähir we muhabbeti ýada gahar- gazaby ynsanyň edýän amallaryna laýyklykda onuň başyndan inýändir. Her kim din we ahlak usullaryna laýyklykda hereket etse Alla hem ony özüniň lutfy keremi bilen güzlejekdir emma her kim , hatda pygamberleriň içeri maşgalasyndan bolsalarda -diniň usullaryny aýak aşakda goýup telek we gönä işleri etse ol allanyň gahar , gazabyna giriftar boljakdyr . Nuhyň perzendi hezreti nuhdan amala gelen bolsada ol alladan ýüz öwrüp kapyrlara hemra bolandygy üçin allanyň gahar- gazabyna duçar bolup tupanda ýok oldy .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- geçen kowumlaryň ykballarynyň gurhanda getirilmeginiň maksady ynsanlaryň ybrat almaklary üçin allanyň ýer ýüzünde berkarar edip goýan ylahy kadalaryny olara açyklap bermeklikdir .

2- pygamberlere baha bermeli bolanda olaryň perzentleriniň ýada zenanlarynyň üsti bilen baha bermeli däldir. ýene bir ybaratda kä baglanşyklar ynsanlary heläkçilikden halas edip bilýän däldir .

3- hakyky möminler, pygamberleriň handanyndan bolmasalarda , hatda başga ýurtlardan we milletlerden bolsalarda olar pygamberleriň handanyndan hasaplanýandyrlar .

Saffat süresi, 137 we 138-nji aýatlar :

وَإِنَّكُمْ لَتَمُرُّونَ عَلَيْهِم مُّصْبِحِينَ (137) وَبِاللَّيْلِ أَفَلَا تَعْقِلُونَ (138)

<< we siz ertirlerine olaryň ( ýaşan şäherleriniň harabalyklarynyň ) ýanyndan ötüp geçýänsiňiz // we ( şeýlede ) agşam çaglary. onda oýlanmaýarsyňyzmy? >>

Gurhan kerim bu aýatlarda aýdýar: lutyň kowumyna allanyň azabynyň inmeginden soň şäherleriniň ýanyndan geçip gidýän adamlar , eden etmişleri üçin ol şäheriň ýaşayjylarynyň jaýlaryň harabalyklarynyň astynda galyp ýok olandyklaryny öz gözleri bilen görýärdiler. dogrusy lutyň kowumy telek işleri edýärdiler. olaryň erkekleri zenanlar bilen durmuş gurmagyň deregine bir- birlerine meýil edýärdiler. bu arada lut kowumynyň käleri bu işleri etmeselerde bu telek işi görselerde görmeýän ýaly bolup onuň ýanyndan bi parh geçýärdiler. şonuň üçin hem olaryň hemmesi allanyň gahar- gazabyna duçar boldular .

Erkekleriň erkeklere meýil etmekleri gaty telek iş bolsada lutyň kowumy bu işi telek bilýärdi. şonuň üçin hem olar hezreti lutyň, erkekleriň zenanlar bilen baş çatyşmaklary barada berýän maslahatyny kabul etmän ol bilen tersleşýärdi. gynanç bilen günbatardy mady taýdan gaty ösen ýurtlarda şu hili ýaramaz işleri görýäris we günbatarda erkekler we zenanlar bir- birleri bilen durmuş gurmagyň deregine öz ara durmuş gurýandyrlar. ýene bir ybaratda erkekler erkekler bilen we zenanlar hem zenanlar bilen toý edýändirler, has beter gynanmaly zat olda bu telek işi kä döwletler resmi tärde kabul edip ol hakynda kanun düzendirler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwretýän sapaklary :

  1. geçen halyklaryň we milletleriň taryhy ýadygärliklerini ýakyndan synlap görmek bilen we olar hakda barlag etmek bilen köp hakykatlar bizä aýan bolýandyr dogrysy bu hili mekanlary ýakyndan synlap görmeklik bir hili ybratdyr .
  2. ynsanlara ybrat berýän we ybrat hasaplaýan zatlar az däldir ýöne gynanç bilen biz ol zatlaryň ýanyndan oýlanman geçýäris , hata şol zatlaryň içindä ybrat alara köp hakykatlaryň bardygy barada oýlanmaýarys .

///////////////