bölüm 831, süre saffat, aýat 139-148
bölüm 831, süre saffat, aýat 139-148
راهی بسوی نور (831)
Saffat süresi, 139, 140 we 141-njy aýatlar :
وَإِنَّ يُونُسَ لَمِنَ الْمُرْسَلِينَ (139) إِذْ أَبَقَ إِلَى الْفُلْكِ الْمَشْحُونِ (140) فَسَاهَمَ فَكَانَ مِنْ الْمُدْحَضِينَ (141)
<< we dogrudanda Ýunys biziň ýollan ilçilerimizden-di // haçanda (öz kowumyndan ) gaçyp içi doly gämä ýüzlenen mahaly // şonda ( gämiň içindäki adamlar ) gurra taşladylar we Yunys utdurdy diýmek ( gurra ýunysyň adyna çykdy ).>>
Geçen bir näçe gepleşikde bir näçe pygamberiň ýaşaýyşy we ykbaly barada gysgaja maglumat berdik . gurhan kerim bu aýatlarda şol gürrüňleriň dowamynda gysga suratda hezreti ýunysyň ykbalyna girişýär. taňry tagala hezreti Nuh hezreti Ybraýym we hezreti Musa , harun , Ylýas we lut ýaly pygamberleri duşmanlaryň garşysynda gurap olaryň duşmanlarynyň depesinden azap indermek bilen olary ýok etdi . ýöne hezreti ýunysyň dessanynda ýagdaý başgaçarak boldy . ýunysyň kowumy allanyň gahar- gazabynyň nyşanalaryny görenleri soň toba etdiler we Alla hem olaryň tobasyny kabul edip olaryň üstüne azap indermekden saklandy ýöne hezreti ýunys şondan gelende öz kowumyny terk edip köp belalara giriftar boldy.
Rowaýatlarda gelşine görä , hezreti ýunys beýleki pygamberler ýaly öz kowumyny butparazlykdan we telek işlerden alyp galjak bolup olaryň arasynda köp wagyz etdi, we kän zähmetler çekdi şondan gelende hezreti ýunysyň kowumyndan kän adam iman getirmediler şonuň üçin taňry tagala hezreti ýunysa wahy edip , onuň kowumynyň üstünden basymlykda azap inderjekdigini barada ony habarly etdi . hezreti ýunys hem bu meseleden habarly bolansyň ýaranlarynyň birsi bilen hemra şäherden çykyp deňize tarap ýola duşdy. ol deňiziň ýakasyna baranda içi adamdan we ýükden doly bolan bir gämini gördi. hezreti ýunys gämidäki adamlardan özüni gämä mündirmeklerini haýyş etdi. olar hem hezreti ýunysy gämä mündirip ýola düşdiler. gämi deňizde ep-esli ýola aşan soň bir neheňe gabat geldi .aç neheň gämä hüjüm etdi . gämiň içindäki adamlar neheňiň howpyndan halas bolmak üçin bir adamy öň agzyna oklamagy maslahat bildiler .olar neheňe damak boljak adamy belli etmek üçin öz ara gurra taşladylar , gurra hezreti ýunysyň adyna çykdy şeýlelik bilen gämiň içindäki adamlar hezreti ýunys neheňiň agzyna okladylar.
Gurhan kerim bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberler sabyrly we giň gursak bolmalydyrlar we kynçylyklaryň garşysynda pygamberlerden her hili sabyrsyzlygyň görülmegini alla gaty ýaman görýändir.
2- geçen halklaryň we pygamberleriň ykballaryny öwrenmeklik häzirki çylşyrymly dünýäde ynsanlar üçin gowy sapakdir.
3- hemmelere deňlik bolar ýaly gerek bolan ýerinde gurra taşlap bolýandyr. yslam hem gerek bolan ýerinde gurra taşlamagy dogry bilendir .
Saffat süresi, 142, 143 we 144-nji aýatlar :
فَالْتَقَمَهُ الْحُوتُ وَهُوَ مُلِيمٌ (142) فَلَوْلَا أَنَّهُ كَانَ مِنْ الْمُسَبِّحِينَ (143) لَلَبِثَ فِي بَطْنِهِ إِلَى يَوْمِ يُبْعَثُونَ (144)
<< ( bes deňize okladylar ) ol ( özüne ) käýen ýagdaýynda ony uly balyk ýuwutdy // egerde ol tesbih ählinden bolmasady // şübhesiz (kyýamatda) gopýança şol balygyň içinde galardy.>>
Bu aýatlardan belli bolşyna görä neheň , hezreti ýunysy ýuwutmak barada allanyň tarapyndan borçly edilipdir. Şonuň üçin hem allanyň islegi bilen gurra ýunysyň adyna çykýar . hezreti ýunysy ýuwutmaklyga neheňy borçly eden alla ,ýunysy islendik zamanyna çenli neheňiň içinde diri saklajak diýse saklap biler . hezreti ýunys , özüni neheňiň oňa hiç hili zyýan ýetirmändigini şeýlede neheňiň garnynda özüniň diri galmagyny gören soň nämäň nämedigine göz ýetirdi we öz borçlarynda dogry tapylmandygy üçin bu işleriň başyna inendigini bildi. şonuň üçin hem ol neheňiň garnynda toba edip alladan ýalkow diledi. Hezreti ýunysyň tesbih aýtýan ýagdaýynda özüni käýemegi we ýalbaryp ýowzarmak bilen allanyň dergähine ýüzlenmegi, onuň bu ýowuz ýagdaýdan halas bolmagyna sebäp boldy. şonda neheň deňiziň ýakasyna gelip agzyny açdy we ýunys bolsa sag aman neheňiň agzyndan çykyp gury ýere gadam goýdy. Egerde allanyň geçirimliligi we ýalkawjylygy bolmasady hezreti ýunys kyýamat gopýança şol neheňiň içinde galardy .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklar :
1- kä wagtlarda haýwanlar hem allanyň emri bilen uly we adatdan daşgary işleri edip bilýändirler .
2- uly kynçylyklara we ýowuz ýagdaýlara gabat gelýän mahaly “bu iş meň işim däl we bu kynçylykda men ýazykly däl” diýmek bilen ol kynçylyk üzülip gitýän däldir. köp wagtlarda hem kynçylygyň jogapkärçiliginden gaçylan ýagdaýyndan ol kynçylyk ulalýandyr.
3-toba edip alladan ýalkaw dilemeklik şeýlede tesbih aýtmaklyk we şulara meňzeş işler ynsanlary kynçylyklardan halas edip bilýändir hezreti ýunys hem allanyň zykryny we tesbihini aýdyp özüni neheňiň garnyndan halas etdi.
Saffat süresi, 145-146-147 we 148 nji aýatlar :
فَنَبَذْنَاهُ بِالْعَرَاء وَهُوَ سَقِيمٌ (145) وَأَنبَتْنَا عَلَيْهِ شَجَرَةً مِّن يَقْطِينٍ (146) وَأَرْسَلْنَاهُ إِلَى مِئَةِ أَلْفٍ أَوْ يَزِيدُونَ (147) فَآمَنُوا فَمَتَّعْنَاهُمْ إِلَى حِينٍ (148)
<< şonda ony ( Ýunys ) syrkaw halynda gury ýere okladyk// we öň üçin bir Kädini gögertdik // we ony birýüz müň ýada ondan hem eýräk adamyň üstüne iberdik // şonda ( ol adamlar ) iman getirdiler we bir näçe wagt olary( gowy ýaşaýyşdan ) paýly etdik.>>
gurhan kerim bu aýatlarda hezreti Ýunysyň balygyň garnynda geçiren günleriniň soňky salymlaryny beýan edip : allanyň emri bilen neheň deňiziň ýakasyna geldi we hezreti Ýunysy agzyndan çykardy bir näçe wagt neheňiň garnynda galan Ýunys gaty ejizläpdi we hereket etmäge güýji çatmaýardy, ol deňiziň ýakasynda sönüp ýatdy, şonda Alla onuň ýanynda bir Kädini gögertdi kädi tag atyp hezreti Ýunys öz tagynyň astynda basyrdy, öň üstüne saýa berip ony güniň şülesinden gorady. şeýlelikde allanyň islegi bilen hezreti Ýunys sag- aman galdy. ol kem-kemden saglygyny gaýdyp aldy öz kowumynyň ýanyna dolandy hezreti Ýunys haçanda öz kowumynyň ýanyna dolananda , olaryň butparazlykdan el çekip mömin bolandyklaryny şeýlede allanyň azabynyň olaryň başyna inmändigini görüp haýranlar galdy . dogrusy Alla , hezreti Ýunysyň kowumyna toba etmek üçin möhlet berdi olar hem toba edip möminlerden bolmak bilen allanyň azabyndan gutuldylar we ömürleriniň soňuna çenli öz ýaşaýyşlaryndan hezil aldylar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1-Ýunysyň kowumy toba edip iman getirmekleri üçin allanyň ýalkawyna gabat geldiler. hezreti Ýunys hem allanyň dergähine doga edip zykyr aýdandygy üçin Taňry tagalanyň merhemetine gabat geldi .
2- “telek adamlar hergiz toba etmezler” diýip bet guman bolmaly däldir. bir wakanyň täsirinde özleriniň eden etmişlerinden dolanyp toba edýän adamlar hem az däldir.
3- ozalky eden etmişleriňden toba edip dogry ýola dolanmaklyk, ynsanyň iki dünýä bagtly bolmagyna sebäp bolýandyr Ýunysyň kowumy hem toba etdi şonuň üçin Alla tagala öz gaharyny olaryň üstünden sowup olary gowy ýaşaýyşdan paýly etdi.
///////////////