bölüm 832, süre saffat, aýat 149-160
bölüm 832, süre saffat, aýat 149-160
راهی بسوی نور (832)
Saffat süresi, 149, 150, 151 we 152-nji aýatlar :
فَاسْتَفْتِهِمْ أَلِرَبِّكَ الْبَنَاتُ وَلَهُمُ الْبَنُونَ (149) أَمْ خَلَقْنَا الْمَلَائِكَةَ إِنَاثاً وَهُمْ شَاهِدُونَ (150) أَلَا إِنَّهُم مِّنْ إِفْكِهِمْ لَيَقُولُونَ (151) وَلَدَ اللَّهُ وَإِنَّهُمْ لَكَاذِبُونَ (152)
<< ( eý pygamber! ) olardan (diýmek müşriklerden ) sora : gyzlar perwerdigär üçin we oglanlar olar üçinmi? Diýip. // ýada biz , perişdeleri urkaçy ýaratdykmy? ( we şonda ) olar synlap durdylarmy?// Bilip goýuň, olaryň ( bu aýdan zatlary ) töhmet ýüzündendir // Allanyň perzendi bo,sun (bu zat töhmetdir) we elbetde olar kezzap we ýalançydyrlar.>>
Saffat sürüsiniň şu ýerine çenli bir näçe ylahy pygamberler hakynda we olaryň kowumlary barada gürrüň boldy . gurhan krim Saffat sürüsiniň bu aýatlarynda , Mekge müşrikleriniň nädogry ynam- ygtykatlaryna yşarat edip : olar allany perzendi bolýan ynsanlar bilen deňeşdirýändirler we perişdeleri hem allanyň gyzlary bilýändirler” diýip aýdýar .gurhan kerim bu aýatlarda müşrikleriň bu pikirlerini ret edip : gyzly bolmagy özüňize ar bilýän we başarsaňyz olary diri ýere gömýän siz müşrikler indi allanyň perzendi bar diýip aýtmaly bolaňyzda “allanyň gyzy bar” diýip oglanlary özüňize mahsus bilýärsiňiz diýip aýdýar.
Elbetde allanyň ýanynda gyz bilen oglanyň arasynda hiç hili parh ýokdur we olaryň ikiside allanyň ýarada bendeleridirler we olaryň birisiniň gyzy bolanlygy üçin erkeklerden ýada erkek bolanlygy üçin gyzlardan artykmaç tarapy ýokdur. şondan gelende gurhan kerim bu ýerde müşriklere düşündirmek üçin olaryň öz mantyklary bilen gürleşendir. gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda müşriklere ýüzlenip : siz öz aýdýan zatlaryňyza deliliňiz hem barmy? ýada “perişdeler gyz” diýip aýdýarsyňyz, olaryň ýaradylyp duran mahallary şol ýerde taýýardyňyzmy ? we perişdeler gyz edilip ýaradylmaklaryny öz gözüňiz bilen gördüňizmi ? görmän bolsaňyz näme üçin guman bilen gepleýärsiňiz we bu hili zatlary alla ýapýarsyňyz , Allanyň perzendi barmy ? onuň gyzlygy ýada oglanlygy barada gürrüň eder ýaly diýip aýdýar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberler , kapyrlaryň we müşrikleriň barýan ýollarynyň ýalňyşdygyny olara bildirmek üçin sorag bilen olara ýüzlenýärdiler. şeýdipde olary dogry ýol barada oýlanmaklyga çagyrýardylar .
2- halyk arasynda şeýlede kä dinlere eýerýän suratkeşleriň arasynda , perişdeleriň gyz şeklinde görkezilmeklerine garamazdan gurhan kerimiň garaýşyndan perişdeleriň zenan şeklinde görkezilmekleri dogry däldir.
Saffat süresi, 153, 154, 155, 156 we 157-nji aýatlar :
أَصْطَفَى الْبَنَاتِ عَلَى الْبَنِينَ (153) مَا لَكُمْ كَيْفَ تَحْكُمُونَ (154) أَفَلَا تَذَكَّرُونَ (155) أَمْ لَكُمْ سُلْطَانٌ مُّبِينٌ (156) فَأْتُوا بِكِتَابِكُمْ إِن كُنتُمْ صَادِقِينَ (157)
<< Alla , gyzlary erkeklerden ýagşyrak görýärmi ?// size näme bolýar ? nähili höküm çykarýarsyňyz ?// bes oýlanmaýarsyňyzmy ?// ýada siziň ( bu toslamaňyza) berk deliliňiz barmy ?// onda dogry aýdýan bolsaňyz kitabyňyzy getiriň .>>
Gurhan kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda hem aýdýar : “perişdeler gyz we allanyň perzentleri” diýip aýdýarsyňyz , siz nähili bu karara ýetdiňiz ? alla gyzlary gowy görüp olary öz perzendi hökmünde kabul edipdir diýen gumandamyňyz ? gowy oýlanyp bu boş pikirlerden arany açmaly wagtyňyz bolmadymy ? köp oýlanmasaňyz hem bir az oýlanyp görseňiz bu pikriň ýalňyşlygyna göz ýetirjeksiňiz.
Gurhan kerim aklyň üsti bilen müşrikleriň bu pikirleriniň nä dogrydygyny subut etmekden soň bu aýatlaryň soňunda nakly delil bilen hem müşrikleriň bu pikirleriniň ýalňyşdygyny aýdyp berýär we müşriklere ýüzlenip : siz haýsy asmanlyk kitapda , perişdeleriň allanyň perzendidikleri barada matlap gördiňiz diýip sorag berýär.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- gyzly bolmagy telek görüp erkek perzentli bolmagy gowy görmegiň ýanynda gyzlary allanyň perzendi bilýän adamlar , batyl gumandadyrlar .
2- akyldan we kitapdan delil getirmezden Alla barada her bir pikiri edip bolmaz. alla barada edilýän gumanlaryň bir topary dogry däldir .
Saffat süresi, 158, 159 we 160-njy aýatlar :
وَجَعَلُوا بَيْنَهُ وَبَيْنَ الْجِنَّةِ نَسَباً وَلَقَدْ عَلِمَتِ الْجِنَّةُ إِنَّهُمْ لَمُحْضَرُونَ (158) سُبْحَانَ اللَّهِ عَمَّا يَصِفُونَ (159) إِلَّا عِبَادَ اللَّهِ الْمُخْلَصِينَ (160)
<< ( müşrikler ) Alla bilen Jynlaryň baglanşygyndan gürrüň edýärler . Jynlaryň , kyýamatda özleriniň soraga çekiljekdiklerini bilýän hallarynda // Alla ( olaryň ) aýdýan zatlaryndan päkdir // allanyň päk bendelerinden aýry adamlar, ( ony dogry tanamazlar).>>
Gurhan kerim geçen aýatlarda müşrikleriň alla baradaky nä dogry ynam - ygtykatlaryny açyklamagyň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : olar “Jyn bilen allanyň arasynda hem baglanşyk bar” diýip aýdýarlar hata olaryň käleri Jyny allanyň başdaşy guman edýärdiler ýada Jynlary allanyň şärigi bilýärdiler we Jynlara çokunýardylar.
Emma gurhan kerim müşrikleriň bu ýalňyş ynam- ygtykatlaryny ret etmek bilen : özleriniň eden etmişleri barada kyýamatda soraga çekiljek jynlar nähili allanyň şärigi bolýanmyşlar ? diýip aýdýar.
Gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda , müşrikleriň Alla baradaky ýalňyş ynam- ygtykatlaryny ret etmek bilen aýdýar : alla , müşrikleriň aýdýan bu zatlaryndan päkdir we bu zatlar alla ýaraşmaz we allanyň päk bendeleri , pygamberler we öwliýalardan aýry hiç kim ony dogry tanyp bilmezler .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- akyldan we mantykdan daş düşen adamlaryň din we Alla barada her zady dile getirmekleri, hamana “Allanyň jynlardan bolan başdaşy bar” diýmekleri mümkindir.
2- Jyn diýleni bar zatdyr, we Jyn hem ynsan ýaly kyýamatda özüniň eden- etmişleri barada soraga çekiljekdir.
3- allanyň päk we yhlasly bendelerinden aýry adamlar allanyň hakykatlaryna dogry göz ýetirip bilýän däldirler .
//////////////