Apr 03, 2019 17:28 Asia/Ashgabat

bölüm 833, süre saffat, aýat 161-173

راهی بسوی نور (833)

Saffat süresi, 161,162 we 163-nji aýatlar :

فَإِنَّكُمْ وَمَا تَعْبُدُونَ (161) مَا أَنتُمْ عَلَيْهِ بِفَاتِنِينَ (162) إِلَّا مَنْ هُوَ صَالِ الْجَحِيمِ (163)

<< bes , siz we siziň çokunýan närseleriňiz // halky onuň tersine (diýmek allanyň tersine ) gümra edip bilmersiňiz // meger ( bile- bile özüni ) Dowzaha oklan kimse bolmasa. >>

Geçen gepleşikde müşrikleriň , perişdeler we jynlar barada gulluk edýän ýalňyş ynam- ygtykatlary hakynda gürrüň etdik. gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda butparazlara ýüzlenip aýdýar : siz butparazlar özüňiziň ýalňyş ynam - ygtykatlaryňyz bilen başgalary gümra edip bilmersiňiz, sebäbi ýüregi arassa akylly başly adamlar siziň gepiňize gitmezler elbetde Dowzah ähliniň ýolundan gitjek adamlar, özleriniň erk- ygtyýarlary bilen şol ýoldan gidip müşrikleriň hatarna birigip bilerler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- taňry tagala ynsanlary azat ýaradypdyr şonuň üçin ynsanlar her ýoldan hatda gümralyk ýoldan gitjek diýseler gidip bilýändirler .

2- ynsan her ýoly saýlajak diýse saýlap biler ýöne saýlanan ýolyň netijesi ynsanyň elinde däldir. ýene bir ybaratda telek ýoly saýlap ondan ýagşy netijä garaşyp bolmaz . ýagşy ýoluň netijesi ýagşydyr telek ýoluň netijesi bolsa telekdir.

Saffat süresi, 164, 165 we 166-njy aýatlar :

وَمَا مِنَّا إِلَّا لَهُ مَقَامٌ مَّعْلُومٌ (164) وَإِنَّا لَنَحْنُ الصَّافُّونَ (165) وَإِنَّا لَنَحْنُ الْمُسَبِّحُونَ (166)

<< biz ( perişdeleriň ) hiç birimiziň orny bolmaz meger ony alla belli edip goýandyr // we bizlerdirs hatara düzülenler ( allanyň emrini ýerine ýetirmek üçin ) // we bizlerdiris onuň tesbihini aýdýanlar.>>

Perişdeler barada ýalňyş pikre gulluk edýän müşrikler , gyzlary ejiz kimseler bilip olary allanyň perzendi guman edýärdiler .gurhan kerim bu aýatlarda perişdeleriň dilinden müşrikleriň bu pikrini ret etmek bilen: Siziň bu ýalňyş gumanyňyzyň tersine biz perişdeler ne gyzdyrys we nede oglan eýsem biz bir güýçli kimselerdiris we alla biziň her birimize belli- belli borçlary belländir we biz şol borçlary ýerine ýetirmekde taýyndyrys we biz allany siziň aýdýan zatlarňyzdan daşda bilýäris we siziň aýdýan zatlaryňyz Alla ýaraşmaz” diýip aýdýar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwretýän sapaklary :

1- Taňry tagala älem- jahany mady we magnawy sebäpkärleriň üsti bilen dolandyrýandyr we älem - jahany dolandyrmakda perişdeleriň üstüne möhüm jogapkärçilik düşýändir .

2- perişdeler allanyň perzendi däldirler eýsem olar allanyň ýaran zatlarydyrlar. perişdeler allanyň emrini ýerine ýetirmek üçin elmydam taýyndyrlar.

3- perişdeleriň her gaýsynyň özüne gürä orun- mertebesi şeýlede wezipesi bardyr.

Saffat süresi, 167,168,169 we 170-nji aýatlar :

وَإِنْ كَانُوا لَيَقُولُونَ (167) لَوْ أَنَّ عِندَنَا ذِكْراً مِّنْ الْأَوَّلِينَ (168) لَكُنَّا عِبَادَ اللَّهِ الْمُخْلَصِينَ (169) فَكَفَرُوا بِهِ فَسَوْفَ يَعْلَمُونَ (170)

<<>>

 rowaýatlarda gelşine gürä , gurhandan we yslam pygamberinden ozal , Mekgäň müşrikleri, Arap ýarym adasynda ýaşaýan jöhitlere we hristiýanlara : egerde bizde alla tarapyndan pygamber we kitap iberilse biz oňa iman getirip allanyň bendeligini ederis diýip aýdýardylar . Gurhan kerim bu aýatlarda MekGäň müşrikleriniň bu sözlerine yşarat edip : taňry tagala , müşrikleri hedaýat etmek üçin Mekge ülkesinde pygamber belläp gurhan kitabyny iberdi ýöne olar iman getirmegiň deregine yslam pygamberini we gurhany ret etdiler we haky kabul etmekden boýun gaçyrdylar onda olar basymlykda özleriniň eden- etmişleriniň netijesini görerler diýip aýdýar :

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- taňry tagala ynsanlara hak bilen gümralygy tanatmak üçin pygamberleri we kitaplary iberdi. pygamberler we kitaplary ibermek bilen hem müşrikleriň we kapyrlaryň elinden bahanany aldy .

2- özlerini hakly görkezjek bolýanlar ýada özlerini diniň howandary tanatjak bolýanlar kändir, ýöne olar amalda hak bilen din bilen ugurdaş gidýän däldirler eýsem olar bilen tersleşýändirler .

Saffat süresi, 171, 172 we 173-nji aýatlar :

وَلَقَدْ سَبَقَتْ كَلِمَتُنَا لِعِبَادِنَا الْمُرْسَلِينَ (171) إِنَّهُمْ لَهُمُ الْمَنصُورُونَ (172) وَإِنَّ جُندَنَا لَهُمُ الْغَالِبُونَ (173)

<< şübhesiz biziň wadalarymyz , biziň bendelerimiz bolan ilçilerimize öňünden aýandyr // olar bi guman ( biz tarapdan ) goldanan adamlardyrlar // we dogrydan biziň goşunymyz üstündir.>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda müşrikleriň bildirýän şirklerine yşarat etmekden soň bu aýatlarda : iman ähliniň ( möminleriň ) ynam- ygtykatlary mäkäm bolmalydyr we öz imanlaryna amal etmekde hem gowşak bolmaly däldirler, sebäbi taňry tagala , öz imanlarynda mäkäm bolan möminleri goldamak barada söz berendir we ahyrda hem üstünlik olar bilen boljakdyr” diýip beýan edýär.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- hakyň gümralyga we imanyň kapyrlyga üstün çykmagy allanyň älem- jahanda ber karar edip goýan ylahy kadasydyr .

2-pygamberleriň we ylahy dinleriň ahyrda üstünlik gazanmaklary hökmany zatdyr . ýene bir ybaratda adamzadyň soňky ykbaly hak diniň üstünligi bilen görnüşe çykjakdyr.

3-möminler san taýdan az bolsalarda olar Alla tarapyndan goldaýandyrlar ýöne kapyrlar san taýdan köp bolsalarda bu hemaýatdan mahrumdyrlar .

 

/////////////