Apr 03, 2019 17:36 Asia/Ashgabat

bölüm 834, süre saffat, aýat 174-182

راهی بسوی نور (834)

Saffat süresi, 174, 175, 176 we 177-nji aýatlar :

فَتَوَلَّ عَنْهُمْ حَتَّى حِينٍ (174) وَأَبْصِرْهُمْ فَسَوْفَ يُبْصِرُونَ (175) أَفَبِعَذَابِنَا يَسْتَعْجِلُونَ (176) فَإِذَا نَزَلَ بِسَاحَتِهِمْ فَسَاء صَبَاحُ الْمُنذَرِينَ (177)

<< onda bir näçe wagt olardan ( kapyrlardan ) ýüz öwür // soň olary synlap gör, basymlykda ( eden etmişleriniň jezasyny ) görerler // onda , olar biziň berjek azabymyza howlukýarlarmy?// bes , haçanda( biziň azabymyz ) olaryň işigine inse , duýduryş berlenleriň ne erbet ertir çaglary bolar. >>

geçen gepleşikde hakyň gümralyga we pygamberleriň ýaranlarynyň kapyrlar we müşriklere üstünlik gazanjakdyklaryny aýtdyk . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip : bir näçe wagt kapyrlardan we müşriklerden ýüzüň öwür we olar bilen işiň bolmasyn belkide özleri oýlanyp saňa tarap dolansynlar ýada alla olaryň işine ýetişiklik edip olaryň depesinden azap indersin diýip aýdýar .

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda ýene aýdýar : olar basymlykda özleriniň eden etmişleriniň netijesini görerler we möminler hem olaryň ýeňilip har bolmaklaryna şaýat bolarlar, elbetde kapyrlar siziň berýän duýduryşlaryňyzy kabul etmän : bu wada berýän azabyňyzyň wagty haçan diýip azabyň inmegine howlukýan ýaly bolup geplesinler , emma haçanda azap inende olar hakykatyň nämedigini düşünerler ýöne ol düşünmeklik olara peýda bermez .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- duýduryş bermek üçin ýada bir zady bildirmek üçin garşydaşlardan ýüz öwürmeklik pygamberleriň şiwesidir . jedelkeş we gaýnam ters adamlary dogry ýola getirmek üçin bir näçe wagt olary öz eriklerine goýmagyň mümkinde gowy netijeleri we täsirleri bolsun we olar öz eden etmişlerinden gaýdyp dogry ýola gelsinler .

2- jedelkeş garşydaşlara haka dolanmak pursaty berilmelidir şonuň üçin olardan ýüz öwürmeklik uzak mütdetli ýada hemişelik bolmaly däldir.

3- din bilen duşmançylyk edýänler şu dünýäde şowsyzlygyň ajy miwesini dadyp başgalara ybrat boljakdyr . möminler hem olaryň ajy ykballaryny synlap görjekdirler.

Saffat süresi, 178, 179, 180, 181 we 182-nji aýatlar :

وَتَوَلَّ عَنْهُمْ حَتَّى حِينٍ (178) وَأَبْصِرْ فَسَوْفَ يُبْصِرُونَ (179) سُبْحَانَ رَبِّكَ رَبِّ الْعِزَّةِ عَمَّا يَصِفُونَ (180) وَسَلَامٌ عَلَى الْمُرْسَلِينَ (181) وَالْحَمْدُ لِلَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ (182)

<< bir näçe wagt olardan ýüz öwür // we synlap gör olar basymlykda ( öz eden etmişleriniň jezasyny ) görerler // repbiň , kuwwatly perwerdigäriň ( kapyrlaryň we müşrikleriň ) ol barada aýdýan zatlaryndan päkdir // we salam bolsun iberlen resullara // we hämdi senalar , älem- jahanyň perwerdigäri bolan Alla mahsusdyr.>>

Gurhan kerim bu aýatlarda , öňki aýatlarda aýdýan zatlaryny yslam pygamberine we möminlere ýene bir gaýtar nygtap aýdýar : hak bilen tersleşip hak kelamyny eşitmeýän kapyrlary we müşrikleri bir näçe wagt öz erklerine goýber we olar bilen işiň bolmasyn we allanyň olaryň eden etmişlerine nähili ýetişiklik etjekdigini synlap gör. Gurhan kerim , saffat sürüsiniň soňky aýatlarynda hem aýdýar : kuwwatlylyk we hezzetli bolmak , alla üçindir we ahyrda hem iman ähli hezzetli bolup müşrikler we kapyrlar zelilligiň we har bolmagyň ajy tagamyny datjakdyrlar . iman ähli alla töwekgil edip diňe oňa daýansynlar we allanyň olary kapyrlara üstem etjekdigine imanlary bolsun, ol allaky onda hiç hili ejizlik we nuwsanlyk bolmaz we her bir zady islese edip biler .

Taryhyň şaýatlygyna gürä taňry tagala elmydam özüniň iberen ilçilerini we pygamberlerini goldandyr we olara hemişe saglyk we amanlyk bagyş edendir şonuň üçin möminler , şu hili hemme işleriň çäresini görýän hezzetli we gudratly allanyň hämdi senasyny aýtmalydyrlar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwretýän sapaklary :

1- diniň duşmanlaryna jeza bermekde allanyň beren wadasyna şek şübhe etmeli däldir allanyň bu wadasy hökmanydyr.

2- hemişelik hezzet alla mahsusdyr. şonçada allanyň bendeliginde dogry tapylyp bilýän möminler bu hezzetden paý alýandyrlar .

3- diňe älem- jahanyň perwerdigäri bolan taňry tagalaga hämdi senalar aýtmalydyr. sebäbi ol bütin gözellikleriň we kemallaryň göz başy we älem- jahanyň eýesidir we älem jahanyň işlerine çäre gurujydyr.

 

////////////