bölüm 835, süre sat, aýat 1-4
bölüm 835, süre sat, aýat 1-4
راهی بسوی نور(835)
Sat süresi
Saffat süresiniň soňlamagy bilen bu gepleşikde gurhan kerimiň süreleriniň ýene birisiniň ýagny Sat süresiniň gürrüňlerine girişýäris . sat süresi , gurhan kerimiň 36-njy süresi bolup onuň 88 aýaty bardyr.
SaT süresi , 1 we 2-nji aýatlary :
ص وَالْقُرْآنِ ذِي الذِّكْرِ (1) بَلِ الَّذِينَ كَفَرُوا فِي عِزَّةٍ وَشِقَاقٍ (2)
<
Gurhan kerimiň bu süresi hem beýleki 28 süre ýaly kesik- kesik harplar bilen başlanandyr . bu syrly hayplaryň gürrüňini mundan ozal Bakara süresinde aýdyp berdik. şol sürede aýdyp berşimiz ýaly bu harplardan soň umuman gurhan kerimiň azamatyndan gürrüň bolandyr. mundan belli bolşuna görä Taňry tagala bu süreleriň öňünde kesik kesik harplary getirmek bilen , yslam pygamberiniň hemişelik mugjyzasy bolan gurhan kitabynyň hemmeleriň ulanýan şol ýöneki harplaryndan düzülendigini şondan gelende şu mahala çenli hiç kim şol ýöneki harplary bir- biriniň ýanynda goýup gurhan ýaly kitaby düzüp bilmändigini aýtjak bolýandyr. gurhan kerimiň bu süresinde hem Sat harpyndan soň , bu kitabyň içi doly zikirdendir dilip getirilýär. aýtmak gerek , ynsan özüniň päk gaýnamyna dolanan ýagdaýynda şol päk gaýnamyň üsti bilen köp hakykatlary seljerip biljekdir. ýöne ynsan haçanda özüniň şol gaýnamyndan arany açyp haý höwesleriniň yzyna düşen ýagdaýynda hakykatlary hem dogry seljerip biljek däldir. şonuň üçin gurhanyň aýatlaryny okamaklyk ynsanlara hakykatlary ýatlap durjakdyr.
Hatda hakykatlary ýatlap durmaklyk möminlere hem gereklidir sebäbi möminleriň hem gaflat etmekleri mümkindir. bir mömin adam din taglymatyny alyp kyýamatyň ber-haklygyny ykrar eden bolsada onuň hem kyýamatda gapyl galmagy mümkindir. şonuň üçin gurhan kerim köp aýatlarda kyýamatdan gürrüň gozgap kyýamatyň ber-haklygyny oňa duýduryp durýandyr .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- taňry tagalanyň gurhanyň adyndan ant içmegi, bu kitabyň azamatyny we ony getiren pygamberiň ber-haklygyny görkezýändir .
2- gurhan kerim ynsanlaryň ýatan wyjdanlaryny oýarýandyr şeýlede olaryň unudan hakykatlaryny olara duýduryp durýandyr .
3- gurhan kerim hakykatlary ýatlap ynsanlary dogry ýola hedaýat etmek üçin gelendir. şondan gelende ynsanlaryň bir topary tekepbirlik edip haka boýun egmekden saklanýandyrlar.
Sat süresi, 3 we 4-nji aýatlar:
كَمْ أَهْلَكْنَا مِن قَبْلِهِم مِّن قَرْنٍ فَنَادَوْا وَلَاتَ حِينَ مَنَاصٍ (3) وَعَجِبُوا أَن جَاءهُم مُّنذِرٌ مِّنْهُمْ وَقَالَ الْكَافِرُونَ هَذَا سَاحِرٌ كَذَّابٌ (4)
<< olardan ozal köp kowumlary heläk etdik. şonda olar gygyryp ( kömek soradylar ) ýöne olara çäre tapylmady. // we olaryň özlerinden bir duýduryş berijiň gelmegini görüp haýranlar galdylar we kapyrlar : “bu kezzap! Jadygöýdir” diýip aýtdylar.>>
Gurhan kerimiň ilki başda ýüzlenen topary Megkäniň müşrikleri we kapyrlary bolandyr. gurhan kerim bu aýatlarda olara duýduryş berip: “siz Megkäniň müşrikleri we kapyrlary! ozalky kowumlaryň ykbalyndan ybrat almasaňyz siz hem şolar ýaly allanyň gahar- gazabyna duçar bolup ýok olarsyňyz we sizi halas edip biljek närse hem bolmaz” diýip aýdýar .
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda : haçanda yslam pygamberi gurhanyň aýatlaryny müşriklere okap berende we geçen kowumlaryň şum ykballary bilen olara duýduryş berende olar ondan ybrat almagyň deregine yslam pygamberini jadygöýlikde aýyplap oňa kezzap ýalançy didiler .
Rowaýatlarda gelşine görä Goraýşyň başlyklary yslam pygamberiniň agasy Äbutalebyň ýanyna gelip : “seň doganyň ogly biziň hudaýlarymyza dil degirip biziň oglanlarymyzy ýoldan çykarýar, egerde ol şuhratyň ýada mal- mülkiň yzynda bolsa biz oňa mal-mülk bermäge taýýar ýöne şol aýdýan zatlaryndan el çeksin” diýip aýtdylar.
Haçanda Äbutalyp Megke müşrikleriniň bu sargydyny yslam pygamberine ýetirende ol hezret : “egerde olar, güni meň sag elimde we aýy hem sol elimde goýsalar şondada men olaryň aýdanlaryny edip haky aýtmakdan saklanmaryn” diýip jogap berdi . yslam pygamberinden bu hili gaýduwsyzlygy gören Äbutalyp oňa berekellalar aýdyp : “sen bu ýoluňda gaýym dur men hem saňa arka bolaryn” diýip aýdýar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- hak bilen jedel edip öz şyrkleriniň we kapyrlyk düşünjeleriniň üstünde aýak direýän ynsanlar ahyrda heläkçilige uçraýandyrlar .
2- allanyň gahar gazabynyň we gudratynyň öňünde hiç kim durup bilmez diňe toba bilen allanyň gahar gazabyndan gutulyp bolar. ýöne allanyň gahar gazaby inen soň oňa çäre tapyp biljek güýç bolmaz.
3- ynsanlara ulňy bolar ýaly pygamberler ynsanlaryň hilinden bolmalydyr. şonuň üçin taňry tagala pygamberleri perişdelerden dälde eýsem ynsanlaryň öz jynsyndan saýlap iberendir.
4- kapyrlar we müşrikler , möminleri kiçeltjek bolup olara bi hormatçylyk edýändirler. olar hatda pygamberleride kezzaplykda we jadygöýlikde aýyplandyrlar şonuň üçin hem möminler kapyrlaryň bi hormatçylygyna özlerini taýýarlamalydyrlar.
//////////////