bölüm 837, süre sat, aýat 12-19
bölüm 837, süre sat, aýat 12-19
راهی بسوی نور(837)
Sat süresi, 12, 13 we 14-nji aýatlar:
كَذَّبَتْ قَبْلَهُمْ قَوْمُ نُوحٍ وَعَادٌ وَفِرْعَوْنُ ذُو الْأَوْتَادِ (12) وَثَمُودُ وَقَوْمُ لُوطٍ وَأَصْحَابُ الأَيْكَةِ أُوْلَئِكَ الْأَحْزَابُ (13) إِن كُلٌّ إِلَّا كَذَّبَ الرُّسُلَ فَحَقَّ عِقَابِ (14)
<
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- ynsanlaryň, taryhdan we geçmişden ybrat alar ýaly taryh okap geçen kowumlaryň ykballary bilen tanyş bolmaklaryny, Gurhan kerim nygtaýandyr .
2- ynsanlaryň hemmesi hatda Fyrawn ýaly güýçli hökmürowanlar alla tagalanyň gahar- gazabynyň garşysynda ejizdirler we ellerinden hiç zat gelýän däldir .
3- hak bilen jedel etmekligiň soňy harlyk we heläkçilikdir .
Sat süresi, 15 we 16-njy aýatlar :
وَمَا يَنظُرُ هَؤُلَاء إِلَّا صَيْحَةً وَاحِدَةً مَّا لَهَا مِن فَوَاقٍ (15) وَقَالُوا رَبَّنَا عَجِّل لَّنَا قِطَّنَا قَبْلَ يَوْمِ الْحِسَابِ (16)
<< bu kapyrlar, bir güýçli aýylganç sesden aýry zada garaşýan däldirler, haçanda ol ses ( asmandan eşidilse kapyrlara ) dolanmak ( möhleti ) berilmez // we olar ( masgara edip ) “bar hudaýa hasap gününden ozal her ne basym biziň ( azapdan bolan paýmyzy) bize ber” diýip aýtdylar.>>
Gurhan kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : kapyrlar we müşrikler hak bilen şeýle bir tersleşýärler weli diýersiň olar azabyň asmandan güýçli we aýylganç ses şeklinde inmegine garaşýandyrlar. sebäbi olar , özlerinden ozal geçen kowumlaryň şum ykballaryny bilýärler we hak bilen tersleşmegiň soňunyň heläkçilikdigini bilýärler şondan gelende olar hak bilen tersleşýärler, olaryň yslam pygamberi bilen tersleşmekleri edil ozalky kowumlaryň öz pygamberleri bilen tersleşmekleri ýalydyr. bes olara ýetişjek azap hem ozalky kowumlara ýetişen azap ýaly bolar. haçanda ol azap asmandan inse oňa dolanmak bolmaz we hemme zady heläk eder .
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : allanyň dünýäde günäkärlere azap bermegini şeýlede kyýamatda mizan-tereziň gurulmagyny inkär edýän kapyrlar we müşrikler bu zatlary masgaralap “şol aýdýan allaňyza aýdyň bizi her ne basym eden etmişlerimiz üçin jezalandyrsyn, näme üçin biz ölüp soň direlip kyýamatda eden etmişlerimiziň netijesini görmeli mişmiz , gowysy alla bizi şu dünýäde jezalandyrsyn” diýip aýdýarlar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- hak bilen tersleşip allanyň gahar- gazabyna giriftar bolan ozalky kowumlaryň şum ykballaryny bilýän adamyň ýenede hak bilen we allanyň resuly bilen tersleşmeli geň zatdyr. Diýersiň weli ol öziniň bu hili tersleşmegi bilen öz aýagy bilen allanyň gahar-gazabyna tarap ylgaýandyr.
2- kapyrlaryň menliklenip hak bilen tersleşmekleri , olaryň hiç bir delilsiz, iman ähliniň aýdýan zatlaryny inkär etmeklerine sebäp bolýandyr.
3- allanyň gahar-gazabyndan ozal toba edip allanyň gaharyndan gutulyp bolar. ýöne allanyň gazabyndan soň tobanyň peýdasy bolmaz .
Sat süresi, 17, 18 we 19-njy aýatlar :
اصْبِرْ عَلَى مَا يَقُولُونَ وَاذْكُرْ عَبْدَنَا دَاوُودَ ذَا الْأَيْدِ إِنَّهُ أَوَّابٌ (17) إِنَّا سَخَّرْنَا الْجِبَالَ مَعَهُ يُسَبِّحْنَ بِالْعَشِيِّ وَالْإِشْرَاقِ (18) وَالطَّيْرَ مَحْشُورَةً كُلٌّ لَّهُ أَوَّابٌ (19)
<< ( eý pygamber! ) olardan eşidýän zatlaryňa sabyrly bol, we biziň bendämiz Dawutdan ýat et. ol güýçlidi we toba ählindendi // biz daglary (onuň üçin) erk etdik ta şam we säherler onuň bilen tesbi aýtsynlar // we guşlary (onuň ýanyna) üşürdik (ta onuň bilen tesbi aýtsynlar) we olaryň hemmesi onuň töwereginden aýlanýardylar.>>
Gurhan kerim geçen aýatlarda kapyrlaryň we müşrikleriň iman ählini masgara etmeklerini aýdyp bermekden soň bu aýatlarda aýdýar: hatda güýçli hezreti Aawut hem olaryň awyly dillerinden aman däldi , olar oňa gep kakdyrýardylar, bes eý allanyň resuly we eý möminler! kapyrlaryň we müşrikleriň masgaralap aýdýan zatlaryna sabyrly boluň we üstünligiň ahyrda siz bilen boljakdygyny bilip goýyň .
Hezreti Dawut elmydama allanyň zikrini ederdi, tesbi aýdardy we allanyň dergäsine ýüzlenip doga-dileg ederdi. ol gaty güýçli hökmürowan bolsada we taňry tagala daglary we guşlary onuň erkinde goýan bolsada, hiç mahal allanyň zikrinden gapyl galmazdy we hemişe allanyň zikrini ederdi. Gurhan kerimiň aýatlary esasynda älem-jahandaky barça zatlar allanyň zikrina meşgul bolup allanyň tesbini aýtýandyrlar. elbetde olaryň edýän zikrini biz ynsanlar duýup bilýän däldiris . gurhan kerimiň Sat sürüsiniň ýokardaky aýatlary esasynda hem beýleki närseler şol sanda daglar we guşlar allanyň zikrini aýtmakda hezreti dawut (a.s) bilen hemralyk edýändirler we hezreti dawut olaryň hem edýän zikrini duýýan ekeni.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- diniň we allanyň duşmanlarynyň hakykat bilen tersleşmekleri hemişe bolandyr .
2-möminler duşmanlaryň ýetirýän dilleriniň garşysynda ruhdan düşmän berk durmalydyrlar we gaýduwsyzlyk bilen özleriniň ynam-ygtykatlaryndan arka çykmalydyrlar .
3-hökmürowanlygyň häkime bagyş edýän güýç-kuwwaty -häkim elmydama allany ýatlap durmasa- ony ýoldan çykarmagy mümkindir
4- hak bilen jedel edip allanyň garşysynda boýun egmeýän kapyrlar bilmelidirler weli, älem-jahandaky barça närseler allanyň zikrine meşguldyrlar we allanyň dergäsine ýüzlenip tesbi aýdýandyrlar .
5- ynsan allanyň bendeliginde tapylyp alla tagala hakyky bende bolsa bu ýolda älem- jahan hem onuň bilen sazdaş hereket etjekdir.
///////////////