bölüm 840, süre sat, aýat 29-33
bölüm 840, süre sat, aýat 29-33
راهی بسوی نور(840)
Sat süresi, 29-njy aýat:
كِتَابٌ أَنزَلْنَاهُ إِلَيْكَ مُبَارَكٌ لِّيَدَّبَّرُوا آيَاتِهِ وَلِيَتَذَكَّرَ أُوْلُوا الْأَلْبَابِ (29)
<< bu kitap mübärek kitapdyr , ony seniň üstüňeiberdik tä parasatly ynsanlar onuň aýatlary barada oýlanyp ondan sapak alsynlar diýip .”
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly taňry tagala ýaradylyş düzgünni hemde jeza we serpaý düzgünini adyl esasynda dikeldendir. şonuň üçin hem alla tagala ýagşy bilen telek ynsanlara bir hili baha berýän däldir. eýsem olaryň allanyň ýanyndaky bahalary parh edýändir. gurhan kerim bu aýatyň dowamynda: “gurhan kitaby, ýaradylşyň maksat, myradyny beýan edýän we ynsanlaryň ukyplarynyň gülläp ösmekligine şert döredýän kitapdyr, elbetde her kim bu kitabyň aýatlary hakda gowy oýlanyp aklyndan peýdalanyp gurhanyň aýatlaryny düşünjek bolsa bu kitabyň aýatlarynyň içiniň hikmetden dolydygyna göz ýetirjekdir” diýip aýdýar.O näme, aklyndan peýdalanman ýaşaýan ynsanlar görme göze diri bolsalarda olar aslynda ölen ynsanlardyrlar. şonuň üçin hem olar gurhanyň aýatlaryndaky hakykatlary görüp bilýän däldirler.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
- gurhanyň inmeginiň maksady ynsanlaryň ylahy aýatlarda ylahy hakykatlar barada oýlanmaklaryna şert döretmeklikdir. Elbetde gurhanyň aýatlaryny talawat etmegiň hem özüňe görä sogaby bardyr we ynsanyň ýaşaýşyna bereket bagyş edýändir .
- “wahy ynsanyň aklyna jebis gelmeýär” diýip aýdýan adamlaryň tersine allanyň inderen wahylarynyň ynsanyň akyl-paýhasyna ters gelýän ýeri ýokdur. aslynda , ynsanyň aklyny kemala ýetirmek üçin wahy inderlen.
- akylly ynsanlar gurhanyň aýatlary barada oýlanyp onuň içindäki syrlara we hakykatlara göz ýetirýändirler .
sat aüresi, 30, 31, 32 we 33-nji aýatlar:
وَوَهَبْنَا لِدَاوُودَ سُلَيْمَانَ نِعْمَ الْعَبْدُ إِنَّهُ أَوَّابٌ (30) إِذْ عُرِضَ عَلَيْهِ بِالْعَشِيِّ الصَّافِنَاتُ الْجِيَادُ (31) فَقَالَ إِنِّي أَحْبَبْتُ حُبَّ الْخَيْرِ عَن ذِكْرِ رَبِّي حَتَّى تَوَارَتْ بِالْحِجَابِ (32)رُدُّوهَا عَلَيَّ فَطَفِقَ مَسْحاً بِالسُّوقِ وَالْأَعْنَاقِ (33)
<< we Dawuda Suleýmany berdik ( ol ) ne ýagşy bendedi we (alla tarap) köp dolanýan (bende)di. // ( we Suleýmany ýatla ) haçanda ikindin çagy oňa ýüwrük atlary merhemet etdik (we şonda ol atlardan san görmäge meşguldy) // onda ( Suleýman ) aýtdy : “men bu aýatlary perwerdigärim üçin gowy görýärin” diýip. ( we Suleýman olara şol gözüni tikip oturdy tä ol atlar) onuň gözünden ýitip gitdiler. // ( soň Suleýman): “ol atlary meniň ýanyma dolap getiriň” diýip buýruk berdi. soň atlaryň aýaklaryny we boýunlaryny sypalap ugrady.>>
<< we Dawuda Suleýmany berdik ( ol ) ne ýagşy bendedi we (alla tarap) köp dolanýan (bende)di. // ( we Suleýmany ýatla ) haçanda ikindin çagy oňa ýüwrük atlary merhemet etdik (we şonda ol atlardan san görmäge meşguldy) // onda ( Suleýman ) aýtdy : “men bu aýatlary perwerdigärim üçin gowy görýärin” diýip. ( we Suleýman olara şol gözüni tikip oturdy tä ol atlar) onuň gözünden ýitip gitdiler. // ( soň Suleýman): “ol atlary meniň ýanyma dolap getiriň” diýip buýruk berdi. soň atlaryň aýaklaryny we boýunlaryny sypalap ugrady.>>
Gurhan kerim bu aýatlaryň başynda Dawudyň ogly Suleýmandan gürrüň berýär. Suleýman, allanyň söýen bendelerinden bolupdyr we ol elmydam allanyň dergäsine ýüzlenip allanyň bendeligini edipdir. gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hezreti Suleýmanyň şan şohratyna we azamatyna yşarat edip: Suleýman ýürük atlaryň we çapyksawarlaryň garşysyndan geçip barýandygyny synlap gören mahaly , menliklenmegiň we tekepbirlenmegiň deregine öz ýanyndaky adamlara ýüzlenip “men bu atlary ýurtda howpsyzlygy berkarar etmek ugurda alla üçin gowy görýärin diýdi.
Suleýman , geçip barýan atlary şeýle bir anyk bolup tomaşa edip durdy weli atlaryň hemmesi onuň garşysyndan geçip bir näçe soň gözlerden hem gaýyp boldular. soň Suleýman “atlary dolap getiriň” diýip ýanyndaky adamlara buýurdy. atlary dolap getirdiler we Suleýman atlaryň sagyrny we boýnuny sypalap atlara bolan söýgüsini belli etdi. bu hili işleri umuman atlaryň eýeleri öz atlaryny münüp gyzzyranlary soň edýärler.
Elbetde bu aýatlary başga şekilde düşündirenler hem bolandyr. hamana kä müfesserler bu aýatlary açyklamakda “Suleýman atlary synlap durşyna günüň ýaşanlygyny bilmän galypdyr şonuň üçin ol alladan ikindin namazyny okamak üçin güni yzyna dolamagy isleýär” diýip aýdypdyrlar. dogrusy bu gürrüňler hezreti Suleymana ýaraşmaýar. hezreti Suleýmana bärde dursyn hatda allanyň yhlasly we mömin bendeleri hem at ýaly zatlara güýmenip namazyň wagtyny geçirip ýörmezler. onsuňda taňry tagala bu aýatlarda hezreti Suleýmany tanadar bolanda ony özüniň yhlasly bendesi we köp toba ediji adam hökmünde tanadýar. oňa görä bu barada kä mufesserleriň aýdan zatlary hakykata jebis gelýär.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- allanyň ynsanlara haslan iň beýik derejesi bendelik derejesidir. şonuň üçin hem gurhan kerim, pygamberler hakynda “yhlasly bende” ybaratyndan köp peýdalanandyr.
2- häkimler, köpçüligiň howpsuzlygyny üpjün etmeklige borçlydyrlar bu wezipe döwletleriň möhüm wezipesidir. şonuň üçin döwletler bu möhümi durmuşa geçirmekde gerek bolan serişdeleri we harby enjamlary taýýarlamalydyrlar.
3-döwlet , ylahy we salyhy ynsanlaryň elinde bolsa olaryň erkindäki güýç- kuwwatdan özgelere hiç hili zyýan ýetişmeýär eýsem olaryň elindäki gudrat, köpçülikde amanlygyň berkarar bolmagyna sebäp bolýar. dogrusy bu hili häkimler ellerindäki gudraty allanyň ýolunda saryp edýändirler.
///////////////