bölüm 841, süre sat, aýat 34-38
bölüm 841, süre sat, aýat 34-38
راهی بسوی نور(841)
Sat süresi, 34 we 35-nji aýatlar :
وَلَقَدْ فَتَنَّا سُلَيْمَانَ وَأَلْقَيْنَا عَلَى كُرْسِيِّهِ جَسَداً ثُمَّ أَنَابَ (34) قَالَ رَبِّ اغْفِرْ لِي وَهَبْ لِي مُلْكاً لَّا يَنبَغِي لِأَحَدٍ مِّنْ بَعْدِي إِنَّكَ أَنتَ الْوَهَّابُ (35)
şonda ol allanyň dergähine toba etdi // we : “bar hudaýa! meni ýalka we maňa ( şeýle bir ) hökmürowanlygy bagyş et weli menden soň hiç kim şoňa laýyk bolmasyn, dogrudan sen gaty sahysyň” diýip aýtdy.>>
Geçen gepleşikde taňry tagalanyň hezreti Suleýmana bagyş eden zady barada gürrüň etdik . gurhan kerim bu aýatlarda şol gürrüňiň dowamynda hezreti Suleýmanyň alla tarapyndan uly synaga sezewar bolndygyna yşarat edýär. elbetde gurhan kerim hezreti Suleýmanyň nähili alla tarapyndan synagdan geçirilmegini açyklap bermeýär. ýöne bu barada gelen rowaýatlardan belli bolşyna gürä hezreti Suleýman özünden soň hökmürowanlyk etmekde gaty batyr we başarjaň bolan mirasdüşeri saýlap biler ýaly köp perzendi arzu edipdir ýöne ol bu meselede alla tewekgil etmegiň ýerine öz islegine daýanmagy sebäpli alla , onuň arzusyny ýerine ýetirmedi we hezreti Suleýmanyň başdaşlary oňa arzu edýän çagasyny dogrup bilmediler. diňe onuň ýekeje perzendi boldy olda jansyz ýöne bir gury et boldy. şonda hezreti Suleýman bu ýagdaý görüp perzentli bolmak meselesinde allany unudandygyny duşundy şonuň üçin ol allanyň dergähine ýüzlenip toba etdi we ondan ýalkow diledi. kä rowaýatlarda gelşine görä hem hezreti Suleýman gaty hassalap edil maslyk ýaly bolup tagtynyň üstünde gyşardy .
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : hezreti Suleýman alladan ýalkaw dilemekden soň özüniň pygamberligine delalat bolar ýaly hökmürowanlygyna aýratynlyk bagyş etmegi alladan diledi.
Dogrudanda hezreti Suleýmanyň kökmürowanlygy ondan ozal we ondan soň dörän hökmürowanlyklaryň hiç birsine meňzeýän däldir. hezreti Suleýman özüniň hökmürowanlygynda ynsanlardan aýry beýleki närseleri şol sanda döwleri we jynlary hem işe almagy başarandyr.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- synag allanyň berkarar edip goýan ylahy kadalarynyň birsidir. bu mesele ynsanlaryň ruhlarynyň taplanyp olaryň alla ýakynlaşmaklaryna sebäp bolýandyr.
Bu ylahy kada , hemmeleri hatda pygamberleri hem öz içine alýandyr. Şonuň üçin hemmeler şol sanda pygamberler alla tarapyndan synalýandyrlar .
2- kä pygamberler ynsanlary dogry ýola çagyrmagyň ýanynda olara hökmürowanlyk hem edipdirler. oňa görä pygamberlik borjy bilen hökmürowanlyk borjy bir ýerde jemlenip bilýändir .
3- doga dileglerde az zada ganagat etmän, hezreti Suleýman ýaly uly- uly zatlary alladan dilemelidiris.
Sat süresi, 36, 37 we 38-nji aýatlar:
فَسَخَّرْنَا لَهُ الرِّيحَ تَجْرِي بِأَمْرِهِ رُخَاء حَيْثُ أَصَابَ (36) وَالشَّيَاطِينَ كُلَّ بَنَّاء وَغَوَّاصٍ (37) وَآخَرِينَ مُقَرَّنِينَ فِي الْأَصْفَادِ (38)
<< şonda biz ýeli oň erkine geçirdik tä onuň emri bilen onuň diýen ýerine ýuwaşdan össün // we başyna giden jynlary we bütin benagärleri we gawwaslary // we köndelenip zynjyrlanyp bir-birlerine daňlan jynlaryň bileki toparyny ( onuň erkine geçirdik ).>>
Gurhan kerimiň bu aýatlaryndan belli bolşuna görä hezreti Suleýmanyň doga- dilegleri kabul bolupdyr we onuň hökmürowanlygyna aýratynlyk bagyş edýän zatlary alla tagala onuň erkinde goýupdyr. ulag hökmünde peýdalanmak barada ýele höküm etmeklik, allanyň hezreti Suleýmana bagyş eden zatlarynyň deslapkysy bolandyr. Ýel hem hezreti Suleýmanyň tagtyny göterip onuň diýen ýerine äkidýärdi. ýel şeýdipde häzirki zamanyň uçarlarynyň oýnaýan roluny hezreti Suleýmana oýnaýardy. taňry tagalanyň hezreti Suleýmana bagyş eden ikinji zady jynlaryň oň diýenlerini etmekleridi. gurhan kerimiň bu aýatlary esasynda jynlardan bolan Şeýtanlar hem hezreti Suleýmanyň aýdanyny edýän myşlar. jynlaryň bir topary köpridir suwhowdanyny salmak ýaly gurluşyk işlerde hezreti Suleýmanyň aýdanlaryny edýän myşlar we olaryň bir topary hem deňizlerde hezreti Suleýmanyň gullugynda bolupdyrlar.
Elbetde jynlaryň bir topary hem hezreti Suleýmanyň aýdanyny etmekden boýun gaçyrypdyrlar. şonuň üçin hem hezreti Suleýman olary köndeläp zynjyrlap türmä basypdyr .
Şeýlelik bilen taňry tagala özüniň lutfy keremi bilen hezreti Suleýmana uly gudraty bagyş etmek bilen göze görünýän we görünmeýän närseleri onuň gullugunda goýupdyr.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- jynlaryň hem akyllary bardyr hemde iş bilýändirler şonuň üçin ynsanlar , kä işlerde jynlaryň başarnygyndan peýdalanyp bilýändirler.
2-ýurtlary dolandyrmak we möhüm taslamalary ýerine ýetirmekde ökde we iş belet adamlaryň başarnygyndan peýdalanmalydyr.
3-köpçülige we il- güne zyýan ýetirýän adamlary kantrol etmelidir. hezreti Suleýman hem başyna giden jynlary zynjyrlap türmä basandyr şeýdipde olaryň köpçülige zyýan ýetirmekleriniň öňüni alandyr.
///////////////