Sep 14, 2019 19:57 Asia/Ashgabat

bölüm 842, süre sat, aýat 39-42

راهی بسوی نور(842)

Sat süresi, 39 we 40 nji aýatlar:

هَذَا عَطَاؤُنَا فَامْنُنْ أَوْ أَمْسِكْ بِغَيْرِ حِسَابٍ (39) وَإِنَّ لَهُ عِندَنَا لَزُلْفَى وَحُسْنَ مَآبٍ (40)

<< we Suleýmana aýtdyk : bu biziň saňa bolan atamyzdyr, hasapsyz her kime isleseň bagyşla we her kimden isleseň ýygşyr diýip. // we şübhesiz biziň ýanymyzda onuň üçin ýokary orun we ýagşy serenjamlyk bardyr.>>

Geçen bir näçe gepleşikde hezreti Suleýman hakynda gürrüň etdik. gurhan kerim bu aýatlarda hezreti Suleýmanyň ykbalyna yşarat edip: taňry tagala hezreti Suleýmana köp baýlyk berdi we şol baýlyklar bilen garyp gasarlary goldajak diýse goldamak ygtyýaryny oňa berdi” diýip aýdýar. elbetde hezreti Suleýman allanyň pygamberi bolansaň ol bu baýlyklary harj etmekde adalat bilen amal edip her kime gerek mukdarynda berdi, hemmelere deň paýlamady, sebäbi deň paýlasa adalat bolmaýar sebäbi käler köpräk kömege mätäçdiler, käleriň hem azrak kömek bilen kynçylygy çözülýärdi.

Guran kerim bu aýatlaryň dowamynda hezreti Suleýmanyň ykbalynyň ýagşa çatmagyna yşarat edip : hezreti Suleýmanyň elindäki gudrat we baýlyk  gaty kän bolsada ol baýlykdan we gudratdan haýyrlanmakda  allanyň bendeliginde dogry durup elmydam adalat ýüzünden amal etdi we hiç kime sütem etmedi” diýip aýdýar . şonuň üçin hem hezreti Suleýmanyň allanyň ýanyndaky orun- mertebesi gaty ýokary bolup dünýäden gaýtdy.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Ylahy hökmetlerde häkim özüniň erkindäki barça zatlary we gudraty alla tarapyndan berlen amanat bilmek bilen şol zatlary halkyň bähbidi ugrunda saryp edýändir.

2- baý we güýçli bolmaklyk allanyň bendeliginde dogry tapylmaklyk bilen ters gelýän däldir eýsem baý we güýçli adamlar hem allanyň bendeliginde dogry tapylmak bilen özüniň erk- ygtyýaryndaky baýlykdan we gudratdan özüni ruhy we magnewi taýdan östürmek ugurda peýdalanyp bilýändir.

Sat süresi, 41 we 42-nji aýatlar :

وَاذْكُرْ عَبْدَنَا أَيُّوبَ إِذْ نَادَى رَبَّهُ أَنِّي مَسَّنِيَ الشَّيْطَانُ بِنُصْبٍ وَعَذَابٍ (41) ارْكُضْ بِرِجْلِكَ هَذَا مُغْتَسَلٌ بَارِدٌ وَشَرَابٌ (42)‏

<< biziň bendämiz Äýupdan ýat et, haçanda ol öz rebbini çagyryp “(bar hudaýa!) Şeýtan meni azaba we muşakgata oklady” diýip aýdan mahaly // ( şonda) oňa aýtdyk : aýagyňy mäkäm ýere ur ( tä ondan bir çeşme peýda bolsun ) bu sawuk suwly çeşmäň suwy, içmek we ýuwunmak üçindir.>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda hezreti Suleýmanyň ykbalyny beýan etmekden soň bu aýatlarda allanyň pygamberleriniň ýene birisi bolan hezreti Äýubyň ykbalyna girişýär. sabyrlylykda onuň başgalara ulňy bolandygyny aýdýar. bu aýatlaryň berýän maglumatlary esasynda taňry tagala yslam pygamberinden, kynçylyklaryň, ýowuz ýagdaýlaryň garşysynda musulmanlary jydamlylyga we sabyrlylyga çagyrmak üçin hezreti Äýubyň ykbalyny halka aýdyp bermekligi isleýär.

Rowaýatlarda hem gelşine görä , taňry tagala hezreti Äýuba köp nygmatlary bagyş etdi we ol hem allanyň beren bu nygmatlarynyň şukürny berjaý kylardy. ýöne taňry tagala hezreti Äýubyň hemme ýagdaýlarda allanyň şukürny berjaý kylýandygyny halka bildirmek üçin ony kyn işler bilen synap gördi we onuň başyna agyr günleri saldy. Äýubyň eken ekini harap boldy , mal- garasy gyryldy, özi hem gaty hassalap ölüm ýassygynda ýatdy, hatda onuň perzentlerde Äýubyň giriftar bolan maryzçylygyndan gorkyp ondan daşlaşdylar. Şeýle bir ýagdaýda Şeýtan hem halyk arasynda “Äýubyň şeýle bir ýaramaz ýagdaýa uçramagy, onuň allanyň emrinde dogry tapylmanlygy üçindir” diýip gep ýaýratdy. ýüze çykan bu ýagdaý we halkyň arasynda Äýup barada bolýan gürrüňler hezreti Äýuby gynandyrdy. bütin ýaramaz ýagdaýlarda jydanyp hemişe allanyň şükürni berjaý kylan Äýup pygamber bir gün allanyň dergähine ýüzlenip, halyk arasynda özi barada bolýan gürrüňlerden nägiledigini bildirdi. ýöne şondada ol alladan göniläp zat dilemedi .

Taňry tagala hezreti Äýuby halkyň ajy sözünden halas etmek üçin gudrat görkezip onuň 12 süňgüni sag etdi, şeýdipde özüniň hezreti Äýuba gazap etmändigini eýsem oňa ýörite ynaýat edendigini hemmelere bildirdi.

Taňry tagala hezreti Äýuba  “aýagyňy ýere ur tä aýagyň astyndan çeşme çyksyn” diýip emr etdi.

Dogrusy hezreti Äýubyň aýagynyň astyndan çeşmäň çykmagy hezreti Ysmaýylyň aýagynyň astyndan çeşmäň çykmagy baradaky gürrüňe meňzeşdir. hezreti ysmaýylyň dessanynda hem gelşine görä hezreti Ybraýymyň başdaşy Hajar, öz balasy bolan hezreti Ysmaýyla suw tapjak bolup iki tarapa urunýan mahaly ýeri depirjikläp duran hezreti Ysmaýylyň aýagynyň astyndan bir çeşme peýda boldy. ol çeşmäň adyna zämzäm diýip at goýdular. ol çeşme heniz hem mesjedulharamyň golaýynda akýandyr . indi hezreti Äýubyň dessanyna dolansak : hezreti Äýubyň aýagynyň astyndan çeşmäň peýda bolmagy bilen taňry tagala hezreti Äýupdan, maryzçylykdan  gutulmak, şol çeşmäň suwundan ýuwunyp soň suwundan içmegini isledi. hezreti Äýup şeýtdi we hassalykdan gutuldy we saglygyny gaýdyp aldy we şondan soň onuň ýaşaýşy hem rowajlyklara beslendi. hezreti Äýubyň başdan geçiren bu ajy we süýji wakalary ybrat almak üçin ynsanlara gowy sapakdyr bu dessan bir tarapdan, öz baýlygyňa we güýç- gudratyňa magtanmaly däldigini öwredýär. aýry bir tarapdan hem ýaramaz we ýowuz ýagdaýlarda hem ynsanyň numyt bolman alladan umydygär bolmalydygyny aýdýar.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- geçen ynsanlaryň ylaýtada pygamberleriň taryhyny okyp olardan gowy zatlary öwrenip boljakdyr.

2- ýaramaz we ýowuz ýagdaýlaryň ynsanlary Şeýtanyň hilelerine giriftar etmegi mümkindir. ynsan , her näçe ýaramaz ýagdaýlara uçrasada özüniň barýan dogry ýolundan gaýtmaly däldir .

3- allanyň öwliýalary we dostlary , doga bilen özleriniň alla bolan yhlaslaryny we bendeligini subut edýändirler. onda kynçylyklara gabat gelen mahalymyz doga edip allany çagyrmagy ýatdan çykarmaly däldiris.

////////////////