bölüm,721,süre änkäbut,aýat 27-30
bölüm,721,süre änkäbut,aýat 27-30
برنامه راهی بسوی نور( (721
Änkäbut süresi, 27-nji aýat:
وَوَهَبْنَا لَهُ إِسْحَاقَ وَيَعْقُوبَ وَجَعَلْنَا فِي ذُرِّيَّتِهِ النُّبُوَّةَ وَالْكِتَابَ وَآتَيْنَاهُ أَجْرَهُ فِي الدُّنْيَا وَإِنَّهُ فِي الْآخِرَةِ لَمِنَ الصَّالِحِينَ (27)
<
Geçen aýatlarda heziret Ybraýymyň geçmişini beýan etdik Gurhany kerim şol aýatlaryň dowamynda bu aýatda getirýär: Ybraýym özgeleri Allanyň ýoluna çagyrmak üçin öz watanyndan hijret etmekden soň Alla hem oňa uly nygmatlary bagyş etdi, Alla oňa ýoluny dowam edip Allanyň merhemeti bilen pygamber bolup biläýjek perzentleri bagyş etdi, oňa Yshagy berdi , Yshagyň perzendi Ýakuby we Ýakubyň perzendi Ýüsefi berdi şeýlede Musa , Harun , suleýman , bularyň hemmesi Ybraýymyň neslinden bolup Allanyň merhemeti bilen pygamberlik ornuna ýeten ynsanlar boldular .
Allanyň Ybaýyma bagyş eden bu nygmatlary hem dünýewi hemde öhrewidi sebäbi salyhy perzent ene – atanyň ýaşaýyşynda olaryň buýsanç çeşmesi hasaplansalar-da olaryň ölüminden soň ene – atanyň adynyň ýagşylykda tutulmagyna sebäp bolýarlar .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň üwredýän sapaklary :
1- Salyhy perzent Allanyň päk ynsanlara bagyş edýän uly nygmatydyr .
2- Allanyň dünýäde bagyş edýän serpaýlarynyň birisi päk we salyhy hanadana eýe bolmaklygydyr .
3- Azgyn ynsanlaryň garaýyşlarynyň tersine dünýä we ahyret bir- birinden özňe däldir , olar bir-birine baglydyrlar , yslamyň garaýşynda ahyreti dünýä üçin terk etmeklik dogry däldir .
Änkäbut süresi, 28 we 29-njy aýatlar:
وَلُوطاً إِذْ قَالَ لِقَوْمِهِ إِنَّكُمْ لَتَأْتُونَ الْفَاحِشَةَ مَا سَبَقَكُم بِهَا مِنْ أَحَدٍ مِّنَ الْعَالَمِينَ (28) أَئِنَّكُمْ لَتَأْتُونَ الرِّجَالَ وَتَقْطَعُونَ السَّبِيلَ وَتَأْتُونَ فِي نَادِيكُمُ الْمُنكَرَ فَمَا كَانَ جَوَابَ قَوْمِهِ إِلَّا أَن قَالُوا ائْتِنَا بِعَذَابِ اللَّهِ إِن كُنتَ مِنَ الصَّادِقِينَ (29)
<< Ýatla Lutdan, haçanda öz kowumuna aýtdy “siz dünýäde hiç bir halkyň etmedik telek işini edýärsiňiz” diýip // (ýene ol) “siz erkekler bilen ýatyp turýarsyňyz we bu işiňiz bilen nesliň dowamatyny özýärsiňiz we halkyň gözleriniň alnynda telek iş edýärsiňizmi?” ( diýip sorady) ýöne kowumuň “eger sen dogry aýdýan bolsaň Allanyň tarapyndan bize azap inder diýmekden başga jogaplary ýokdy .>>
Gurhany kerim heziret Ybraýymyň ykbalyny beýan edeni soň bu aýatlarda Lut pygamberniň ykbalyny gysga beýan edýär . Lut pygamberi hezreti Ybraýymyň zamanynda ýaşap geçipdir , we ol hezreti Ybraýymyň şerigatyny wagyz edýän eken , ýöne onuň kowumy Lut pygamberiniň çakylykny kabul etmediler eýsem özleriniň telek işlerini dowam edip Luta “seni sürgün ederis” diýip haýbat atdylar .
Gurhany kerim bu aýatlarda hata haýwanlaryň arasynda ýörgün bolmadyk telek işe yşarat edip aýdýar : Lut pygamberi , erkekleriň erkekler bilen düşekdeş bolmaklarynyň gaty telek işdigini gaýtar gaýtar düşündirip bu işiň netijesinde ynsanyň nesiliniň üzülýändigini aydyp bersede halyk onuň sözlerine gulak bermediler eýsem özleriniň bu telek işlerini dowam etdiler .
Lutyň kowumy, şeýle bir bi haýadylar weli olar bu telek işi ýaşyrynlykda hem etmeýärdiler eýsem bir-birleriniň gözleriniň alnynda edip ony bir hili hoşluk we keýp çekmeklik bilýärdiler .
Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda ýene aýdýar : Lutyň kowumy , onuň nesihatlaryna gulak berip özlerini düzeltmeginiň deregine Lut pygamberi masgaralap : egerde Alla biziň bu işimizi söýmäni bize azap berjek bolsa oňa di “bize şu dünýäde azap berip bizi ýok etsin” didiler .
Olar bu söz bilen hem Lut pygamberine “ sen kezzap adam onda biziň işimize päsgel döretme” diýmekçi bolandyrlar .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Diniň başlyklary haky Allanyň ýoluna çagyrmagyň ýany bilen köpçülikde bolýan ýaramaz işlere garşy hem göreşmelidirler .
2- Telek işler köpçülikde ýoň bolsa, halky telekden saklamagyň peýdasy ýok diýip bu dini borjy ýerine ýetirmekden boýun gaçyryp bolmaz .
3- Ylahy pygamberler, ynsanlaryň jynsy mätäçlikleriniň dogry ýoldan üpjün edilmegini nygtap adamlary bu ýola şowuklandyrypdyrlar , şeýlede olar , adamlaryň arasynda bolup biläýjek her hili jynsy azgynçylygyň öňünde durypdyrlar .
4- Günä işi ýaşyrynlykda edilse oň ýazygy günä edýän adamyň öz boýnunadyr , emä günä işler halkyň gözüniň alnynda edilse onuň öňinde biparh bolmaklyk dogry däldir .
5- Durmuşda günbatar köpçüliklerinde ýoň bolan erkekleriň erkekler we zenanlaryň bolsa zenanlar bilen baş çatyşmaklary ýada düşekdeş bolmaklary gaty telek işdir we bütin ylahy dinler we pygamberler bu işiň öňünde durup oňa garşy görüşendirler .
Änkäbut süresi, 30-njy aýat:
قَالَ رَبِّ انصُرْنِي عَلَى الْقَوْمِ الْمُفْسِدِينَ (30)
<
Lutyň kowumy onuň pygamberligini inkär edip oňa kezzap diýenleri soň Lut pygamber Alla ýüzlenip özüniň pygamberliginiň hakdandygyny tassyklamak üçin kapyrlaryň gözüne mugjyza görkezmegi isledi . bu mugjyza Lutyň pygamberligini subut etmegiň ýanynda özleriniň batyl we telek işleriniň üstüne aýak direýän kapyrlaryň başyna azap bolup inmelidi. sebäbi bu adamlar şeýle bir günä işe batypdylar weli edýän işleri barada hüşgärlik berýän adamlary hem masgara edýärdiler .
gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- Yslam düşünjesinde bir jynsdan bolanlaryň bir-birlerine meýil etmekleri ýada bu işi ýaýratmaklary uly günädir we bu işlere baş goşýan adamlara uly jeza we azap garaşýandyr .
2- Köpçülikde pysady ýaýradýanlaryň öňünde berk durmalydyr we pasyklaryň öňünde durmakda Alladan medet we haraý soramalydyr .
//////////////////