bölüm,722,süre änkäbut,aýat 31-35
bölüm,722,süre änkäbut,aýat 31-35
برنامه راهی بسوی نور(722
Änkäbut süresi, 31-nji we 32-nji aýatlar :
وَلَمَّا جَاءتْ رُسُلُنَا إِبْرَاهِيمَ بِالْبُشْرَى قَالُوا إِنَّا مُهْلِكُو أَهْلِ هَذِهِ الْقَرْيَةِ إِنَّ أَهْلَهَا كَانُوا ظَالِمِينَ (31) قَالَ إِنَّ فِيهَا لُوطاً قَالُوا نَحْنُ أَعْلَمُ بِمَن فِيهَا لَنُنَجِّيَنَّهُ وَأَهْلَهُ إِلَّا امْرَأَتَهُ كَانَتْ مِنَ الْغَابِرِينَ (32)
<< (biziň ilçilerimiz Ybraýyma (çaganyň ) buşlugyny beren mahallary : biz bu şäheriň ýaşaýjylaryny heläk ederis , sebäbi onuň ýaşaýjylary sütemkärlerdendir diýip aýtdylar . // şonda Ybraýym aýtdy : Lut ol ýerde diýip . (perişdeler) aýtdylar : biz kimiň ol ýerdedigini gowy bilýäris diýip , ony we onuň hanadanyny başdaşyndan başgasyny halas ederis we onuň başdaşy şäherde azapda galjaklardandyr diýdiler. >>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Lut kowumy gaty günäkär kowum bolupdyr. olar Lut pygamberiň öwüt nesihatlaryna gulak bermeginiň deregine ony masgaralap kezzaplykda aýyplaýardylar , ýöne Lut pygamber olaryň garşysynda dymyp oturmady we olary elmydam telek işlerden saklady ýöne Lut kowumy özüniň telek işlerini dowam etdi şonuň üçin Lut pygamber olary jezalandyrmagy Alladan isledi .
Gurhany kerim bu aýatlarda aýdýar : Taňry tagala perişdeleri Ybraýymyň üstüne iberdi oňa çagasynyň boljakdygyny buşluk berip , Lut kowumunyň başyna azap indermeginiň habaryny bermek üçin. sebäbi Lut pygamber öz kowumunyň başyna azap indermegi Alladan isläpdi we Alla hem onuň bu islegini kabul edipdi .
Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar :hezreti Ybraýym Lut kowumunyň başyna azabyň injekdiginiň habaryny eşideni soň howsala düşdi we “Lutyň ýagdaýy nähili bolar” diýip sorady ,perişdeler : biz ylahy kada amal edýäris we günäsiz adamy günäkär adamyň aýagyna ýakmaýarys diýdiler .
Howa bu ylahy kada esasynda Lutyň başdaşy görme göze onuň handanyndan bolsada ol günäkärleriň hemaýatçysy bolandygy üçin beýleki günäkärler bilen birlikde Allanyň gaharyna giriftar boldy .
Gurhny kerim bu aýatlaryyň öwredýän sapaklary :
1- Ylahy perişdeler barlyk düzgüniniň ýörtewilleri bolup olar Allanyň süýji we ajy buşluklaryny halka ýetirmeklige borçlydyrlar .
2- Öz jinsi islegleriňe ýetmek üçin dogry ýoldan çykmaklyk sütemkärlikdir. hem özüňe hem maşgalaňa hemem köpçülige sütem etmeklikdir .
3- Bir maşgalada ýaşaýan zenanlar we ogul – gyzlar özleriniň ýoluny saýlap bilýändirler , Lutyň başdaşy hem kapyrlar bilen boldy ýöne onuň ogul – gyzlary atasynyň ýolundan gitdiler .
Änkäbut süresi, 33-nji we 34-nji aýatlar :
وَلَمَّا أَن جَاءتْ رُسُلُنَا لُوطاً سِيءَ بِهِمْ وَضَاقَ بِهِمْ ذَرْعاً وَقَالُوا لَا تَخَفْ وَلَا تَحْزَنْ إِنَّا مُنَجُّوكَ وَأَهْلَكَ إِلَّا امْرَأَتَكَ كَانَتْ مِنَ الْغَابِرِينَ (33) إِنَّا مُنزِلُونَ عَلَى أَهْلِ هَذِهِ الْقَرْيَةِ رِجْزاً مِّنَ السَّمَاءِ بِمَا كَانُوا يَفْسُقُونَ (34) وَلَقَد تَّرَكْنَا مِنْهَا آيَةً بَيِّنَةً لِّقَوْمٍ يَعْقِلُونَ (35)
<<
We haçanda biziň ilçilerimiz Lutyň ýanyna baranlarynda (Lut olary görüp ) pikre batdy (perişdeler ) “gorkma , gam bolma , dogrudanda biz seni we maşgalaňy halas etmäge geldik , meger başdaşyň (halas bolmaz ) we kowumuň arasynda galar” diýdiler.// ( ýene olar) “biz bu ülkäniň ilatyna edýän günäleri üçin asmandan azap indereris” diýdiler .// dogrudanda biz ol (harabalyga öwürilen ) şäheri oýlanýanlar üçin nyşana edip goýduk .>>
Gurhany kerimiň beýleki aýatlaryndan hem belli bolşuna görä hezreti Lut , özüniň ýanyna gelen perişdeleri deslap tanamady, sebäbi olar bir awadan ýigitler şeklinde onuň ýanyna gelipdiler . Lut pygamber bu awadan ýigitleri gören badyna alada düşdi, sebäbi kowumyň olara tokunmaklaryndan howatyrlanýardy . şonuň üçin hem “ bu oglanlary kowumyň pasyk adamlarynyň ellerinden nähili goraýyn” diýip pikre batdy . şonda perişdeler “biz bu günäkär kowumyň başyna azap indermek üçin geldik we olaryň ülkesinden , harabalyga öwürilen jaýlardan aýry zady galdyrmarys” diýip Lut pygambere ynam berdiler .
Gurhanyň beýleki aýatlarynda gelşine görä , Lut pygamberiň kowumynyň ýaşaýan ülkesi diýmek Sädum şäherini güýçli ýer titreme weýran edip onsoň olaryň şäheriniň üstüne asmandan daş ýagypdyr we hemmeler şol daşlaryň astynda heläk bolup ýok olupdyrlar .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Eger bir köpçülik azyp dogry ýoldan çyksa azgynçylyk belasy hemmeleriň ýakasyndan ýapyşjakdyr . azgyn köpçülikde abraýly maşgalalaryň hem öz abraýny gorap bilmekleri çetin boljakdyr .
2- Myhmanyň hormatyny saklamak myhman jaýyň boýunadyr .
3- imanly kişi bigaýrat bolýan däldir, eýsem dürli pysatlaryň garşysynda özüniň namysyny we abraýny goramak üçin gerek bolsa janyndan hem geçýändir .
4- Abraýly kişiniň we salhy adamyň içeri maşgalasyndan bolmaklygyň bir özi ýeterlik däldir , Lutyň başdaşy hem günäkärlerden bolanlygy üçin ol Allanyň gaharyna duçar bolup heläk boldy, ol bir tarapdan bolsa Fyrown ýaly zalymyň başdaşy bolan bir zenan imanlylaryň hataryna birigenligi üçin Allanyň lotfy keremine gabat gelip behiştden paý aldy .