bölüm,723,süre änkäbut,aýat 36-40
bölüm,723,süre änkäbut,aýat 36-40
برنامه راهی بسوی نور( (723
Änkäbut süresi, 36 we 37-nji aýatlar :
وَإِلَى مَدْيَنَ أَخَاهُمْ شُعَيْباً فَقَالَ يَا قَوْمِ اعْبُدُوا اللَّهَ وَارْجُوا الْيَوْمَ الْآخِرَ وَلَا تَعْثَوْا فِي الْأَرْضِ مُفْسِدِينَ (36) فَكَذَّبُوهُ فَأَخَذَتْهُمُ الرَّجْفَةُ فَأَصْبَحُوا فِي دَارِهِمْ جَاثِمِينَ (37)
<< we Mädýän halkynyň üstüne doganlary bolan Şoaýbny ( iberdik ) (şoaýb ) olara : eý meniň kowumum Alla ybadat ediň kyýamat gönüne umytly bolup ýer ýüzünde pysat etmäň diýdi.// Ýöne olar ony inkär etdiler. bes güýçli ýer yrandy we olar ýaşaýan jaýlarynda ýüzin ýykylyp heläk( boldular).>>
Geçen gepleşikde Lut kowumnyň ykbalyna yşarat etdik . Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamunda bu aýatlarda hezreti Şoaýbyň ykbalna yşarat edip : Şoaýb hem beýleki pygamberler ýaly halky Allanyň bendeligine we kyýamat gönüniň ber haklygyny kabul etmeklige çagyrýardy . ol öz kowumuna ýüzlenip : gönä işler we pysadçylyk köpçüligiň nyzamdan düşüp zolmyň we adalatsyzlygyň ýaýramagyna sebäp bolýandyr diýip olara duýdurdy.
Ýöne gynanç bilen ozalky kowumlaryň köpsi ýaly Şoaýb pygamberiniň kowumy hem ony inkär etdiler . olar Şoaýb pygamberiniň yhlas bilen aýdýan gürrüňlerine we berýän öwüt – nesihatlaryna gulak bermediler eýsem öz gönä işlerini dowam etdiler. Gurhany kerim olaryň bu hili boluşlaryna yşarat edip gönä işlere baş goşmaklary olary Allanyň gahar – gazabyna giriftar etdi we ýüze çykan güýçli ýer yranma bolsa olary heläk etdi diýip beýan edýär.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- kyýamaty kabul edip Alla bendelik etmeklik ylahy pygamberleriň çakylygynyň sütüni hasaplanýandyr .
2- pygamberler özlerini üstüm saýyp ilata , öwüt - nesihat beren däldirler eýsem olar , ilatyň ýagşylygyny isläp olara öwüt - nesihat berendirler.
3- gönä işleriň bir özi asmandan azabyň inmekligine sebäp bolýan däldir eýsem ynsanlaryň we köpçüligiň gönäli işlere aýak diremekleri we Allanyň emri bilen tersleşmekleri ylahy azabyň inmekligine sebäp bolýandyr.
Änkäbut süresi, 38-nji aýat :
وَعَاداً وَثَمُودَ وَقَد تَّبَيَّنَ لَكُم مِّن مَّسَاكِنِهِمْ وَزَيَّنَ لَهُمُ الشَّيْطَانُ أَعْمَالَهُمْ فَصَدَّهُمْ عَنِ السَّبِيلِ وَكَانُوا مُسْتَبْصِرِينَ (38)
<< we Ad we Semut ( kowumlaryny hem heläk etdik ) we dogrudanda (olaryň harabalyga öwrülen ) jaýlaryndan olaryň ( şum ykballary ) syza aýan we äşgärdir .olaryň gözleri açykka şeýtan olaryň ( gönäli ) amallaryny olaryň gözlerine gözelleşdirip olary ( hak ) ýolundan alyp galdy.>>
Gurhany kerim bu aýatda Ad we Semut kowumlaryň ykballaryna yşarat edýär. bu kowumlaryň hedaýatyny Taňry tagala Hut we Salyh pygamberleriň üstüne oklapdy ýöne bu iki kowum , Gurhany kerimiň ýene bir näçe aýatynda gelşine görä Allanyň iberen pygamberlerini inkär etdiler we ägälik ýüzünden olar bilen we olaryň berýän buýruklary bilen tersleşdiler. Gurhany kerim Mekge halkyna ýüzlenip : Allanyň gahar - gazabyna duçar bolan Ad we Semut kowumlaryň ykballaryna ser ediň we olaryň harabalyga öwrülen şäherlerini synlap görüň we olaryň şum ykbalyndan ybrat alyň diýip aýdýar . dogrusy bu iki kowumyň ýaşan şäherleriniň harabalyklary Mekge şäheriniň demir gazyk we gön orta sebitlerinde ýerleşip Mekge ilaty Şam ýada Ýämän ýurtlaryna tarap ýolagçylyga gidenlerinde ol mekanlaryň golaýyndan geçip gidýärdiler gurhany kerim bu aýatyň dowamynda kapyrçylygyň sebäpkärini şeýtan bilýär we şeýtan gönäli işleri ynsanyň gözne gözel görkezip ony gönäli işlere tarap şowklandyrýar diýip aýdýar .
Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary:
1- geçen halyklaryň we kowumlaryň taryhy binalary häzirki nesle we geljekki nesillere sapakdyr oňa görä olary gorap saklamalydyrys.
2- şeýtanyň işi ýaramaz zatlary ynsanyň gözüne gözel edip görkezmeklikdir . ynsan özüniň aklyna we zatyny eýerse gönäli işleri telek görýändir ýöne şeýtan ynsanyň akylny we gözüni baglap gönäli işleri onuň gözüne gözel edip görkezýändir .
Änkäbut süresi, 39 we 40-njy aýatlar :
وَقَارُونَ وَفِرْعَوْنَ وَهَامَانَ وَلَقَدْ جَاءهُم مُّوسَى بِالْبَيِّنَاتِ فَاسْتَكْبَرُوا فِي الْأَرْضِ وَمَا كَانُوا سَابِقِينَ (39) فَكُلّاً أَخَذْنَا بِذَنبِهِ فَمِنْهُم مَّنْ أَرْسَلْنَا عَلَيْهِ حَاصِباً وَمِنْهُم مَّنْ أَخَذَتْهُ الصَّيْحَةُ وَمِنْهُم مَّنْ خَسَفْنَا بِهِ الْأَرْضَ وَمِنْهُم مَّنْ أَغْرَقْنَا وَمَا كَانَ اللَّهُ لِيَظْلِمَهُمْ وَلَكِن كَانُوا أَنفُسَهُمْ يَظْلِمُونَ (40)
<< we Karun we Fyrown we Hamany hem ( heläk etdik ) we dogrudan Musa aýdyň deliller bilen olaryň üstüne bardy ýöne olar özlerini üssem saýyp ýer ýüzünde pysat etdiler ýöne olar ( Alla ) üstem çykyp bilmediler.// we biz olaryň her birsini eden etmişleri üçin giriftar etdik käleriniň üstüne gumly tupan iberdik kälerini aýylganç ses bilen basdyk kälerini ýere ýuwutdyrdyk we kälerini hem suwda gark etdik. elbetde alla olara sütem etmekçi däldi isem olar özleri özlerine sütem etdiler.>>
Gurhany kerim geçen aýatlarda , kä günäkär kowumlaryň ykballaryny beýan edeni soň bu aýatlarda Karunyň ,Fyrown we Haman ýaly eziji häkimleriň giriftar bolan şum ykballaryny aýdyp berýär . Karunyň baýlygy gaty köp bolupdyr ol özüniň baýlygyna magtanmak bilen Alladan daş düşüpdir ýada Fyrown gaty güýçli soltan bolupdyr şonuň üçin hem ol özüniň güýç gwwatyna daýanyp özüni Allanyň derejesinde görüpdir we halka sütem edipdir .
Şeýlede Haman hem Fyrownyň weziri hökmünde onuň edýän jenaýatlarynda Fyrowna şärik we hemaýatçy bolupdyr.
Hezreti Musa (a.s) Allanyň emri bilen bu adamlary Allanyň bendeligine çagyryp olara öwüt - nesihat beripdir . ýöne olar hezreti Musa(a.s)-yň aýdanlaryny tutmandyrlar eýsem hezreti Musa bilen tersleşip ony aradan aýyrmagyň pikirne düşüpdirler . bu adamlar özleriniň baýlyklary ýada güýç gwwatlary bilen Allanyň yradasyna üstüm çykarys mykam diýdiler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1-menliklenmegiň soňy heläkçilikdir baýlykdyr gýüç- gwwat ýada beýleki mümkinçilikler gönäkär ynsany heläkçilikden halas edip bilmez .
2- Allanyň yradasy hemmeleriň gýüç- gwwatyndan üstemdir we alla her bir zady yrada etse şol zat bolýandyr oňa görä , hak bilen tersleşýän adamlar, Allanyň öňünde durup bileris diýen gumanda bolmaly däldirler.
3- Allanyň gahar gazaby bir şekilde däldir eýsem Allanyň gahar gazabynyň we azabynyň dürli görnüşleri bardyr. şonuň üçin hem Alla pasyk adamlary her şekilde jezalandyrjak diýse jezalandyryp bilýändir .
4- her kimiň ykbaly onuň amallaryna meňzeş bolýandyr.
///////////////