Jan 04, 2020 10:14 Asia/Ashgabat

bölüm 843, süre sat, aýat 43-48

راهی بسوی نور(843)

Sat süresi,33 we 44-nji aýatlar :

وَوَهَبْنَا لَهُ أَهْلَهُ وَمِثْلَهُم مَّعَهُمْ رَحْمَةً مِّنَّا وَذِكْرَى لِأُوْلِي الْأَلْبَابِ (43) وَخُذْ بِيَدِكَ ضِغْثاً فَاضْرِب بِّهِ وَلَا تَحْنَثْ إِنَّا وَجَدْنَاهُ صَابِراً نِعْمَ الْعَبْدُ إِنَّهُ أَوَّابٌ (44)

<>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly hezreti Aýup ( a,s ) ýowuz ýagdaýlar başyna getirlip alla tarapyndan synalyp görüldi , bu uly synagda hezreti Aýup özüniň mal- mülkini we owladyny elden berdi ýöne şondada ol allanyň şükrüni berjaý kylyp hemişe sabyrly boldy . rowaýatlarda aýdylşyna görä kynçylyklarda we ýaramaz ýagdaýlarda hemişe hezreti Aýubyň ýanynda bolan onuň başdaşy günlerde bir gün bu kynçylyklara jydamany şeýtanyň waswasalaryna aldanyp allanyň dergähine şikaýat etdi we belli bolşyndan alla hem Aýuby unudan bolmaly diýip nä-şükür boldy . hezreti Aýup bu sözi eşidip gaty gynandy we : bu hassalykdan gutulan güni oň tenbisini berjekdigi barada ant içdi . ýöne hezreti Aýup allanyň lotfy keremi bilen hassalykdan gutulan soň başdaşynyň şol agyr günlerde çeken zähmetleri üçin oňa tenbi bermegi maslahat bilmedi . şonuň üçin taňry tagala bu aýatda hezreti Aýubyň ant içendigini oňa ýatlap antynda durmagyny tabşyrýar. ýöne Aýubyň başdaşynyň çeken zähmetlerini haklamak üçin oňa tenbi  bermekde bu meseläni göz öňüne almagy we oňa ýuwaşdan tenbi bermegi hezreti Aýupdan isleýär.

Gurhany kerimiň bu aýatlaryynyň öwredýän sapaklary :

1-taňry tagala , kyýamatda ynsanlaryň ýagşy işleri üçin olaryň telek işlerine geçirimlilik edişi ýaly dünýäde hem günäkär adamlara jeza bermekde olaryň ýagşy amallaryny hem göz öňüne almaklygy tabşyrýar.

2- allanyň ady uly hormata laýykdyr oňa gürä her kim allanyň adyndan ant içse antyny döwmeli däldir.

3- kimdir bir adamyň pygambere ýakyn bolmagy kanunyň onuň hakynda ýördülmezligi manasynda däldir.

Sat süresi, 45, 46, 47 we 48-nji aýatlar:

وَاذْكُرْ عِبَادَنَا إبْرَاهِيمَ وَإِسْحَاقَ وَيَعْقُوبَ أُوْلِي الْأَيْدِي وَالْأَبْصَارِ (45) إِنَّا أَخْلَصْنَاهُم بِخَالِصَةٍ ذِكْرَى الدَّارِ (46) وَإِنَّهُمْ عِندَنَا لَمِنَ الْمُصْطَفَيْنَ الْأَخْيَارِ (47) وَاذْكُرْ إِسْمَاعِيلَ وَالْيَسَعَ وَذَا الْكِفْلِ وَكُلٌّ مِّنْ الْأَخْيَارِ (48)

<>

Gurhany kerim geçen aýatlarda ozalky pygamberleriň bir näçesiniň ykbalyny beýan etmegiň dowamynda bu aýatlarda hem ylahy pygamberleriň altysynyň adyny tutup olar hakynda dolyrak maglumat bermek bilen : ol pygamberler allanyň päk bendeleri bolandyrlar we alla hem olary her hili hapalykdan arassalap olaryň derejelerini ýokary edendir diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynda pygamberleriň ýöriteligi hökmünde beýan bolan deslapky ýöritelik , pygamberleriň allanyň yhlasly bendeleri bolmaklarydyr . ýene bir ybaratda pygamberler allanyň bendeliginde dogry tapylmak bilen bu beýik orna ýetendirler. olar diňe bir allanyň ybadatyny etmekde däl eýsem ýaşaýyşlarynda hem hemişe allanyň emrine boýun bolandyrlar. Öz ýaşaýyşlarynda elmydam gara nepisleriniň bendisi bolup ýaşan ýöneki ynsanlaryň tersine ylahy ynsanlar şol sanda pygamberler öz işlerinde elmydam allanyň razylygyny we islegini göz öňüne tutandyrlar we allanyň bendeliginde dogry tapylmagy özlerine buýsanç bilendirler . allanyň bendeligini etmekde şu hili belent derejelere ýetmeklik öz özünden başardýan däldir eýsem onuň üçin ynsan köp- köp zähmet çekip özüniň nepis isleglerinden el üzmeli bolýandyr . Taňry tagala pygamberleri hakyky bendeler tanatmagyň ýanynda olaryň ylymly we gözleriniň açykdygyny hem ýatlaýandyr.

Gurhany kerim bu aýatlarda ynsanlaryň her hili hapalykdan we erbetlikden arassalanmaklarynda kyýamat gününiň oýnaýan rolyny hem möhüm bilýändir.

Şeýlede bu aýatlarda iki gaýtar pygamberleriň haýyrly we  ýagşy ynsanlardyklaryna yşarat bolandyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ozalky kowumlaryň we pygamberleriň ykballaryny öwrenip allanyň iberen ilçileriniň hormatyny saklamaklyk gurhany kerimiň ynsanlary terbiýelemek üçin öňe süren şiweleriniň birisidir .

2- pygamberleriň kemalyň ýokary derejelerine ýetmekleriniň asly sebäpkäri olaryň allanyň bendeliginde dogry tapylmaklary bolandyr.

3- ahyretiň gözleginde bolup dünýäden ýüz öwürmeklik ynsanyň päklenip hakykatlara göz ýetirmegine sebäp bolandyr.

//////////////////