bölüm 844, süre sat, aýat 49-58
bölüm 844, süre sat, aýat 49-58
راهی بسوی نور(844)
Sat süresi, 49, 50 we 51-nji aýatlar:
هَذَا ذِكْرٌ وَإِنَّ لِلْمُتَّقِينَ لَحُسْنَ مَآبٍ (49) جَنَّاتِ عَدْنٍ مُّفَتَّحَةً لَّهُمُ الْأَبْوَابُ (50) مُتَّكِئِينَ فِيهَا يَدْعُونَ فِيهَا بِفَاكِهَةٍ كَثِيرَةٍ وَشَرَابٍ (51)
<< bu zat bir ýatlamakdyr , dogrudanda takwa adamlar üçin bir gowy dolangyçdyrmekamdyr.//(bu mekan ) olar üçin ( takwa adamlar üçin ) gapylary açyk bolan Ädän baglarydyr// ol ýerde arkalaryny ( tagta ) berip ol ýerdäki bol miweleriwe içgileri talap ederler. >>
geçen bir näçe aýatda ylahy pygamberleriň bir näçesiniň ykbalynyň üstünde durup geçdik . gurhany kerim bu aýatlarda geçen aýatlaryň gürrüňlerini jemläp : geçen pygamberleriň we kowumlaryň ykballaryny beýan etmekden maksat ýatlamaklykdyr sebäbi gurhanyň inmeginiň maksatlarynyň birsi hakykatlary ýatlap durmaklykdyr diýip beýan edýär.
Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : allanyň lutfy keremi , diňe pygamberlere mahsus däldir eýsem dogry ýoly saýlan bütin takwa adamlary öz içine alýandyr we olaryň agybaty hem gowa çatjakdyr , taňry tagala takwa adamlaryň dünýäde çeken kynçylyklaryna kyýamatda gowy serpaýlary berip olary razy etjekdir egerde takwa adamlar dünýäde halal- haram zatlara üns bermän kä lezzedlerden we hoşluklardan gözlerini ýuman bolsalar taňry tagala kyýamatda dünýäniň lezzetlerinden we hoşluklaryndan 10 esse artykmaç bolan lezzetleri we hoşluklary olara bagyş etjekdir. elbetde dünýäniň lezetleri we hoşluklary geler geçer zatdyr ýada ölümdir hassalyk bilen aradan gidýändir ýöne ahyretiň lezzetleri we hoşluklary hemişelikdir we olara tükenmeklik ýokdur. dogrusy Taňry tagala kyýamatda özüniň adly bilen takwa adamlary hemişelik nygmatlar bilen doly suratda razy etjekdir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- taryhy we geçen kowumlaryň we ynsanlaryň ykballaryny öwrenmeklik , gaty peýdaly zatdyr bu zat bir güýmenjedäldir eýsem ynsanlaryň hüşgärligi üçin bir gerek zatdyr .
2- köp ýaşamaklyk möhüm däldir eýsem möhüm zat , ýaşaýşyňy nähili geçirmeklikdir , ýaşaýyşlaryny takwalyk bilen geçirýän ynsanlaryň soňy gowy bolýandyr şonuň üçin hem taňry tagala takwa adamlaryň soňunyň gowy boljakdygyny söz berendir .
3- allanyň rahmet gapylary behişt ähli üçin hemişe açyk bolar we olar alladan her näme isleseler şol zat olaryň erkinde goýlar.
Sat süresi, 52, 53 we 54-nji aýatlar:
وَعِندَهُمْ قَاصِرَاتُ الطَّرْفِ أَتْرَابٌ (52) هَذَا مَا تُوعَدُونَ لِيَوْمِ الْحِسَابِ (53) إِنَّ هَذَا لَرِزْقُنَا مَا لَهُ مِن نَّفَادٍ (54)
<< we olaryň ( behişt ähliniň ) ýanynda , gözlerini diňe ärlerine tikip duran we ýaşlary deň bolan başdaşlary bolar // budyr hasap güni üçin sizlere wadasy berlen zatlar // dogrudanda bu zat biziň olara haslan tükeniksiz ryzkymyzdyr.>>
Behiştiň nygmatlaryny beýan edýän gaçan aýatlaryň dowamynda gurhany kerim bu aýatlarda ynsanlaryň behiştde başdaşa mätäçdiklerine yşaratedip : taňry tagala , diňe başdaşyna üns berýän gözel we päk we öz başdaşlary bilen başdaş bolan zenanlary behişt ähline haslandyr diýip aýdýar.
Gurhanykerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : hemme ynsanlaryň hasap güni bolar we hasap güni bütin ynsanlar üçindir we ol günde ynsanlar özleriniň ýagşy we telek işleri barada hasap bermeli bolarlar bu arada diňe takwa ynsanlar behiştiň nygmatlaryndan paýly boljakdyrlar , ahyretdeallanyň beren wadalary durmuşa geçjekdir we allanyň beren wadalarynda ikilik bolmaz onsuňda ahyretdeallanyň behişt ähline haslan nygmatlaryna tükenmek bolmaz .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- päk aýalyň ýöritelikleriniň biriside,ol özüniň başdaşyndan aýry hiç bir namähremegözüni tikýän däldir. onuň ünsi hemişe başdaşynda bolýandyr.
2- behiştiň nygmatlary hemişelikdir hemde onuň hasaby bellidir. We her kim her kime berilýän däldir.
3- kyýamatda ynsanlar öz jisymlary bilen huzur tapýandyrlar , dowzah ähli öz jisymlary bilen azap görýändirler we behişt ähli hem öz jisymlary bilen behiştiň nygmatlaryndan peýdalanýandyrlar.
Sat süresi, 55, 56, 57 we 58-nji aýatlar:
هَذَا وَإِنَّ لِلطَّاغِينَ لَشَرَّ مَآبٍ (55) جَهَنَّمَ يَصْلَوْنَهَا فَبِئْسَ الْمِهَادُ (56) هَذَا فَلْيَذُوقُوهُ حَمِيمٌ وَغَسَّاقٌ (57) وَآخَرُ مِن شَكْلِهِ أَزْوَاجٌ (58)
<< bu zat ( behişt ähliniň serpaýydyr ) we ( kyýamat, hetden geçen ) Tagutlarüçin iň erbet dolangyç mekandyr// olaryň girjek dowzahlary ne erbet otrakdyr // ol ýerde gaýnap duran suwdan we iriňden içmeli bolarlar // we ( bolardan aýry ) ýene durly , durly azaplar ( olar üçin kyýamatda ) taýýar edilendir.>>
Gurhany kerim ynsanlary terbiýelemek üçin ýagşy we ýaman adamlaryň ykballaryny bir – birleriniň ýanynda beýan edip olary deňeşdirýändir we bu şiwebilen hem ynsanlar haýsy ýoluň gowydygyny seljerip bilýändir . gurhani kerim bu aýatlarda hem behişt ähliniň erkinde goýuljak nygmatlary beýan etmekden soň aýdýar : ýöne dünýäde öz hetlerinisaklaman hak bilen tersleşen Tagutlar we günäkär ynsanlar kyýamatda agyr azaplara garaşmaly bolarlar we olar kyýamatda behiştiň içgileriniň ýerine dowzahyň gaýnap duran suwundan we iriňinden içmeli boljakdyrlar. olaryň barjak jaýlary dowzah bolar dowzah bolsa iň erbet jaýdyr we ol ýerde dowzah ähliniň burnyna gelýän is , iriňiň we maslygyň isidir. elbetde dowzah ähliniň görjek azaplary gaýnap duran suwdan we iriňden içmeklikden aýry ýene şu hili köp azaplar olara beriljekdir bu zatlar bolsa dowzah ähliniň hemişe azap çekmekligine sebäp boljakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- bir zadyň we bir işiň soňuna garamaklyk , ynsanyň dogry ýoly saýlamaklygyna kömek edýändir we ynsanlary , allanyň ýoluna tarap iterýär .
2- allanyň kyýamatda günä işlere haslan azaplary,dowzah ählini hemişe azap berjekdir we dowzah ähli bu azaplara hiç mahal öwrenşjek däldirler .
3- dünýäniň geler geçer bäş günlik lezzetleri üçin özümizi ahyretiň hemişelik azabyna giriftar etmäýli.
///////////////