Dec 11, 2017 10:39 Asia/Ashgabat

bölüm,724,süre änkäbut,aýat 41-45

برنامه راهی بسوی نور( (724

Änkäbut süresi, 41 we 42-nji aýatlar:

          مَثَلُ الَّذِينَ اتَّخَذُوا مِن دُونِ اللَّهِ أَوْلِيَاء كَمَثَلِ الْعَنكَبُوتِ اتَّخَذَتْ بَيْتاً وَإِنَّ أَوْهَنَ الْبُيُوتِ لَبَيْتُ الْعَنكَبُوتِ لَوْ كَانُوا يَعْلَمُونَ (41) إِنَّ اللَّهَ يَعْلَمُ مَا يَدْعُونَ مِن دُونِهِ مِن شَيْءٍ وَهُوَ الْعَزِيزُ الْحَكِيمُ (42)

<<>>

Geçen gepleşiklerde Allanyň iberen ilçileriniň öňünde duran adamlaryň we kowumlaryň gabat gelen ýaramaz ykballaryny beýan edip berdik. Gurhany kerim şol gürrüňleriň dowamynda bu aýatda kapyrlaryň ýagdaýny bir gowy mysal bilen suratlandyryp aýdýar : olar Alla bendelik etmegiň ýerne başgalara ýada başga zatlara çokunýandyrlar emma aslynda , Alladan gaýry zatlar we närseler hata Fyrown, özüniň şol azamaty bilen , Allanyň ýanynda hiçdir bu kapyrlaryň Alladan gaýry kimselere we närselere çokunmaklary edil möýiň özüne gurýan jaýna meňzeşdir we möýiň jaýy hata bir ýuwuşjak şemalyň öňüne hem durup bilmän dargaýandyr . hawa Alladan gaýra daýanýanlaryň mysaly möýiň öýne daýanýanlaryň mysalydyr we kyn ýagdaýlarda möýiň öýne hiç ygtybar ýokdur. Egerde müşrikler özleriniň daýanýan zatlarnyň ne-çende ejizdigini bilselerdi hergiz olara daýanmazdylar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- gurhany kerim hakykatlary beýan etmekde dürli şiweleri ulanandyr şol şiweleriň birisi-de bütin ýagdaýlarda we döwürlerde we mekanlarda ynsanlara düşnükli bolan mysallary ulanmaklykdyr.

2- imanyň köki berk we mäkämdir ýöne şirkiň köki edil möýiň öýi ýaly gowşak we ejizdir.

3-möýiň öýi mysalynda bolan Alladan gaýra çokunmaklyk dogry däldir onuň ýerine egsilmez gudratdan we hekmetden paýly bolan Taňry tagala çokunmalydyrys.

Änkäbut süresi , 43 we 44 nji aýatlar :

وَتِلْكَ الْأَمْثَالُ نَضْرِبُهَا لِلنَّاسِ وَمَا يَعْقِلُهَا إِلَّا الْعَالِمُونَ (43) خَلَقَ اللَّهُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ بِالْحَقِّ إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَةً لِّلْمُؤْمِنِينَ (44)

<< bu mysallary halka beýan edýäris ýöne bilimli we magryfatly ynsanlardan başgalary olar hakynda oýlanmaýarlar // Alla asmanlary we ýeri hak bilen ýaradandyr, dogrudanda bu ýaradylyşda möminler üçin (gowy ) nyşanalar bardyr .>> 

Gurhany kerimiň bu aýatlary Gurhanda getirlen mysallaryň ähmiýetne yşarat edip aýdýar : bu mysallar ýöneki mysallar mykam diýmäň bu mysallar Allanyň kelamydyr we şolarda iman bilen kapyrlygyň hakykatlary beýan edilendir egerde bu mysallar ilatyň gözüne ýöneki mysallar hökmünde görünýän bolsa alymlar bu mysallarda çuň manylary görýändirler ýöne bu mysallardaky çuň manylary düşünmek üçin olar hakynda dogry oýlanmaly bolýandyr Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda barça zatlaryň Alla tagaladan başlanýandygyny ýatladyp: barça zatlary ýokdan bara getiren Alla tagala gudratly we hekimdir we ol barlygy bihuda ýaradan däldir eýsem hak bilen ýaradandyr möminler bu hakykata göz ýetirendirler ýöne müşrikler we kapyrlar bu zatdaky hakykaty düşünmekden mahrumdyrlar diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- Gurhany kerimiň getirýän mysallary hakykata laýyk gelýändir we alymlar hem bu mysallardaky hakykatlara oýlanyp düşünýändirler.

2- jahan maksatsyz ýaradylan zat däldir eýsem jahanyň belli maksady , myrady bardyr.

3-kapyrlar we müşrikler dünýädäki närseleri tanamak ugurda tagalla edýändirler, emma olar bu närseleriň içindäki hakykatlary bilmek üçin alada edýän däldirler emma möminler dünýädäki närseleri we olardaky hakykatlary Allanyň nyşanalaryndan bilip, olary öwrenmeklik bilen Taňry tagala ýetmek ugurda tagalla edýändirler .

Änkäbut süresi , 45 nji aýat:

اتْلُ مَا أُوحِيَ إِلَيْكَ مِنَ الْكِتَابِ وَأَقِمِ الصَّلَاةَ إِنَّ الصَّلَاةَ تَنْهَى عَنِ الْفَحْشَاء وَالْمُنكَرِ وَلَذِكْرُ اللَّهِ أَكْبَرُ وَاللَّهُ يَعْلَمُ مَا تَصْنَعُونَ (45)‏

<< ( eý pygamber ! ) kitapdan saňa wahyý bolýan zatlary ( halka ) okap ber we namazy ýerine ýetir, çünki ( namaz ynsany ) telek we ýaramaz işlerden alyp galýandyr, we elbetde Allanyň zikri uly (ybadatlardan )dyr we Alla syzyň edýän amallaryňyzy bilýändir.>>

Gurhany kerimiň bu aýatnyň ýüzlenýän adamsy resuly ekrem(s.w)dir ýöne şondan gelende bu aýatyň ýüzlenýän tarapy yslam pygamberinden aýry bütin möminleri hem öz içine alýandyr. we Taňry tagala möminleriň ünsüni bu aýatdaky buýruga çekmek üçin öz resuluna ýüzlenip buýruk berendir . Taňry tagala bu aýatda iki zady tabşyrandyr . birinjisi, Gurhany talawat etmekdir. Ikinji  buýrugy bolsa namaz okamak baradadyr. Bu iki buýrugyň mömin adam tarapyndan yzygiderli ýerine ýetirilip durmagy ynsanyň ýüreginde we onuň ýaşaýşynda möhüm täsiri galdyrýandyr emma bu buýruklary ýerine ýetirmekde keýeňlik etmeklik imanyň ejizlenmegine sebäp bolýandyr . sebäbi Gurhan bilen namaz mömin ähline güýç, kuwwat bagyş edýändir . indi Gurhan okamaklyk aýatlaryň manasyna üns bermeklik bilen hemra bolsa ynsanyň imanyny kuwwatlandyrmakda gaty täsirli boljakdyr . hawa , namaz hem dogry okalsa we yhlas bilen berjaý kylynsa namazhon adamyň ýaramazlyklardan we günä işlerden arany açyp ruhunyň päklenmegine sebäp boljakdyr .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- Gurhany talawat etmek we namazy okamaklyk yslamyň, ynsanlary terbiýelemek ugurdaky prugrammalarynyň başynda durýandyr. Şonuň üçin hem din owliýalary bu ugurda köp tabşyryklary berendirler.

2- Gurhany kerim diniň kä buýruklarynyň delilni beýan edip berendir, şol sanda namazyň ynsany päklige çagyryp onuň Allat agalaga ýakynlaşmagyna sebäp bolýandygyny aýdýandyr .

3- Gurhan okap namazy berjaý kylmaklyk ýaly ýagşy işler , öz – özünden ynsany ýagşylyga iterip erbetliklerden alyp galýandyr.

4- namaz , ynsanyň we köpçüligiň düzelmeginde gaty täsirlidir.

 

////////////////