bölüm,725,süre änkäbut,aýat 46-49
bölüm,725,süre änkäbut,aýat 46-49
برنامه راهی بسوی نور( (725
Änkäbut süresi, 46-njy aýat:
وَلَا تُجَادِلُوا أَهْلَ الْكِتَابِ إِلَّا بِالَّتِي هِيَ أَحْسَنُ إِلَّا الَّذِينَ ظَلَمُوا مِنْهُمْ وَقُولُوا آمَنَّا بِالَّذِي أُنزِلَ إِلَيْنَا وَأُنزِلَ إِلَيْكُمْ وَإِلَهُنَا وَإِلَهُكُمْ وَاحِدٌ وَنَحْنُ لَهُ مُسْلِمُونَ (46)
<< kitap ähliniň zalymlaryndan başgalary bilen iň gözel suratda bäsleşiň (başga şekilde olar bilen bäsleşmäň) we (olara) :biz , özümize we size inen zatlara imanymyz bar we biz bilen siziň Taňryňyz birdir we biz oňa boýundyrys diýip aýdyň.>>
Gurany kerim geçen aýatlarda , kapyrlara we müşriklere nähili çemeleşip olar bilen nähili bäsleşmegi beýan edeni soň bu aýatda kitap ählinden bolan jöhitlere we hristiýanlara nähili çemeleşip olar bilen nähili bäsleşmek ýoluny beýan edip berýär, bu barada Gurany kerim bu umumy usula yşarat edip : kitap ähli bilen bäsleşmeli bolsaňyz hökman olara hormat goýuň we olar bilen edepli gepleşiň diýip aýdýar . şeýlede : kitap ähli bilen gepleşeňizde özüňizi össem bilmäň eýsem delil we mantyk bilen gepleşiň öz berhaklygyňyzy subut etmek ugurda tagalla ediň diýip aýdýar .
Elbetde kitap ähline hormat goýmaly bolsa ol iki taraplaýyn bolmaly , kitap ählinden hem her kim gödek gürleşse we gepleşikde garşy tarapyň hormatyny saklamasa Gurhanyň bu aýatynyň aýdyşyna görä oňa hormat goýmak gerek däldir , bu hili adamlara özleri ýaly çemeleşip olaryň uly däldiklerini özlerine bildirmelidir .
Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda , asmanlyk dinleriň meňzeş taraplaryna yşarat edip musulmanlara şeýle tabşyrýar: asmanlyk dinleriň we şerigatlaryň parhly taraplaryna üns bermegiň deregine olaryň meňzeş taraplaryna ýapyşyp şol meňzeşliklerden mysal getirip bäsleşiň we öz garşy tarapyňyza “biz musulman we Allanyň emrine boýundyrys” diýip düşündiriň we olardan hem Allanyň emrine boýun bolmaklaryny isläň .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :
1- Musulman adam kitap ähli bilen bäsleşmeli bolanda hökman onuň hormatyny saklap delil we mantyk bilen yslamyň berhaklygyny subut etmek ugurda tagalla etmelidir . elbetde musulman adam özüniň musulman dogany bilen hem şu hili bäsleşmelidir .
2- Yslam taglymaty , asmanlyk dinleriň meňzeş taraplary esasynda gepleşmeklerini nygtaýandyr .
3- Diňe Alla we onuň resuluna iman getirmeklik ýeterlik däldir, eýsem olaryň permanlaryna boýun egmeklik hem gerekdyr .
Änkäbut süresi, 47-nji aýat :
وَكَذَلِكَ أَنزَلْنَا إِلَيْكَ الْكِتَابَ فَالَّذِينَ آتَيْنَاهُمُ الْكِتَابَ يُؤْمِنُونَ بِهِ وَمِنْ هَؤُلَاء مَن يُؤْمِنُ بِهِ وَمَا يَجْحَدُ بِآيَاتِنَا إِلَّا الْكَافِرُونَ (47)
<< we şu hili saňa bu gurhan kitabyny inderdik. onda , kitap beren ymmatlarymyz bilen ( kitap ähli bolanlar) oňa iman getirerler we bulardan (müşriklerden hem) bir näçeleri iman getirerler we kapyrlardan özge hiç kim biziň aýatlarymyzy inkär etmezler.>>
Taňry tagala hezreti Musa bilen Isa Towrat bilen Enjil kitaplaryny bagyş edişi ýaly Gurhan kitabyny hem yslam pygamberine inderdi. bu asmanlyk kitaplar bir birlerini ret edýän däldirler , şonuň üçin hem musulmanlar , ozalky asmanlyk kitaplary şol sanda Towrat bilen Enjil kitaplaryny tassyklaýandyr, oňa görä kitap ähli bolan jöhitler hemde hristiýanlar hem yslamyň asmanlyk kitaby bolan Gurhany kerimi tassyklamalydyrlar we oňa hormat goýmalydyrlar sebäbi Gurhany kerim , usul taýdan , ozalky asmanlyk kitaplar bilen bir ugurda ýerleşýändir we olar bilen sazdaşdyr , Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda aýdýar: diňe bir kitap ähli däl eýsem hak we hakykatyň gözleginde bolan müşrikler we kapyrlar hem Gurhandaky magaryflara göz ýetirseler oňa iman getirerler, diňe jedelkeş kapyrlar Gurhany inkär ederler . elbetde olaryň inkär etmekleri bilen hem Gurhanyň berhaklygyna zyýan ýetmez , sebäbi Gurhan özüniň berhaklygyny kapyrlaryň kabul etmeklerinden ýada ret etmeklerinden alýan däldir eýsem Gurhanyň berhaklygy Allanyň özüne dolanýandyr .
Kapyrlaryň Gurhanyň berhaklygyna inkär etmekleri edil olaryň günüň öňüne galyň tuty çekip onuň barlygyny inkär etmekleri ýalydyr. galyň tutyň saýasynda gizlenip güneşiň barlygyny inkär edip bolmaz .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :
1- Gurhany kerim beýleki asmanlyk kitaplara hormat goýmak bilen olara eýerýän adamlary yslama çagyrýandyr .
2- Alla eýerýän adamlara täze diniň we pygamberiň gelmegi bilen oňa iman getirmelidir. we “meň öz dinim dogry” diýip diňe täsibiň ýüzünden onuň öňki dinde galmagy dogry däldir .
Änkäbut süresi,48 we 49-njy aýatlar:
وَمَا كُنتَ تَتْلُو مِن قَبْلِهِ مِن كِتَابٍ وَلَا تَخُطُّهُ بِيَمِينِكَ إِذاً لَّارْتَابَ الْمُبْطِلُونَ (48) بَلْ هُوَ آيَاتٌ بَيِّنَاتٌ فِي صُدُورِ الَّذِينَ أُوتُوا الْعِلْمَ وَمَا يَجْحَدُ بِآيَاتِنَا إِلَّا الظَّالِمُونَ (49)
<< we sen mundan ozal hiç kitap okamadyň we ýada eliň bilen hiç bir zat ýazmadyň ( eger okap ýazan bolsadyň ) batyl ýolda bolanlar saňa şek ederdiler.// eýsem ol (Gurhan) magryfat nurundan paý alan ynsanlaryň gursaklarynda ýagtylyk saçýan aýatlardyr we zalymlardan başga hiç kim biziň aýatlarymyzy inkär etmezler.>>
Gurhany kerimiň aýatlary beýleki asmanlyk kitaplaryň aýatlary bilen sazdaş diýdik . Gurhany kerim Änkäbut süresiniň 48-nji aýatynda , Gurhany kerimiň berhaklygynyň ýene bir nyşanlaryna yşarat edip aýdýar : yslam pygamberi Gurhan inmezinden ozal mekdebe gidip ussat gören zady ýok , ol ne ýazypdyr we nede kitap okapdyr oňa görä oňa şek edip “Gurhan kitabynyň aýatlary ozalky kitaplaryň içinde gelen zatlar” diýip bolmaz .
Mekdebe gidip kitabyň ýüzüni açmadyk ynsanyň dilinden Gurhany kerimiň aýatlarynyň çykmagy bu kitabyň bir uly mugjyzadygyny subut edýändir .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :
1- Allanyň islegi bilen mekdep görmedik adam hem ynsan köpçüliginiň medeniýetini düzeldip bilýändir . elbetde şonçada mekdep görüp magnawyýaty inkär edýän bilimli we sowatly adamlar hem bir köpçüligi azgynçylyga uçradyp bilýändirler .
2- Hüşgärlik bilen duşmanlaryň hile aramaklarynyň öňüni almalydyr .
3- Magrafatly we bilimli ynsanlar, Gurhany kerimiň berhaklygyny jany tenleri bilen kabul edýändirler .
////////////////