bölüm,726,süre änkäbut,aýat 50-55
bölüm,726,süre änkäbut,aýat 50-55
برنامه راهی بسوی نور( (726
Änkäbut süresi, 50 we 51-nji aýatlary:
وَقَالُوا لَوْلَا أُنزِلَ عَلَيْهِ آيَاتٌ مِّن رَّبِّهِ قُلْ إِنَّمَا الْآيَاتُ عِندَ اللَّهِ وَإِنَّمَا أَنَا نَذِيرٌ مُّبِينٌ (50) أَوَلَمْ يَكْفِهِمْ أَنَّا أَنزَلْنَا عَلَيْكَ الْكِتَابَ يُتْلَى عَلَيْهِمْ إِنَّ فِي ذَلِكَ لَرَحْمَةً وَذِكْرَى لِقَوْمٍ يُؤْمِنُونَ (51)
<<(kapyrlar) : näme üçin oňa Hudaýy tarapyndan nyşanalar (mugjyzalar) inmändir diýip aýtdylar . olara aýt : nyşanlar diňe Allanyň ýanyndadyr we men bolsa diňe bir duýduryş berijidirin diýip.// bu zat, olara ýeterlik dälmi ? biz saňa kitap inderdik we sen bolsa ony olara okap dursyň, dogrudanda bu kitap mömin adamlara rahmat we zikirdir. >>
Geçen gepleşikde Guran kerimiň we yslam pygamberiniň berhaklygyny subut etmekde kä delilleri beýan etdik , Guran kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : bu delillere we nyşanlara garamazdan kapyrlaryna baha ýene bahana arap “näme üçin Muhammet , Isa we Musanyň mugjyzalary ýaly mugjyzalary getirmeýär? näme üçin biziň islän zatlarymyzy ýerine ýetirmeýär ? näme üçin gurap ýatan çöllerde ýaplary we bulaklary akdyrmaýar? näme üçin Hudaýy tarapyndan bize hat getirmeýär?” diýip aýtdylar .
Aslynda bu kapyrlar bu hili bahanalar bilen iman getirmezligiň yzynda däldiler ýogsa , ozalky kowumlardan hem köpler hezreti Isa we hezreti Musa we beýleki pygamberlerden mugjyza görseler-de iman getirmediler eýsem başga - başga zatlary bahanalap ýene olary inkär etdiler. bu kapyrlar hem iman getirmezlik üçin ýöne bir bahananyň gözlegindediler . ýogsa Taňry tagalanyň özüniň aýdyşy ýaly Guran kerimiň özi bir uly mugjyzady we kapyrlar her näçe tagalla etselerde şonuň mysaly ýaly ýekeje süräni hem düzüp bilmediler , onsoňda ozalky pygamberleriň görkezen mugjyzalary olaryň öz yradalary bilen ýada kapyrlaryň islegi boýunça bolan iş däldir eýsem Allanyň yradasy bilen bolandir we Alla özüniň iberen pygamberleriň ber-haklygyny subut etmek üçin olara şu hili mugjyzalary görkezendir we yslam pygamberi üçin bolsa guran kerimi hemişelik mugjyza edip goýandyr .
Pygamberleriň asly borjy jady we göz bagçylyk etmek däldir , eýsem halky dogry ýola hydaýat etmek üçin mantyk we delil bilen olara ýaramazlyklar barada duýduryş berip gowylyklar hakynda buşluk bermeklikdir . kapyrlar we müşrikler yslam pygamberinden geler – geçer mugjyzalary talap edýärdiler, emä guran bolsa yslam pygamberiniň ölmez – ýitmez mugjyzasydy, bu mugjyzany bir adam getiripdi weli ol ondan ozal ne mekdep görüpdi we nede kitap okapdy .
Guran kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :
1- Soňky pygamberiň mugjyzasy hat görnüşde bolan Guran kitabydyr, ol hemişelik mugjyzadyr.
2- Guran , köp taraply bir kämil kitapdyr we bu kitapda ynsanyň bütin mätäçliklerine jogap berlendir .
3- Guran kerim ynsany gaflatdan daşlaşdyryp hemişelik rahmete duş edýän kitapdyr .
Änkäbut süresi, 52 we 53-nji aýatlar :
قُلْ كَفَى بِاللَّهِ بَيْنِي وَبَيْنَكُمْ شَهِيداً يَعْلَمُ مَا فِي السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَالَّذِينَ آمَنُوا بِالْبَاطِلِ وَكَفَرُوا بِاللَّهِ أُوْلَئِكَ هُمُ الْخَاسِرُونَ (52) وَيَسْتَعْجِلُونَكَ بِالْعَذَابِ وَلَوْلَا أَجَلٌ مُّسَمًّى لَجَاءهُمُ الْعَذَابُ وَلَيَأْتِيَنَّهُم بَغْتَةً وَهُمْ لَا يَشْعُرُونَ (53)
<< eý pygamber kapyrlara aýt “siz bilen meň aramyzda Allanyň güwälik bermegi ýeterlikdir , ol göklerde we ýerdäki barça zatlary bilýändir we batyla ýüz öwrüp Alla kapyr bolanlar, şol zyýankärlerdir “ diýip.// olar senden herne basym azabyň inmegini isleýändirler , egerde (olara berlen ) möhlet arada bolmasady hökman azap depelerinden inerdi (we elbetde ) azap habarsyz başlaryna iner , şonda bilmän galarlar.>>
Guran kerim bu aýatlarda yslam pygamberine göwünlik berip : egerde kapyrlar seniň ber-haklygyňy inkär edýän bolsalar ruhdan düşme, sebäbi Alla seniň edýän tagallalaryňy synlap durandyr we seni goldaýandyr diýip aýdýar . aýry bir tarapdan yslam pygamberi kapyrlara ýüzlenip : egerde men ýalançy bolsam we pygamber bolman pygamberlik dawasyny edýän bolsam Alla meniň işlerime güwädir we ol meni halka ryswa eder diýip aýdýar . Guran kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : emä hak bilen jedel edýän kapyrlar pygamberiň sözüne gulak bermän “aýdýanyň dogry bolsa onda biziň depämizden azap inder” diýip aýtdylar .
Kapyrlar , Allanyň ynsanlara dünýäde ýaşamak üçin we özlerini subut etmek üçin bellije möhlet berendigini bilmeýärdiler , bilýän bolsalardy bu islegi dile getirmezdiler .
Guran kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :
1- Kapyrlaryň , özleriniň kapyrçylyk ýollaryny dowam etmekleri möminleri numyt etmeli däldir , ýene bir ybaratda kapyrlaryň alyp barýan kapyrçylykly işleri möminleriň numytlygyna sebäp bolmaly däldir , sebäbi kapyrçylygyň soňy zyýankärlikden aýry zat däldir .
2- Taňry tagala yslam pygamberiniň ber-haklygyny makullap oňa güwälik berýändir .
3- Allanyň gahar gazaby hekmet esasyndadyr Alla howlugyp ýada nadanlaryň isleglerine görä özüniň azabyny inderýän däldir.
Änkäbut süresi, 54 we 55-nji aýatlar :
يَسْتَعْجِلُونَكَ بِالْعَذَابِ وَإِنَّ جَهَنَّمَ لَمُحِيطَةٌ بِالْكَافِرِينَ (54) يَوْمَ يَغْشَاهُمُ الْعَذَابُ مِن فَوْقِهِمْ وَمِن تَحْتِ أَرْجُلِهِمْ وَيَقُولُ ذُوقُوا مَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ (55)
<< Dowzah kapyrlary gurşap alan mahaly olar senden azap indermekde tijenmegiňi isleýärler.// haçan bolar bir gün weli azap depelerinden we aýaklarynyň astyndan olary gurşap alar (şonda Alla olara ) “eden etmişleriňiziň (netijesini ) dadyň” diýip aýdar.>>
Geçen aýatlarda gelşine görä kapyrlar ylahy azabyň herne basym depelerinden inmegini pygamberden islediler. Guran kerim bu aýatlarda olaryň bu islegleriniň jogabynda aýdýar : näme üçin howlukýaňyz? bilseňiz şu mahalyň özünde hem siz jähennemde ýaşaýansyňyz , zulum , sütem , adalatsyzlyk , oruş we ruhy kynçylyklar, bularyň hemmesi jähennemiň görnüşleridir . ylahy azap , tupan , sil we ýer yranma bilen inýänmykan diýip güman edýärsiňizmi ?
Ýok siziň şu dünýäde edýän amallaryňyz hem bilseňiz siz üçin bir azapdyr , ol işleriň netijesi soňda azap bolup başyňyza inýändir . elbetde ahyretde hem özüňiziň bu dünýäde eden günä işleriňiziň netijesini ot görnüşinde görjeksiňiz we şonda tamyň ody dört tarapdan sizi gurşap aljakdyr we siziň bolsa gaçara ýeriňiz boljak däldir .
Guran kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :
1- Alla , kapyrlar öz eden etmişlerinden gaýdyp toba etsinler diýip olara möhlet berýändir ýöne olar bu möhletiň gadyryny bilýän däldirler .
2- her bir işiň içi bardyr ýada içgin keşbi bardyr , Dowzah bolsa ynsanyň dünýäde eden etmişleriniň içgin keşbidir .
///////////////////