bölüm,727,süre änkäbut,aýat 56-61
bölüm,727,süre änkäbut,aýat 56-61
برنامه راهی بسوی نور( (727
Änkäbut süresi, 56 we 57-nji aýatlar:
يَا عِبَادِيَ الَّذِينَ آمَنُوا إِنَّ أَرْضِي وَاسِعَةٌ فَإِيَّايَ فَاعْبُدُونِ (56) كُلُّ نَفْسٍ ذَائِقَةُ الْمَوْتِ ثُمَّ إِلَيْنَا تُرْجَعُونَ (57)
<< eý maňa iman getiren bendelerim ! ýer giňdir onda diňä maňa ybadat ediň // her kim ölüm ( awusyny ) dadar soň bize tarap gaýdyp geljeksiňiz .>>
Yslam dininiň musulmanlara beren tabşyryklarynyň biriside olaryň öz imanlaryny goramak üçin hijret etlekleridir . yslamyň başynda musulmanlar gaty basyş astynda bolupdyrlar we olar özleriniň dini borçlaryny arkaýynlykda ýerne ýetirip bilmändirler şonuň üçin hem yslam pygamberi bileki hakyky möminler bilen birlikde Mekgeden Medine şäherine hijret edýärler .
Gurhany kerim bu aýatlarda bir usuly beýan edip : öz dogdyk ýurduňdan el özmegi kyn görüp imanyndan el özmeli däldir eýsem mömin adam ilki bada özüniň imanyny goramalydyr sebäbi ynsan dünýä baky gelen däldir we ol özüniň gysga ömründen ilki bada imanyny gazanmalydyr diýipdir.
Hawa ynsanyň ýaşaýşyndan yzarlaýan maksady köpräk mal -mülk ýada köpräk ýer – ýurt gazanmak bolmaly däldir eýsem ahyretini gazanjak bolup alada etmelidir şu hili pikre gulluk edýän ynsan özüniň dogdyk ýurdunda galmak üçin imanyndan el üzmez .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- ýaşaýan ýurdumyzy saýlamaly bolamyzda haýsy ýurtda gowyrak dinimizi we imanmyzy saklap biljek bolsak şony saýlamalydyrys.
2- dinini goramak üçin hijret etmeklik mömin adamyň borçlaryndandyr.
3- haýsydyr bir ýurtdy we çlkä göwün berip şol ýurtdan el özmäni az kynçylyga uçraýan adamlardan kyýamatda soraljakdyr we olaryň getirýän bahanalary kabul ediljek däldir.
4- ölüm hemmelere barabardyr we hiç kim ölümiň elinden gutulyp biljek däldir. onda öz ýaşaýşymyzda ahyretimizi gazanjak bolup alada etmelidiris.
Änkäbut süresi, 58 we 59-njy aýatlar:
وَالَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ لَنُبَوِّئَنَّهُم مِّنَ الْجَنَّةِ غُرَفاً تَجْرِي مِن تَحْتِهَا الْأَنْهَارُ خَالِدِينَ فِيهَا نِعْمَ أَجْرُ الْعَامِلِينَ (58) الَّذِينَ صَبَرُوا وَعَلَى رَبِّهِمْ يَتَوَكَّلُونَ (59)
<< iman getirip ýagşy işleri eden adamlary jennetde bir saraýlarda ýerleşdireris weli astyndan akarlar akyp duran bolsun we olar ol ýerde hemişelik galarlar. we ne gözeldir ýagşy işleri edýänleriň serpaýy// olar sabyr edip öz perwerdigärlerine töwekgel eden ynsanlardyr.>>
Taňry tagala bu aýatlarda öz imanlaryny goramak ugurda watanlaryndan sergezdan bolup kynçylyk çeken möminlere ahyretde behiştde düýbinden akarlar akyp duran saraýlarda mesgen tutup köp nygmatlardan bähre aljakdyklaryny buşlaýar .Gurhany kerim bu aýatlarda möminleri ahyretde Allanyň rahmetine duş edip olary behişte saljak Üç häsiýete yşarat edip ýagşy işleri etmeklik , kynçylyklara sabyr etmeklik we işlerde Alla töwekgel etmek bilen möminiň behişte girjekdigini aýdýar.
Dogrusy imany bolmadyk ýerinde ýagşy amaldan peýda ýokdur şonçada sabyr bolmadyk ýerinde iş hem netije berýän däldir . şeýlede Alla töwekgel edilmedik ýerinde sabryň hem dowamy bolýan däldir Alla töwekgel edýän adamyň sabry hem kän bolýandyr .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- behişte girmegiň we onuň nygmatlaryndan paýly bolmagyň şerti iman bilen ýagşy işleri etmeklikdir.
2-möminleriň dünýäde imanlaryny goramak üçin elden berýän zatlaryny Alla ahyretde artykmaçlygy bilen gaýdyp berjekdir .hatda ondan näçe esse zyýada we näçe esse gowy zatlary merhemet etjekdir.
3- ynsan özüniň ýaşaýyşynda netije gazanjak bolsa hökman sabyrly bolmalydyr bu arada duşmanlaryň dürli ezýetlerine we basyşlaryna gabat gelýän möminler has beter sabyrly bolmalydyrlar .
Änkäbut süresi, 60-njy aýat :
وَكَأَيِّن مِن دَابَّةٍ لَا تَحْمِلُ رِزْقَهَا اللَّهُ يَرْزُقُهَا وَإِيَّاكُمْ وَهُوَ السَّمِيعُ الْعَلِيمُ (60)
<< ( belkide) özleriniň ryzklaryny gazanyp bilmeýän jünbendeler köpdir. Alladyr olara we sizä ryzyk berýän we ol bilimli we eşitgijidir .>>
Gurhany kerim geçen aýatlarda mömin adamyň öz imanyny goramak üçin onuň hijret etmegini nygtamakdan soň bu aýatda aýdýar : “kapyrlaryň ülkesinden hijret etsem gün-oňşugym nähili bolar” diýip gün-oňşugynyň aladasyny edmäň. hijret etmekden başga çäräňiz bolmasa hökman hijret ediň Allanyň özi ryzkyňyzy ýetirer , ýer , gökdäki barça jandarlaryň ryzkyny berýän Alla syzy unutmaz . hatda gündelik mätäçliklerini şol günde gazanýan haýwanlar hem öz bolýan jaýlaryndan şikäre çykanlarynda Alla olary numýt goýmaýar we hersiniň ryzkyny ýetirer. Şeýle bolýan bolsa , özüniň zähmet talaşy we akly bilen ryzkynyň gözlegine çykýan ynsanlar , Alla töwekgel eden ýagdaýlarynda Alla hem olary hergiz numyt goýmaz we olaryň ryzkyny berer.
Oňa görä mömin adamyň günioňşugyny bahanalap hijret etmeli wagtynda hijret etmekden saklanmagy dogry däldir. Alla, özüniň imanyny gorajak bolup hijret eden möminiň ryzkyny ýetirjekdir ýöne imanyň aladasyny etmän Küfür ülkesinde galan ynsan , mümkinde gün-oňşugy aýlansyn ýöne onuň imany uly hatara düşjekdir belkide aradan gitjekdir bu bolsa uly zyýankärlikdir.
Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary:
1- Allanyň ýolunda hijret edýän adam “gün-oňşugym nähili bolar?” diýip gorkmaly däldir ýada gün-oňşugynyň aladasyny edip zerur bolan hijretden göz ýummaly däldir.
2-mömin adam elmydam Alla töwekgel edýändir we ryzkynyň kesilmeginden gorkup etmeli işi etmekden saklanýan däldir.
3- bütin barlygy ýaradan Alla , özi özüniň halk eden zatlarynyň ryzkyny ýetirjekdir we özüniň ýaradan zatlarnyň gamyny iýendir .
Änkäbut süresi, 61-nji aýat :
وَلَئِن سَأَلْتَهُم مَّنْ خَلَقَ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ وَسَخَّرَ الشَّمْسَ وَالْقَمَرَ لَيَقُولُنَّ اللَّهُ فَأَنَّى يُؤْفَكُونَ (61)
<< we eger olardan ( müşriklerden ) “gökleri we ýeri kim ýaratdy we güni we aýy kim öz erkine geçirdi ( gün bilen aýyň erki kimdedir? )” diýip sorasaňyz hökman Alla diýip aýdarlar . onda nähili olar ( hakdan ) ýüz öwürýärler?>>
Mekgede ýaşaýan müşrikler Butlara çokunýan ýagdaýlarynda barça zatlary Allanyň ýaradandygyny bilýärdiler ýöne olar “Alla , ýaradylyşyň erik-ygtyýaryny güne , aýa , ýyldyza ýada ýer ýüzündäki Butlara beripdir” diýen pikre gulluk edýärdiler şonuň üçin hem olar Alla bendelik etmegiň deregine Butlara , güne , aýa we şolara meňzeş zatlara bendelik edýärdiler. geň galmaly zat şudyr weli häzirki döwürde hem Allanyň ber haklygyny bile – bile onuň ornunda oturup ynsan köpçüligine kanun düzýänler az däldir .bu adamlar “indi ynsanyň akyl şeýle bir derejä ýetendir weli kanun düzmekde onuň Alla hiç hili mätäçligi ýokdur” diýip aýdýarlar bu bolsa şirkdir.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ynam –ygtykatda pikirleriň meňzeş tarapyndan meselä çemeleşip ony yzarlamalydyr. Garaýyşda musulmanlaryň Mekgäň müşrikleri bilen bolan meňzeş tarapy, bu müşrikleriň hem musulmanlar ýaly ýaradylyşy Allanyň ýaradanlygyna ynamlarynyň bolmagydy.
2- hakdan ýüz öwürmeklik ýada hakdan daşlaşmaklyk hemmeleriň hatda möminleriň imanyna howply bolan zatdyr . Allanyň uly terbiýeçidigini kabul etmän onuň ýaradylyşdaky roluny kabul etmeklik bir hili azgynçylykdyr . bu pikir ynsany hakdan daşlaşdyrýandyr.
/////////////////////