Dec 11, 2017 11:06 Asia/Ashgabat

bölüm,728,süre änkäbut,aýat 62-66

برنامه راهی بسوی نور( (728

Änkäbut süresi, 62-nji aýat :

 اللَّهُ يَبْسُطُ الرِّزْقَ لِمَن يَشَاءُ مِنْ عِبَادِهِ وَيَقْدِرُ لَهُ إِنَّ اللَّهَ بِكُلِّ شَيْءٍ عَلِيمٌ (62)

<< Alla bendelerinden her kimi islese onuň ryzkyny artdyrar ýada oňa daryşganlyk döreder. dogrudanda Alla her bir zada bilimlidir.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly musulmanlar Mekge şäherinde müşrükler we kapyrlar tarapyndan köp ezýet görýärdiler hata kapyrlar we müşrükler musulmanlar bilen alyş -beriş etmegi bir näçe ýyl ýatyrdylar . musulmanlar şondada özleriniň öý - öwzarlaryny terk edip gitmegi islemeýärdiler. Gurhany kerim bu aýatda aýdýar: gün-oňşugymyz kyn geçýär diýip öz imanyňyzdan el özmäň eýsem öz imanyňyzyň üstünde aýak diräň we ryzkyňyzy Alla berýändigine imanyňyz bolsun onda gerek bolsa öý -öwzarlaryňyzy terk edip Medine hejret ediň.

Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary :

1- gün-oňşugy aýlamak üçin zähmet çekmeklik biziň borjumyzdyr ýöne biziň nämukdarda girdeji gazanyp ryzkymyzyň nämukdarda boljakdygy biziň elmizde däldir ol Allanyň elindedir.

2- ynsanlaryň ryzklarynyň parkly bolmagy edil olaryň zehinleriniň parkly boluşy ýaly Allanyň elindedir we bu zatda Allanyň hekmeti bardir. Esasan bu hili tapawutlar ynsan köpçüliginiň zerurlyklaryndandyr.

Änkäbut süresi, 63 we 64-nji aýatlar :

وَلَئِن سَأَلْتَهُم مَّن نَّزَّلَ مِنَ السَّمَاءِ مَاءً فَأَحْيَا بِهِ الْأَرْضَ مِن بَعْدِ مَوْتِهَا لَيَقُولُنَّ اللَّهُ قُلِ الْحَمْدُ لِلَّهِ بَلْ أَكْثَرُهُمْ لَا يَعْقِلُونَ (63)‏ وَمَا هَذِهِ الْحَيَاةُ الدُّنْيَا إِلَّا لَهْوٌ وَلَعِبٌ وَإِنَّ الدَّارَ الْآخِرَةَ لَهِيَ الْحَيَوَانُ لَوْ كَانُوا يَعْلَمُونَ (64)

<< egerde olardan “kim asmandan suw iberip şonuň bilen ýeri , ölmeginden soň direltdi” diýip sorasaňyz hökman:Alla diýip jogap bererler ( bes ) olara : hämdü sena bir Alla-ga laýykdyr diýip aýt. ýöne olaryň köpsi oýlanmaýarlar.// dünýäniň ýaşaýyşy oýun –oýunjykdan başga zat däldir şübhesiz hakyky ýaşaýyş şol ahyret saraýydyr, eger bilselerdi.>>

Ýaşaýyşyň çeşmesi suwdyr, egerde bir ýere näçe ýyllap ýagyş ýagmasa gurakçylygyň netijesinde barça zatlar, ösümlikler we haýwanlar aradan aýryljakdyrlar şonuň üçin gurhany kerim bu aýatda : hata müşrükler hem ýagyşyň ýagmagynyň Allanyň elindedigini bilýärdiler ýöne şondan gelende olar Alla-ga çokunmagyň deregine butlara çokunyp butlary öz ýaşaýyşlarynda täsirli bilýärler diýip aýdýar . indi şeýle bir sorag ýüze çykýar , näme üçin Allany öz ýaşaýyşlarynda täsirli bilýänler möminler ryzklarynyň gamyny iýip Allanyň ýolunda hijret etmekden gorkýarlarka?

Megerde olar hakyky ýaşaýyşyň we ryzkyň ahyretdedigini we bu dünýäň bir oýun oýunjykdygyny bilmeýärlermi ? onda näme üçin olar özlerini dünýä bilen meşgul edip ahyretden gapyl galýarlar? haçandyr bir gün bolar weli weli gapyl adam özüniň eziz ömrüni boş we byhuda zatlara geçirendigine göz ýetirer weli peýda bermez.

Gurhan kerimiň bu aýatlarnyň öwredýän sapaklary :

1- Allany tanamaklyk bir içgin häsiýetdir ynsan özüniň gaýnamy bilen Allanyň barlygyna göz ýetirmelidir onuň üçin bolsa ynsanyň gaýnamynyň üstüne oturan tot – tozanlar aýrylmalydyr şonda ynsan hakykata göz ýetirjekdir.

2- köpler isleseler hakykatyň nämeligine göz ýetirjekdirler ýöne olar gapyllykda ömürlerini geçirmegi gowy görýändirler .

3- ahyretden gapyl galyp hakykatdan daş düşmeklik ynsanyň dünýä bil baglamaklygyna sebäp bolýandyr.

4- hakyky ýaşaýyş ahyretdedir ahyretde hiç kime sütem edilmez ýöne her kimiň orun mertebesi onuň şanyna laýyklykda bolar ne artykmaç bolar we nede kem bolar.

Änkäbut süresi, 65 we 66-njy aýatlar :

فَإِذَا رَكِبُوا فِي الْفُلْكِ دَعَوُا اللَّهَ مُخْلِصِينَ لَهُ الدِّينَ فَلَمَّا نَجَّاهُمْ إِلَى الْبَرِّ إِذَا هُمْ يُشْرِكُونَ (65) لِيَكْفُرُوا بِمَا آتَيْنَاهُمْ وَلِيَتَمَتَّعُوا فَسَوْفَ يَعْلَمُونَ (66)

<<>>

Gurhany kerim geçen aýatlarda ynsanlary gaflat ukusyndan oýarmak üçin ýerdäki we asmandaky Allanyň nyşanalaryna yşarat etmekden soň bu aýatlarda ynsana sorag bilen ýüzlenip : haçanda çykgynsyz ýagdaýa gabat geleňizde kimden haraý soraýarsyňyz? We şeýle ýagdaýda Alladan başga syzyň dadyňyzy ýetişjek kimse barmydyr diýip aýdýar . ynsan özüniň gündelik ýaşaýşynda , mady mümkinçiliklerden ýada dost ýardan we ýada kowum-garyndaşlardan peýdalanýar şonuň üçin ol Allany unudýar we ondan gaflat edýär ýöne haçanda bir ýowuz we çykgynsyz ýagdaýa gabat gelende , ynsandan haraýyň ýetişmejekdigine göz ýetiren soň hemmeleri unudyp diňä Allany çagyrýar . emma şu ýerde geň galmaly bir zat bar, olda ynsanyň şeýle bir ýowuz ýagdaýdan başyny aman alyp çykany soň onuň ýene Allany unutmagydyr . gapyl ynsan , beren nygmatlary üçin Allanyň şükürni berjaý kylmagyň deregine özüniň mady ýaşaýyşyndan we mady mümkinçiliklerinden hezil almagyň yzynda bolýandyr .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- gaflat tot-tozany ynsanyň gaýnamynyň üstüni basyrýandyr ýöne ýaşaýyşyň gopgunly wakalary bu tot-tozanlary ynsanyň gaýnamynyň üstünden aýryp ony gaflat ukusyndan oýarýandyr .

2- yhlas bilen edilýän doga – dilegler kabul bolýandyr , doga yhlas bilen edilen ýagdaýynda hata kapyrdan hem kabul bolmagy mümkindir.

3- Alla şärik kaýyl bolmaklyk bir hili Allanyň beren nygmatlaryna nä-şükürlik etmeklikdir.

 

////////////////