Dec 11, 2017 11:21 Asia/Ashgabat

bölüm,729,süre änkäbut,aýat 67-69

برنامه راهی بسوی نور( (729

Änkäbut süresi: 67-nji aýat :

أَوَلَمْ يَرَوْا أَنَّا جَعَلْنَا حَرَماً آمِناً وَيُتَخَطَّفُ النَّاسُ مِنْ حَوْلِهِمْ أَفَبِالْبَاطِلِ يُؤْمِنُونَ وَبِنِعْمَةِ اللَّهِ يَكْفُرُونَ (67)

<< görmedilermi ? biz ( Mekgäni ) aman häräm diýip karar berdik , adamlar şonuň töwereginden ogurlanylýan mahallary – onda, hak bolmadyk zada iman getirip Allanyň nygmatlaryna kapyr bolýarlarmy? >>

Araplar bir birlerini çapyp tire-taýpalar bir birlerini talaýan mahallary we adamlar bir birlerini ýesir alyp öldürýän ýagdaýlarynda Taňry tagala Mekge şäherine hiç kim talaň salyp bilmez ýaly ol şäheri aman şäher ediýp yglan etdi. Ýämäniň şasy Äbrähe hem özüniň pilleri bilen Mekge şäherine hüjüm eden mahaly ol heniz bu şäher girmänkä Allanyň emri bilen asmandan gelen guşlaryň hüjümine gabat gelip Äbrähäniň guşuny bütinleý ýok oldy we onuň hüjüminde Mekge şäherine hiç bir zyýan ýetişmedi .

Gurhany kerim bu aýatda Mekgäň müşrüklerine ýüzlenip : Taňry tagala size şeýle bir nygmaty bagyş etdi we şonuň saýasynda siz aman esenlikde ýaşap ýörseňiz, onda näme üçin Allanyň ýerine Butlara bendelik edýärsiňiz ? siziň bu işiňiz Allanyň beren nygmatlaryna näşükürlik etmek hasaplanýandyr diýip aýdýar .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:       

1- howpsuzlyk Allanyň bagyş eden uly nygmatlaryndadyr we onuň şükrüni berjaý kylmak üçin bolsa hökman şirkden we kapyrçylykdan daş durmalydyr

2- Allanyň beren nygmatlaryny ýatlap durmaklyk, halky bir Allanyň bendeligine çagyrmak üçin gerek zatlaryň biridir.

Änkäbut süresi, 68-nji aýat :

وَمَنْ أَظْلَمُ مِمَّنِ افْتَرَى عَلَى اللَّهِ كَذِباً أَوْ كَذَّبَ بِالْحَقِّ لَمَّا جَاءهُ أَلَيْسَ فِي جَهَنَّمَ مَثْوًى لِّلْكَافِرِينَ (68)

<< Alla-ga ýalan ýapýanlardan zalymrak kim bardyr şeýlede hak onuň yzyndan gelen mahaly ony inkär edýänden kapyrlaryň barjak ýeri dowzah dälmidir?>>

Ynsan medeniýetinde , sütemkärlik jemgyýetçilikli gatnaşyklarda öz manysyny tapýandyr we zalym adam köpçülikde özgeleriň hak- hukuklaryny aýak aşaga salýan adamdyr . ýönä dini medeniýetde bu hili sütemkärlik ýazgarlan hem bolsa ýene bir hili sütemkärlik bardyr we ol sütemkärlik bolsa bileki köp sütemleriň çeşmesi hasaplanýandyr . egerde ynsan Allanyň ýerne But we şoňa meňzeş zatlara ybadat etse ol Allanyň hakynda sütem edendir, sebäbi ýene bir zady Allanyň hatarynda goýandyr şeýlede her kim pygamberleri ýalançy bilse we olaryň pygamberçiligini inkär etse ol , pygamberleriň hakynda sütem edendir sebäbi ynsanlary gümralykdan dogry ýola hedaýat etmekde pygamberleriň iberilmekleri bir uly nygmatdyr , indi bu hili ynsanlar olary inkär etmek bilen olaryň hakynda sütem edendirler . bu hili sütemleriň netijesi bolsa ahyr soňda ynsanyň özüne dolanjakdyr. sebäbi ýöneki adamlaryň hakynda edilýän sütemkärligiň ýaramaz netijeleri bolýan bolsa pygamberleriň we Allanyň hakynda edilýän sütemkärligiň netijesi has beter ýaramaz boljakdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- sütemleriň iň erbedi medeni sütemlerdir sebäbi şonuň esasynda hak we hakykat inkär bolup hak bolmadyk zat rowaç tapýandyr haky inkär edýän zalym adam hergiz haka boýun eňmez .

2- bu zady din aýdýar diýip dinde bolmadyk bir zady dine ýapmaklyk bedygat hasaplanýandyr . dini öz pikrimizi laýyk üýtgetmegiň ýerine öz pikrimizi dine laýyk özgertmegimiz gereklidir

Änkäbut süresi, 69-njy aýat:

وَالَّذِينَ جَاهَدُوا فِينَا لَنَهْدِيَنَّهُمْ سُبُلَنَا وَإِنَّ اللَّهَ لَمَعَ الْمُحْسِنِينَ (69)

<< biziň ýolumyzda jan köýdürýänleri hökman öz ýolumyza hedaýat ederis we dogrudanda Alla ýagşylar bilendir .>>

Änkäbut süresiniň soňkyja aýaty bolan bu aýatda Gurhany kerim Allanyň ýolunda jahat etmeklik barada gürrüň edýär . Allanyň ýolunda jahat etmeklik hem diniň duşmanlaryna garşy göreşmekligi öz içine alýandyr hemde dini ýaýratmak ugurda talaş etmekligi öz içine alýandyr.

Yslam medeniýetinde jahat etmeklik hem daşky duşmana garşy jahat etmekligi hemem içki duşmana garşy, ýagny ynsanyň öz gara nebsine garşy jahat etmegi öz içine alýandyr . mömin ynsan Allanyň duşmanlaryna garşy görüşmegiň ýanynda özüniň içindäki nebise şeýtanyna garşy hem göreşip bilmelidir.

Gurhany kerimiň bu aýatda nygtaýan zady Alla üçin onuň ýolunda jahat etmeklikdir . ýöne jahat etmekden maksad, şöhrat ýada orun – mertebe gazanmaklyk bolsa bu jahadyň Allanyň ýanynda zerre bahasy ýokdur Allanyň ýanynda möhüm bolup durýan jahat yhlas bilen edilen jahatdyr. egerde jahat Allanyň ýolunda bolup yhlas bilen edilen bolsa bu aýat esasynda Alla şeýlä bir jahada baş goşan ynsany hem goldajakdyr hemem ony hedaýat etjekdir .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- Taňry tagala hemme ynsanlary umumy görnüşinde hedaýat edip durandyr ýöne Alla , özüniň ýolunda yhlas bilen jahat edýän ynsanlary ýöritä şeklinde hedaýat etjekdir elbetde bu hedaýatdan paýly bolmak üçin deslapky ardymy ynsanyň özi artmalydyr.

2- ýagşy işlerde niýetimiz dogry bolup yhlas bilen şol işe ýapyşsak Alla hem bizi ýeke goýjak däldir we gerek bolan ýerinde bize ýol görkezjekdir.

3- her kim Allanyň ýolunda hereket etse we elde baryny gaýgyrmasa Alla hem ony maksada ýetýänçä goldajakdyr.

 

////////////////////