bölüm 846, süre sat, aýat 67-74
bölüm 846, süre sat, aýat 67-74
راهی بسوی نور(846)
Sat süresi, 67, 68, 69we 70-nji aýatlar:
قُلْ هُوَ نَبَأٌ عَظِيمٌ (67) أَنتُمْ عَنْهُ مُعْرِضُونَ (68) مَا كَانَ لِي مِنْ عِلْمٍ بِالْمَلَإِ الْأَعْلَى إِذْ يَخْتَصِمُونَ (69)إِن يُوحَى إِلَيَّ إِلَّا أَنَّمَا أَنَا نَذِيرٌ مُّبِينٌ (70)
<< ( eý pygamber ! ) aýt : bu , uly habar diýip // ( ýöne ) siz ondan ýüz öwürýärsiňiz // ( adamyň ýaradylşy barada ) jedel edýän mahalyňyz , ýokarky älem barada meň ýanymda hiç hili maglumat ýokdy // maňa hiç zat wahyýbolmaz – meger äşkär duýduryş berijiligim üçin bolmasa (diýip olara aýt ). >>
Geçen gepleşiklerde behiştden , dowzahdan we behişt ähliniň we dowzah ähliniň ykbalyndan gürrüň etdik . gurhany kerim şol gürrüňleriň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : bu zatlar ýagny behişt we dowzah baradaky gürrüňler, gaýyp dünýäsiniň gürrüňleridir we olar baradaky maglumatlar diňewahyýň üsti bilen pygamberiň erkinde goýulýandyr . wahyýbolsa pygamberiň gursagyna goýlup gurhan şeklinde ynsanlaryň erkinde goýlandyr . şonuň üçin hem taňry tagala bu aýatlaryň başynda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : eý pygamber!müşriklere bu gurhanyň uly habardygyny aýt müşrikler we kapyrlar , hudaýa bendelik etmeýändikleri üçin , bu gurhandan ýüz öwürýändirler we gurhanyň aýatlaryny eşidip olar hakynda oýlanmaga taýyn däldirler emma aslynda gurhanyň aýatlary pygamber tarapyndan dälde eýsem alla tarapyndandyr we pygamber , gurhanyň aýatlary üstünli , gelejekden boljakdan ynsanlara duýduryş berýändir . alla wahyýüstünli habar bermese , pygamberiň hem gaýyp dünýäsinden bilýän zady ýokdur we gaýyp dünýäsi barada pygamber hem beýleki ynsanlar ýaly ondan bihabardyr edil hezretiadam (a.s) ýaradylmaly bolanda perişdeleriň arasyndan bolan jedelli gürrüňlerden pygamberiň bihabar bolşy ýaly ol gaýyp dünýäsiniň beýleki wakalaryndan hem bihabardyr ýöne pygamberiň bu meselede beýleki ynsanlardan parhly tarapy olda alla islese , wahyýarkaly gaýyp dünýäsiniň kä wakalaryndan pygamberi habarly etmegidir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ynam , ygtykada degişli meselelerde , ynsanlaryň bir zady kabul etmekleri ýada kabul etmezlikleri ol zadyň berhaklygynyň ýada berhak dälliginiň nyşanasy däldir .
2- pygamberler wahyýarkaly gaýyp dünýäsinden habarly bolýandyrlar we olaryň gaýypdan habarly bolmaklary hemme zatlary öz içine alýan däldir eýsem olar , allanyň islän mukdarynda gaýypdan habarly bolup bilýändirler .
Sat süresi, 71 we 72-nji aýatlar:
إِذْ قَالَ رَبُّكَ لِلْمَلَائِكَةِ إِنِّي خَالِقٌ بَشَراً مِن طِينٍ (71) فَإِذَا سَوَّيْتُهُ وَنَفَخْتُ فِيهِ مِن رُّوحِي فَقَعُوا لَهُ سَاجِدِينَ (72)
<< haçanda perwerdigäriň perişdelere : men palçykdan adam ýasajak // oňa şekil berip öz ruhymdan dem salyp oňa ruh beremde onuň (garşysynda ) seždä gidiň (diýip aýdan mahalyny ýadyňa sal ). >>
Gurhany kerim bu aýatlarda hezretiadam (a.s)-yň ýaradylşyna yşarat edip : alla , adam diýen bir närsäni ýaratjakdygy barada perişdelere maslahat saldy we : men suw bilen toprakdan bir zady ýaratjakdyryn weli ol zat beýleki haýwanlardan we janly jandarlardan parh etjekdir we onuň esasy parhy bolsa onuň ruhynda bolar we bu närsäniň meň ruhym bilen ruhlanmagynda bolar, şonuň üçin siz bu närsäň garşysynda seždä gidip onuň artykmaçlygyny kabul ediň diýip aýtdy.
Ynsanyň jisymynyň toprakdandygyna şek şübhe ýokdur sebäbi ynsanyň peýdalanýan iýmitleri göni suratda ýada göni bolmadyk suratda ösümliklerden üpjün bolýandyr we ösümlikler bolsa toprakdandyr ýöne ynsanyň jisymyny gyrykda goýsak onuň ruhynyň alla tarapyn berlen ruh bolmagy , ynsanyň beýleki närselerden we janly jandarlardan artykmaçdygyny we ynsanyň ýer ýüzünde allanyň oruntutary hasaba gelmeginiň ýöne ýere däldigini subut edýändir.
Elbetde ynsanyň içiniň allanyň ruhy bilen doldyrylmagy , alladan bir zat kemelip ynsana bir zadyň artmagy manasynda däldir , eýsem bu ybaratdan maksat , ynsanyň ruhynyň ýokarky älemden we ylahy çeşmeden göz baş alýandygyny bildirmeklikdir şonuň üçin ynsanlar özlerini päkläp içlerini arassalan ýagdaýlarynda ylahy ýöritelikleri özlerinden görkezip bilýändirler. hamana , allanyň ylym , gudrat , rahmet , ygtyýar we yrada diýen ýöritelikleri bar. ynsanlar hem özlerini düzeldip kemala tarap hereket eden ýagdaýlarynda bu ýöritelikleri azda – kände özlerinden görkezip bilýändirler .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- perişdeler ynsanlardan ozal ýaradylandyrlar sebäbi taňry tagala , ynsany ýaratmak barada perişdeler bilen gürrüň edendir. Şondan gelende ynsan islese orun mertebe taýdan perişdelerden hem geçip bilýändir .
2- ynsanyň iki tarapy diýmek bir jisimtarapy birde ruh tarapy bardyr ynsanyň jisimtarapy beýleki haýwanlar ýaly parh edýän däldir ýöne onuň ruhynyň çeşmesiniň alla baryp çatýandygy üçin ynsan barça närselerden hatda perişdelerden hem ýokarda durýandyr .
3- alla emir etmedik bolsa alladan gaýry hiç bir zadyň garşysynda seždä gitmeklik dogry däldir . hezretiadama sežde etmeklik allanyň emri bolanlygy üçin dogry işdir we hezretiadamyň ýaradylmagynda perişdeleriň oňa sežde etmekleri aslynda perişdeleriň allanyň emrinde tapylyp alla bendelik etmekleri hökmündedi.
Sat süresi, 73 we 74-nji aýatlar:
فَسَجَدَ الْمَلَائِكَةُ كُلُّهُمْ أَجْمَعُونَ (73) إِلَّا إِبْلِيسَ اسْتَكْبَرَ وَكَانَ مِنْ الْكَافِرِينَ (74)
<< şonda perişdeleriň barysy bilelikde sežde etdiler // meger Iblis , ol tekepbirçilik edip kapyrlardan boldy. >>
Gurhanyň aýatlary esasynda , perişdeler elmydam allanyň emrine taýyn bolandyrlar şonuň üçin olar hezretiadamyň ýaradylmagynda hem allanyň emrine eýerip haý diýmäni adamyň garşysynda dyza çöküp seždä gitdiler ýöne Iblis tekepbirçilik edip adama sežde etmekden boýun gaçyrdy şeýdipde allanyň asy bendelerinden boldy. rowaýatlarda gelşine gürä , Iblisiň aslyjynlardan bolupdyr ýöne ol uzak ýyllar boýy allanyň ybadatyny edendigi üçin perişdeleriň hataryna birigipdir. şonuň üçin taňry tagala bu meselede perişdeleriň hatarynda Iblisden hem hezretiadama sežde etmekligi isleýär ýöne ol allanyň aýdanny etmäni onuň dergähinden kowulýar .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- tekepbirlik, adamy heläkçilige uçradyp bilýändir indi ol adam ömür boýy dogry ýaşan bolsada birden tekepbirlik belasyna uçrap özüni betbagt etmegi mümkindir .
2- ýagşylaryň ýanynda we ýagşylaryň arasynda bolup iki dünýä bagtyýar bolmadyk adamlar hem bardyr. ynsan içgin ýagşy we dogry bolan ýagdaýynda hakyky bagtyýarlyga ýetjekdir , pygamberleriň we öwliýalaryň ýanynda bolup ahyrda haýsydyr bir zat üçin gümralyga uçrap allanyň dergähinden kowulan we allanyň gazabyna giriftar bolan ynsanlar az däldir.
///////////////