bölüm 847, süre sat, aýat 75-78
bölüm 846, süre sat, aýat 75-78
راهی بسوی نور(847)
Sat süresi, 75 we 76-njy aýatlar:
قَالَ يَا إِبْلِيسُ مَا مَنَعَكَ أَن تَسْجُدَ لِمَا خَلَقْتُ بِيَدَيَّ أَسْتَكْبَرْتَ أَمْ كُنتَ مِنَ الْعَالِينَ (75) قَالَ أَنَا خَيْرٌ مِّنْهُ خَلَقْتَنِي مِن نَّارٍ وَخَلَقْتَهُ مِن طِينٍ (76)
<< ( alla aýtdy ) : eý Iblis ! meň öz ( gudratly ) elim bilen ýaradan zadyma, seniň seždeetmekden saklanmagyňa näme zat böwet boldy ? // tekepbirlik etdiňmi ? ýada öz ornyňy belenträk gördiňmi ? // ol (Şeýtan) : men ondan gowurakdyryn, meni otdan ýaratdyň we ony (bolsa ) palçykdan” diýip aýtdy. >>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly taňry tagala hezretiadamy ýaradany soň oňa sežde ediň diýip perişdelere emir etdi şonda perişdeleriň hemmesi sežde etdiler ýöne iblis sežde etmekden saklandy.
Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : taňry tagala iblisden bu işiniň delilini ondan sorady we : sen näme üçin adama sežde etmekden saklandyň ? sen özüňi adamdanýokarda gurdyňmy? Ýada tekepbirlik edip adamyň garşysynda boýun egmekden saklandyňmy ? diýip sorady.Iblis özüniň eden işiniň ýalňyşdygyny kabul edip toba etmegiň deregine adamy özünden gaty pes bildi we : men Jynlardan we otdan ýaradylan närse , adam bolsa toprakdan ýaradylan zat, ot bolsa toprakdan ýokarda durýar onda men , adama sežde etmerin diýip aýtdy.
Dogrusy Iblisiň bu deňeşdirmesi barada bir näçe zady ýatlap geçmeli.
Birinjiden , odyň toprakdan beýikligini subut edýän hiç bir delili ýok , ylym we mantyk ony tassyklamaýar . onda Iblisiň bu deňeşdirmesi bir bihuda zat .
Ikinjiden – Iblis orun taýdan beýikräk bolsada ol allanyň emrinde tapylmady we onuň allanyň emriniň garşysynda durup hezretiadama sežde etmekden saklanmagy asla dpgry iş däldi .
Üçünjiden – hezretiadama sežde etmek barada allanyň eden emrine eýermeklik aslynda adamyň toprakdan ýaradylandygy üçin däldi eýsem adamyň ruhynyň allanyň deminden göz baş alýandygy üçindi . möhüm zat şol allanyň ynsana salan demidi . ýöne şeýtan bu meseläni dogry düşünip bilmedi tekepbirlik etdi we gümra boldy .
Gurhany kerim bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ýazykly adamlar suda çekilenlerinde özleriniň eden etmişleri barada açyklama bermegi barada olara pursat berilmelidir.
2- ynsanyň ýaradylşy beýleki närseleriň ýaradylşyndan parh edýändir we bu meselede diňe bir haýwanlar we beýleki janly jandarlar dälde eýsem hatda perişdeler hem ynsanyň ýaradylyşdaky ornyna ýetip bilýän däldirler.
3- boş delil getirmegiň deregine allanyň aýdanyny bir kemsyz ýerine ýetirmelidir.
4-allanyň emrinde dogry tapylmaýan adamlar , tekepbir adamlardyr, aslynda tekepbirçilik ynsanlary allanyň emrinden alyp galýandyr.
5-melltler ara parh goýmadüşünjesi, jyns we hil taýdan öz milletiňi özge milletlerden üssem saýmaklyk, bir hili şeýtanlykly düşünjedir.
Sat süresi, 77 we 78-nji aýatlar :
قَالَ فَاخْرُجْ مِنْهَا فَإِنَّكَ رَجِيمٌ (77) وَإِنَّ عَلَيْكَ لَعْنَتِي إِلَى يَوْمِ الدِّينِ (78)
<< Alla ( Iblise ) aýtdy : sen bu mekandan daş dur ( çünki ) sen (dergähden) kowulyp çykarlan kimse siň // we kyýamat gopýança meniň lagnatym saňa siňsin diýip. >>
Jynlardan bolup ömür boýy allanyň ybadatyny edip perişdeleriň hataryna birigen Iblis,adama sežde etmek barada allanyň emrini ýerine ýetirmekden saklanyp özüniň hakyky kimligini mälim etdi we allanyň emrine doly boýun däldigini bildirdi we özüniň göwün islän zadyny edýändigini mälim etdi . Iblisiň ýagdaýy dagyň depesine çykjak bolup daga dyrmaşyp barýan adamyň ýagdaýy ýalydy. bu adam , köp zähmetler çekip dagyň çür depesine goýlan bolsada birdenkä gaflat edip aýagy sürçip dagyň üstünden deräň içine gaçyp heläkçiligä uçrandyr . Iblis hem ömür boýy zähmet çekip ybadat eden bolsada bir salym tekepbirlik edip öz ýaradannyň emrini ýerine ýetirmekden saklandy şeýdipde aýagy taýdy we allanyň dergähinden kowuldy.
Käleriň , diňe bir ýalňyşlyk üçin allanyň Iblisiöz dergäsindenkowmagynyň delilini soramaklary mümkindir bu adamlaryň : näme üçin alla , ömür boýy ybadat eden Iblisä, taňra dälde eýsem adama sežde etmekden saklanandygy üçin öz dergähindenkowupdyr bu iş alla ýaraşmaýar diýmekleri mümkindir .
Dogrusy allanyň emrini ýerde goýmaklyk öz – özünden ýaramaz işdir mundan ýaramazrak zat olda bendäň öz eden etmişini dogry görkezjek bolup tagalla etmegidir hezretiadam hem allanyň iýme diýen miwesindeniýip behiştden kowuldy ýöne hezretiadam özüniň eden işiniň hatadygyny bilip allanyň dergähineýüzlenip toba etdi alla bolsa onuň tobasyny kabul etdi emma Iblis özüniň eden işiniň hatadygyny kabul etmedi eýsem ony dogry bilip alla bilenjedel etdi şonuň üçin hem ol allanyň dergähindenhemişelik kowuldy .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- tekepbirlik ynsany allanyň rahmetindendaşlaşdyryp ony heläkçilige uçradýandyr.
2- allanyň emrinde tapylmaýan ynsanlar köpçilikde gyrakda goýlyp jogapkärçilikler dogry we imanlyadamlara berilmelidir.
3- şeýtan sypatly adamlar, menlikli we görip adamlar bolýandyrlar. olaryň har we kiçi adamlardyklaryny hemmelere bildirmelidir.
///////////////