Feb 01, 2020 12:28 Asia/Ashgabat

bölüm 849, süre sat, aýat 84-88

راهی بسوی نور(849)

Sat süresi, 84 we 85-nji aýatlar:

قَالَ فَالْحَقُّ وَالْحَقَّ أَقُولُ (84) لَأَمْلَأَنَّ جَهَنَّمَ مِنكَ وَمِمَّن تَبِعَكَ مِنْهُمْ أَجْمَعِينَ (85)

<< ( alla) aýtdy : hakdan ant we hak aýtýaryn // Tamugny senden we olardan saňa eýerenlerinden -olaryň hemmesinden dolduraryn- diýip.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly , Iblis allanyň dergqhinden kowulan mahaly ynsanlardan ar almak üçin özüniň diri zamanynda olary gümra etmek ugurda tagalla etjekdigini aýtdy . gurhany kerimiň bu aýatlarynda gelşine gürä , taňry tagala Iblisiň bu isleginiň jogabynda aýtýar : hak, meň aýtýanymdyr , diňeseň waswasalaryňa aldanyp seniň yzyňa düşen adamlar gümra bolup kyýamatda dowzah oduna ýanjakdyrlar, emma özüniň aklyna we päk gaýnamyna daýanyp senden arany açan ynsanlar şeýlede seň waswasalaryňa aldanman ylahy pygamberleriň yzyna düşen ynsanlar kyýamatda seň ýanyňda bolmazlar we olara dowzahyň odundan zyýan ýetişmez.

Gurhany krimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- taňry tagalanyň hemä kelamy hakdyr hemde özi. Dogrusyher bir zat özüniň berhaklygyny taňry tagaladan alýandyr .

2- kyýamatda hem bir topar özüniň başlyklary bilen mähşür boljakdyrlar. gowy adamlar özleriniň gowyýolbaşçylary bilen , telek ynsanlar hem özleriniň telek ýolbaşçylary bilen kyýamatda mähşür bolarlar.

Sat süresi, 86, 87 we 88-nji aýatlar:

قُلْ مَا أَسْأَلُكُمْ عَلَيْهِ مِنْ أَجْرٍ وَمَا أَنَا مِنَ الْمُتَكَلِّفِينَ (86) إِنْ هُوَ إِلَّا ذِكْرٌ لِّلْعَالَمِينَ (87) وَلَتَعْلَمُنَّ نَبَأَهُ بَعْدَ حِينٍ (88)

<< ( eý pygamber! ) : men  ( dini wagyz etmekde ) sizden serpaýa garaşmaýaryn we öz ýanlaryndan ýasaýan zatlaryny ( alla aýtýar diýýänlerden hem ) däldirin diýip aýt // ( gurhan ) älem-jahandakylary duýduryş berijiden aýry zat däldir.// we şübhesiz az wagtdan soň onuň habaryny alarsyňyz. >>

 gurhany kerim , sat süresiniň soňky aýatlary bolan bu aýatlarda , yslam pygamberiniň gelmeginiň we gurhanyň inmeginiňmaksatlary bilen baglanşykda bir näçe möhüm meseläniň üstünde durup geçýär . gurhanyň bu aýatlary esasynda , özleriniň mady maksatlaryna ýetmek maksady bilen özlerini ýalandan pygamber saýýan kezzaplaryň tersine ylahy pygamberleriň hemmesi şol sanda yslam pygamberi özleriniň il günden hiç zada , mal - mülke , orun-mertebe garaşmaýandyklaryny aýdandyrlar . olar , özlerini allanyň sargydyny halka ýetirmeklige borçly bolandyklaryny aýdandyrlar . pygamberler ýagşy zatlary we ýagşy işleri halk arasynda ýaýratmak üçin “şol ýagşy zatlary alla aýdýar” diýip özleriniň ýagşy niýetlerini yzarlapdyrlar diýip käleriň aýdýan toslamalaryna jebis gelýän adamlar däldirler. eýsem pygamberler hakykatdanda alla tarapyndan gelip alla tarapyndan , dini halk arasynda wagyz edendirler . dogrusy , pygamberler , özlerini halk arasynda bir hili alyp barypdyrlar weli hatda olaryň duşmanlaryda olardan aýyp tutup bilmändirler , dini wagyz etmekde pygamberler öz bähbitleriniň yzynda bolan däldirler hatda olar bu ýolda öz garşydaşlaryndan köp azarlary hem görendirler, dini wagyz etmekde olaryň gurban bolanlary hem bolandyr.

Gurhanyň bu aýatlaryndan belli bolşyna gürä , ylahy pygamberleriň we ylahy kitaplaryň maksady ynsanlary gaflat ukysyndan oýarmak we olary dünýäniň haý höweslerine bil baglamakdan halas etmeklikdir . sebäbi dünýäň haý hüweslerine eýermeklik ynsany kyýamatdan we ahyretden alyp galýandyr ýada ynsanyň haky inkär edip şirkiň we kapyrlykyňtüm garaňkylygyna uçramagyna sebäp bolýandyr .

Gurhany kerim , sat sürüsiniň soňky aýatynda hem din bilen tersleşýän ynsanlara ýüzlenip : egerde hak kelamyna iman getirmekden boýun gaçyryp hak kelamyna üns bermeýän bolsaňyz onda bilip goýuň basymlykda hakyň nämedigini bilersiňiz weli ol bilmeklik size peýda bermez, sebäbi ol günde , siziň haka dolanmagyňyza pursat berilmez diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- dini wagyz etýän ynsanlar özleriniň bu işleri üçin serpaýa garaşmaly däldirler eýsem pygamberler ýaly diňe allanyň razylygy üçin dini wagyz etmelidirler .

2- dini sadasuratda wagyz etmelidir , halkyň düşünmeýän ybaratlaryndan peýdalanyp dini wagyz etmeli däldir, halk düşünmeýän zatlaryndan gaçýandyrlar.

3- gurhanyň we yslam pygamberiniň maksady , dini diňe araplaryň arasynda wagyz etmeklik däldir eýsem olaryň maksady dinibütin ynsanlara ýetirmeklikdir.

4- gurhan kitaby ynsanlary gaflat ukysyndan oýarýar we olara duýduryş berip hüşgär edýän kitapdyr.

5- durmuşky ýagdaýda käleriň gurhany kerimiň we yslam pygamberiniň taglymatynyň berhaklygyny kabul etmekden boýun gaçyrmaklaryna garamazdan gurhanyň we yslam pygamberiniň berhaklygyny gelejekde hemmelere subut boljakdyr.

 

 

                                                Sat süresiniň soňy