Jul 27, 2020 11:36 Asia/Ashgabat

bölüm 851, süre zumär, aýat 5-6

راهی بسوی نور(851)

Zumär süresi, 5-nji aýat:

خَلَقَ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ بِالْحَقِّ يُكَوِّرُ اللَّيْلَ عَلَى النَّهَارِ وَيُكَوِّرُ النَّهَارَ عَلَى اللَّيْلِ وَسَخَّرَ الشَّمْسَ وَالْقَمَرَ كُلٌّ يَجْرِي لِأَجَلٍ مُسَمًّى أَلَا هُوَ الْعَزِيزُ الْغَفَّارُ (5)

<< ol gökleri we ýeri hak bilen ýaratdy, gijäni gündize dolap gündizi hem gijä dolap güni we aýy eýelenendir. olaryň her birisi belli zamana çenli hereketdedirler, bilip goýyň ol gudratly we ýalkowçydyr .>>

Geçen gepleşikde barlygy ýaratmakda we onuň işlerine çäre gürmekde allanyň birligi barada we dini ynam- ygtykatlaryň we amallaryň her hili şirkden we nä-päklikden daş bolmalydygy hakynda gürrüň etdik .

Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda taňry tagalanyň birligini açyklap aýdýar : bütin ýyldyzlary we asmanlyk şarlary şol sanda güni we aýy taňry tagalanyň bir özi ýaradandir we onuň barlyga belläp goýan kanunlary ýöredilip durandyr we ýyldyzlaryň güniň we aýyň hereket edýän ugurlary bellidir we onuň ugurlaryny allanyň özi mälim edip goýandyr we bu şarlaryň hereketde bolmaklary hem özlerine gürä kä ýagdaýlaryň ýüze çykmagyny yzyna tirkeýändir. hamana , ýer şarynyň günüň töweregine aýlanyp durmagy gije- gündiziň we pasyllaryň amala gelmeklerine sebäp bolýandyr . barlykda amala gelýän haýran galdyryjy ýagdaýlar öz- özünden amala gelýän däldirler eýsem bu gopgunlaryň yzynda belli bir hikmet we maksat ýatandyr. şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatyň başynda barlyk düzgüniň hak bilen amala gelendigini nygtandyr . gurhan kerim bu aýatyň dowamynda hem : asmanlyk şarlary belli edilen ugurlarda we hasaply zamanlarda hereket edýändirler we olar belli bir zamana çenli hem hereketde bolup ahyrda hereketden galjakdyrlar” diýip beýan edýär .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- gurhan kerimiň bu aýaty esasynda , barlygyň ýaradylyp kemala tarap hereket etmegi hak bilen bolýandyr şeýlede bu süräňiň ikinji aýaty esasynda şerigatyň we asmanlyk kitaplaryň gelmekleri hem hak bilendir.

2- asmanlyk şarlaryň belli bir ugurlarda hereket etmekleri allanyň emri bilen bolýandyr we bu şarlaryň hereketde bolmaklary hem allanyň belli edip goýan zamanyna çenli dowam etjekdir.

Zumär süresi, 6-njy aýat:

خَلَقَكُم مِّن نَّفْسٍ وَاحِدَةٍ ثُمَّ جَعَلَ مِنْهَا زَوْجَهَا وَأَنزَلَ لَكُم مِّنْ الْأَنْعَامِ ثَمَانِيَةَ أَزْوَاجٍ يَخْلُقُكُمْ فِي بُطُونِ أُمَّهَاتِكُمْ خَلْقاً مِن بَعْدِ خَلْقٍ فِي ظُلُمَاتٍ ثَلَاثٍ ذَلِكُمُ اللَّهُ رَبُّكُمْ لَهُ الْمُلْكُ لَا إِلَهَ إِلَّا هُوَ فَأَنَّى تُصْرَفُونَ (6)

<< ol sizi bir tenden ýaratdy soň oň jynsyndan bolan başdaşlary ýaratdy we siz üçin dört aýaklylardan sekiz jüwidi iberdi ol sizi eneňiziň göwresinde üçlik garaňkylykda tapgyrlaýyn ýaratdy . budyr alla, siziň perwerdigäriňiz , ( älem- jahanyň ) hökmürowanlygy oňa mahsusdyr. ondan gaýry eýe bolmaz, onda näme üçin hakdan ýüz öwürýärsiňiz ? ( we gümralyga tarap gitýärsiňiz ?)>>

Gurhan kerim geçen aýatda asmanlyk şarlaryň ýaradylşy hakynda gürrüň etmekden soň bu aýatda ýeriň ýüzündäki närseleriň şol sanda haýwanlaryň we ynsanyň ýaradylşy hakynda gürrüň gozgap aýdýar : siziň baryňyz bir tenden bir ynsandan ýaradylansyňyz, onuň başdaşy hem öz jynsyndan bolandyr .  bütin ynsanlaryň aňrysy hezreti Adam bilen Aawwa dolanýandyr, olar ýer şarynyň ýüzünde deslapky ynsanlar bolandyrlar, häzirki adamzat nesliniň hemmesi şol hezreti adam bilen hawwadan amala gelip köpelendir. Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda müňlerçe ýyl bäri ynsanlaryň esasy mätäjliklerini şol sanda , et , ulag , agaran we lybas mätäçliklerini üpjin etmekde aýgytly rol oýnan ekdi haýwanlaryň ýaradylmaklaryna yşarat edip : alla siziň hal ýagdaýňyzy gözläp siziň gowy ýaşamagyňyz üçin dört hili haýwany diýmek sygyr , goýun , geçi we düýäni siz üçin ekdi edip erkek- urkaçysyndan ýygnagda 8 dört aýakly haýwany siziň erkiňizde goýdy” diýip aýdýar .

Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda hem enäň göwresinde ynsanyň tapgyrlaýyn ýaradylmagyna yşarat edip aýdýar : ene- atanyň görüp bilmeýän ýerinde dogut Üç gatlagda mäkäm basyrgylydyr, alla ony tapgyrlaýyn kämil edip bir şekilden ýene bir şekle öwürýändir şeýdipde 9 aýdan soň kämil bolan dogudy dünýä inderýändir. gurhan kerim bu aýatyň soňunda hem müşriklere ýüzlenip : budyr alla, ol hem sizi ýaradandyr hemde sizi terbiýeländir we şu hili ýaradyp terbiýelemekde hiç kim oňa taý gelip bilmez, onda näme üçin dogry ýola girmän alladan özgäň yzyna düşýärsiňiz” diýip aýdýar.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- ynsanlaryň hemmesi , her kowumdan her dilden bolsalarda olaryň hemmesi bir atadan we bir eneden amala gelip olaryň hemmesiniň köki bir ýere baryp çadýandyr. şonuň üçin olaryň hiç birisi ýene birisinden artykmaç däldir.

2- erkek bilen zenan jysym taýdan bir birleri bilen parhlyrak bolsalarda olaryň ikiside bir jynsdandyrlar. ynsan bolup kemal derejelerini aşmakda olaryň ikiside deňdirler .

3- enäň göwresinde ynsan tapgyrlaýyn ýaradylandyr .bu zat allanyň ýaşryn mügjizalaryndandyr we çaganyň dünýä gelmegi bilen bu mügjyza äşgär bolýandyr.

4- taňry tagala bizi ýaradyp biziň işlerimize çäre görjidir we ol biziň hakyky eýämizdir. onda bütin nygmatlarymyzy ondan bilip oňa iman getirmelidiris, sebäbi ol bizi ýaradan we biziň hakyky eýämizdir.

///////////////