Dec 25, 2017 10:09 Asia/Ashgabat

bölüm,730,süre rum,aýat 1-8

برنامه راهی بسوی نور( (730

Rum süresi

Änkäbut süresiniň soňlamagy bilen Rum süresini başlaýarys. bu süre Mekgede yslam pygamberine inenligi üçin Mekgi süreleriniň hatarynda ýerleşýändir we onuň 60 aýaty bardyr , bu süre Gurany kerimiň 30-njy süresi hasaplanýandyr .

Rum süresi, 1-5-nji aýatlary:

الم (1) غُلِبَتِ الرُّومُ (2) فِي أَدْنَى الْأَرْضِ وَهُم مِّن بَعْدِ غَلَبِهِمْ سَيَغْلِبُونَ (3) فِي بِضْعِ سِنِينَ لِلَّهِ الْأَمْرُ مِن قَبْلُ وَمِن بَعْدُ وَيَوْمَئِذٍ يَفْرَحُ الْمُؤْمِنُونَ (4) بِنَصْرِ اللَّهِ يَنصُرُ مَن يَشَاءُ وَهُوَ الْعَزِيزُ الرَّحِيمُ (5)

<<Älif , läm , mim / Rumlar ýeňildiler / şu golaý ülkede , ýöne olar bu ýeňilmegiň yzynda üstünlik gazanarlar// näçe ýyllykda mundan ozal we mundan soň , bütin işler Allanyň elindedir we şol günde möminler hoşal bolarlar/, Allanyň haraý bermegi bilen , ol her kimi islese goldar we ol eziz we rahymdyr .>>

       Taryhyň şaýatlygyna görä Eýran bilen Rum imperaturlyklarynyň arasynda uzak ýyllar boýy çaknyşyklar bolupdyr , yslam pygamberi Mekgede-kä Rum bilen Eýranyň arasynda özüde Hejaz ýurdunyň golaýynda oruş bolýar oruşda Rumlylar ýeňilýärler . Taňry tagala öz resuly hezreti muhammede habar berip “geçen oruşda Rumlylar ýeňilen hem bolsalar indiki oruşlarda olar üstünlik gazanjakdyrlar” diýip aýdýar .

        Soňraky oruşda Rumlylar üstünlik gazandylar , şeýlelik bilen möminler Guranyň beren bu habarynyň gaýypdandygyna we Guranyň beren beýleki wadalarynyň hem durmuşa geçip ahyr soňda üstünligiň musulmanlar bilen boljakdygyna göz ýetirdiler . sebäbi barça zatlar Allanyň elindedir we ol her kimi islese goldap oňa baş ýokarylyk bagyş edip bilýändir .

       Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

1-    Gurany kerimiň gaýypdan beren habarlary onuň bir ýönekeý kitap däldigini eýsem Allanyň tarapyndan iberilen mugjyzadygyny subut edýändir .

2-    Şowsuzlyklar bizi numyt etmeli däldir elmydam Allanyň hemaýatyna umytly bolmalydyrlar .

3-    Allanyň işleri hekmet esasyndadyr mömenleriň hem üstünlikleri ýa şowsuzlyklary bir ylahy hekmet esasyndadyr ,elbetde mömünler öz paýlaryna düşýän borçlary ýerine ýetimelidirler, galany Allanyň elindedir we ol her bir zady öz bendesine mynasyp bilse şol hem bolar .

Rum süresi, 6 we 7-nji aýatlar :

‏ وَعْدَ اللَّهِ لَا يُخْلِفُ اللَّهُ وَعْدَهُ وَلَكِنَّ أَكْثَرَ النَّاسِ لَا يَعْلَمُونَ (6) يَعْلَمُونَ ظَاهِراً مِّنَ الْحَيَاةِ الدُّنْيَا وَهُمْ عَنِ الْآخِرَةِ هُمْ غَافِلُونَ (7)

     << Bu zat Allanyň beren wadasydyr we Alla hergiz öz wadasyny bozýan däldir, ýöne ilatyň köpüsi ony bilmeýärler.// olar dünýädäki ýaşaýyşyň daşyny görýändirler we ahyretiň ýaşaýyşyndan hem bihabardyrlar .>>

Gurany kerim geçen aýatlarda mömenleriň müşriklere üstün çykjakdyklaryny aýdany soň bu aýatlarda : eý adamlar! Allanyň beren wadasyna şek etmäň, ol wadanyň durmuşa geçjekligine şek ýokdur diýip aýdýar .

      Elbetde imanlary gowşak bolan adamlar Allanyň beren wadalaryna şübheli garaýandyrlar sebäbi olar Allanyň gudratyna, ylmyna we hekmetine ýetik däldirler, eýsem diňe maddy sebäpkärleri görüp üstünlikleriň we şowsuzlyklaryň sebäplerini şol maddy sebäpkärlerde gözleýändirler. olar ahyretden gapyl bolanlyklary üçin hem heme zatlary, garşylaryndaky çäkli gözenekden gözläp älem-jahanyň hakykatlaryna göz ýetirjek bolýandyrlar .

       Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

1-    Berilen wadalarda tapylmazlygyň sebäpkäri nadanlyk , puşmanlyk ýada ejizlikdir, ýöne Alla tagala bu nugsanlykdan päkdir.

2-    Dünýä we onuň maddy mümkinçiliklerine bil baglamaklyk nadan adamyň edýän işidir .

3-    Ahyretden gapyl bolmaklygyň asly sebäpkäri dünýäniň daş keşbine aldanyp oňa bil baglamaklykdyr .

Rum süresi, 8-nji aýat :

أَوَلَمْ يَتَفَكَّرُوا فِي أَنفُسِهِمْ مَا خَلَقَ اللَّهُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ وَمَا بَيْنَهُمَا إِلَّا بِالْحَقِّ وَأَجَلٍ مُّسَمًّى وَإِنَّ كَثِيراً مِّنَ النَّاسِ بِلِقَاء رَبِّهِمْ لَكَافِرُونَ (8)

<<Öz ýanlarynda oýlanmadylarmy? Allanyň gökleri we ýeri we olaryň arasyndaky barça zatlary diňe hak bilen ýaradyp belli bir zaman üçin ýaradanlygy barada. we şübhesiz ilatyň köpüsi öz perwerdigärleriniň didaryna barjakdyklaryna müňkürdirler.>>

       Gurany kerimiň bu aýaty hem bu asmanlyk kitabyň beýleki köp aýatlary ýaly ynsanlary barlyk we ýaradylyş hakynda dogry oýlanmaklyga çagyrýar , dogrudan gökleri we ýeri kim ýaradypdyr ? ýaradylyş belli bir maksat-myratsyz bolup bilermi ? älem-jahanyň awwaly we ahyry ýokmydyr ? bir ynsan özüniň akyl paýhasyndan haýyrlanyp işlerini tertip düzgün esasynda bitirýän bolsyn , emä bu azamatly ýaradylyşyň tertip düzgüni bolmasynmy ? şeýle bir zat bolup bilermi ? şeýlede , ynsanyň bu dünýädäki ýaşaýyşynyň gutarmagy bilen heme zat gutarýarmy ? bu zat kabul ederlimi?

        Elbetde dünýä bil baglan ynsanlaryň köpüsi hamana özleriniň dünýädäki ýaşaýyşlaryndan lezzet almak maksady bilen ahyreti we ahyretde Allanyň gurjak mizan-terezisini ret edýärler , ýöne oýlanýan ynsanlar barlygyň belli maksat -myradynyň barlygyny aýdyp ýaradylyşyň tertip düzgüni bardyr, ol tertip-düzgün bolsa Allanyň hekmetini beýan edýändir diýip aýdýar .

        Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :

1-    Ýaradylyşyň hem belli maksady bardir hemde onuň zamany bellijedir .

2-    Kyýamaty inkär etmeklik akla we mantyga laýyk gelýän däldir eýsem onuň sebäbi , kyýamaty inkär edýän adamlaryň dünýä bil baglamaklarydyr .

3-    Yslam dini ynsany barlyk hakynda oýlanmaklyga çagyrýandyr şeýdip möminleriň imanlarynyň magryfat esasynda şekil tapmagyny isleýändir .

 

////////////////