Dec 25, 2017 10:22 Asia/Ashgabat

bölüm,732,süre rum,aýat 14-19

برنامه راهی بسوی نور( (732

 

Rum süresi, 14, 15 we 16-njy aýatlar :

وَيَوْمَ تَقُومُ السَّاعَةُ يَوْمَئِذٍ يَتَفَرَّقُونَ (14) فَأَمَّا الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ فَهُمْ فِي رَوْضَةٍ يُحْبَرُونَ (15)‏ وَأَمَّا الَّذِينَ كَفَرُوا وَكَذَّبُوا بِآيَاتِنَا وَلِقَاء الْآخِرَةِ فَأُوْلَئِكَ فِي الْعَذَابِ مُحْضَرُونَ (16)

<< we kyýamat gopan gününde ( adamlar ) bir- birlerinden daş düşerler // şol günde , ýagşy işleri eden imanly adamlar ( behiştiň) bossanlygynda şatlyk ederler // ýöne kapyr bolup biziň aýatlarmyzy we kyýamat duşuşygyny inkär eden adamlar, pes olar azaba çagyryljaklaryň hatarynda boljakdyrlar.>>

Gurhany kerimiň bu aýatlary ynsanlary iki topara bölýär. bir topary salyhy ynsanlar bolup iman ählinden bolsalar ýene bir topary günäkär ählinden bolan haky inkär eden ynsanlardyr. Ynsanlary dünýäde bir-birlerinden jyda edýän zatlaryň ,meselem  ýaş , dil , orun-mertebe , baýlyk- garyplyk we ýagyz ýaly zatlaryň kyýamatda hiç bir täsiri boljak däldir. kyýamatda ynsanyň ykbalynda täsirli boljak ýekeje zat olda ynsanyň imany we dünýäde bitiren ýagşy amallary boljakdyr, bu arada geň galmaly zat şudyr weli ynsanyň behişte girmek üçin imanyň bir özi ýeterlik boljak däldir eýsem imanyň ýanynda ýagşy amal hem gereklidir.  ýöne ynsanyň Dowzaha girmegi üçin onuň diňe şol kapyrçylygy ýeterlikdir sebäbi Alla-ga kapyr bolmagyň özi iň uly sütemkärlikdir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamat güni , päkler bilen nä-päkler we ýagşylar bilen günäkärleriň jyda ediljek günidir .

2- ýagşy iş bir wagt gymmatlydyr weli ylahy maksatlar üçin ýerne ýeten bolsun.

3- ahyretde ynsanyň ykbaly , onuň dünýäde bitiren işlerine baglydyr.

 

Rum süresi, 17 we 18-nji aýatlar :

فَسُبْحَانَ اللَّهِ حِينَ تُمْسُونَ وَحِينَ تُصْبِحُونَ (17) وَلَهُ الْحَمْدُ فِي السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَعَشِيّاً وَحِينَ تُظْهِرُونَ (18)

<< bes Allany päkläp tesbih aýdyň gijä giren mahalňyz we ertir çagyna ýeten mahalňyz.// we göklerde we ýerde hämdü sena mahsus onuň üçindir ( şeýlede ) günüň soňunda, hemde öýlä ýeteňizde.>>

Müfässerleriň käleri “bu aýatlar bir musulmanyň gije-gündizine ýerne ýetirmeli parz namazlarynyň wagtyny belli edýär” diýip aýdýarlar . Gurhany kerim bu aýatlarda möminlerden , ertirlerine , agşamlaryna , öýlän we ikindinlerine Allany ýat edip onuň hämdü senasyny etmekligi isleýändir. sebäbi älem- jahanyň eýesi bolan Allany, barça zatlar hämdü sena aýdyp onuň azamatyny ykrar edýändirler. hawa , şirkden daş durmak üçin gije-gündiziň bütin salym sagatlarynda Allany ýatlap onuň tesbihini aýtmalydyrys.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- bütin salym sagatlarda Allany ýatlap onuň zykryny aýdyp bolýandyr ýönä kä salymlar bu iş üçin has mynasyprakdyr .

2- Allany her bir ýaramazlykdan we nugsanlykdan päkläp onuň hämdü senasyny aýtmaklyk Allanyň beren nygmatlarynyň şükrüni berjaý kylmaga şert döredýändir oňa görä elmydam Allanyň tesbihini aýdyp durmalydyrys.

Rum süresi, 19-njy aýat :

يُخْرِجُ الْحَيَّ مِنَ الْمَيِّتِ وَيُخْرِجُ الْمَيِّتَ مِنَ الْحَيِّ وَيُحْيِي الْأَرْضَ بَعْدَ مَوْتِهَا وَكَذَلِكَ تُخْرَجُونَ (19)

<< ol öliden dirini çykarýandyr we diriden ölini . şeýlede ýeri ölen soň direldýändir we siz hem şu hili ( görlerden) çykaryljaksyňyz.>>

Kapyrlaryň we müşrikleriň kyýamata bildirýän şübheleriniň jogabynda Gurhany kerim bu aýatlarda ölümden soň direlmäge delalat edýän kä mysallary getirip : siz nähili kyýamatda ynsanyň direlip biljekdigini inkär edýäňiz, hut şol bir wagtyň özünde görýänsiňiz weli Alla bir tarapdan direldip bir tarapdan hem öldürüp durandyr. gyşna ýaprakdan düşen agaçlar ýazyň gelmegi bilen jana girip ýaprak bitirip miwe berýändir soňda gyş gelende ýene ýaprakdan düşüp ölýändir we bu ölmek – direlmek siziň gözüňiziň alynda gaýtalanyp durandyr şeýlede her ýylda Alla , gury toprakdan dürli ösümlikleri gögerdip direlmegi tomaşa guýandyr we şol bir wagtyň özünde hem janly jandarlary öldürüp olary guma öwürýändir . hawa , tebigatyň düzüminde şu hili ölümden ýaşaýyş we ýaşaýyşdan bolsa ölüm amala gelýändir . bu bolsa Allanyň kyýamatda ölileri direldip bilmegine gowy delildir .

Elbetde müfässerleriň käleri möminden kapyryň we kapyrdan mömin ynsanyň, şeýlede nadandan alymyň we alymdan bolsa nadan adamyň amala gelmeklerini öliden diriň , diriden bolsa öliň amala gelmekleriniň mysallaryndan diýip beýan edipdirler .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- ynsan gowyja oýlanyp görse kyýamaty inkär eder ýaly hiç bir delili ýokdur sebäbi Taňry tagala şu dünýäde öliden diri , diriden bolsa öli çykaryp bilýändigini  tomaşa goýup durandyr.

2- älem- jahanyň düzüminde barça zatlaryň ölüm bilen diriligiň arasynda aýlanyp durandygyny görýäris . bu aýlanyp durmaklyk kyýamat gopýança dowam etjekdir. 

 

/////////////////