Dec 25, 2017 10:29 Asia/Ashgabat

bölüm,733,süre rum,aýat 20-22

برنامه راهی بسوی نور( (733

Rum süresi, 20-nji aýat:

وَمِنْ آيَاتِهِ أَنْ خَلَقَكُم مِّن تُرَابٍ ثُمَّ إِذَا أَنتُم بَشَرٌ تَنتَشِرُونَ (20)

<< onuň nyşanalarynyň birside sizi toprakdan ýaratmagydyr onsyň siz ynsan ( şeklinde ýer ýüzünde ) ýaýradyňyz.>>

Geçen gepleşikde Allanyň ölileri direldip , dirileri bolsa öldürip bilýändigine yşarat etdik indi Gurhany kerim bu aýatda şol gürrüňiň dowamynda Allanyň barça närseleri ylaýtada ynsanlary ýokdan bara getirmekdäki gudratyna yşarat edip : ýer ýüzünde ýaýrap oturan siz ynsanlaryň köki boz toprakdyr diýip aýdýar .

Elbetde Gurhany kerim bu aýatda mümkinde hezreti Adam (a.s) toprakdan ýaradylanlygyny ýada ynsanyň imitiniň toprakdan amala gelýänligini aýdýandyr . her halda ynsanyň asly şol boz toprakdandyr oňa şek edip bolmaz .oňa görä özüniň nähili we nireden ýaradylandygyna gowy oýlanýan ynsan ýaradylşyň arkasynda beýik bir gudratyň barlygyna we şol gudratyň hem boz toprakdan ynsanyň bütin beden agzalaryny ýaradandygyna göz ýetirjekdir. Toprak hiç bir zady duýmaýar ýada toprakda hiç bir hereket ýok , ýöne indi şu toprakdan ýaradylan ynsan , hem hereket edýär hemem özüniň töwereginde bolup geçýän bütin hereketleri duýýar bu bolsa geň galmaly zatdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- Allany tanamak üçin deslap özüňi tanamalydyr özüni tanan Allasyny tanajakdyr.

2- ynsanlaryň hemmesi toprakdan ýaradylyp ahyr soň hem topraga dolanjakdyrlar onda topraga öwrüljek ynsanyň menliklenmegi ýada özüni özgelerden össem saýmagy bir bihuda işdir.

Rum süresi, 21 nji aýat:

وَمِنْ آيَاتِهِ أَنْ خَلَقَ لَكُم مِّنْ أَنفُسِكُمْ أَزْوَاجاً لِّتَسْكُنُوا إِلَيْهَا وَجَعَلَ بَيْنَكُم مَّوَدَّةً وَرَحْمَةً إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ لِّقَوْمٍ يَتَفَكَّرُونَ (21)

<< we onuň nyşanalarynyň birside ynjalyk tapmagyňyz üçin siziň öz hiliňizden size başdaşlary ýaratmagydyr we siziň araňyzda dostluk we mähribanlyk berkarar etdi , dogrudanda bu zatda oýlanýanlar üçin nyşanalar bardyr.>>

Gurhany kerim , ynsanyň nähili ýaradylmagyny beýan edeni soň bu aýatda ylahy nyşanalardan bolan jübitlenmek meselesine yşarat edip aýdýar : Alla , ýaşaýşyň dowamatynda ýürek aramy we köňül hoşy bolar ýaly her bir ynsana öz jynsyndan başdaş ýaratdy we olaryň arasynda söýgi we muhabbet baglanşygyny berkarar etdi, bu baglanşyk, erkek bilen zenanyň ýaşaýyşlaryndan hezil alyp nesil öndürmeklerine sebäp bolandyr . dogrusy erkek bilen zenanyň jubitlenmekleri köpçüligiň amala gelip ynsanlaryň köpçülikde özlerini jogapkär alyp barmaklaryna sebäp bolandyr .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- zenanlaryň jynsyny erkeklerden pesräk bilýän nädogry garaýyşlaryň tersinä yslamda erkekler bilen zenanlaryň jynsy bir zatdyr we jyns taýdan olaryň arasynda parh ýokdur.

2- yslam taglymatynda adamyň köňül hoşlygyna we ýüreginiň injalyk tapmaklygyna sebäp bolýan içeri maşgalalar gowy we kabul ederlidir.

3- mähir we muhabbet Allanyň erkek bilen zenanyň arasynda baglanşyk berkarar etmek ugurda olara merhemet eden sowgatydyr.

4- mähir we muhabbet we söýgi är-aýalyň baglanşygyna sebäp bolşy ýaly olaryň ortak ýaşaýyşnyň dowamatna hem şert döredýändir.

 

Rum süresi, 22-jni aýat :

وَمِنْ آيَاتِهِ خَلْقُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَاخْتِلَافُ أَلْسِنَتِكُمْ وَأَلْوَانِكُمْ إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ لِّلْعَالِمِينَ (22)

<< we onuň nyşanalarynyň ( ýene birsi ) ýeriň we asmanlaryň ýaradylmaklary we siziň araňyzdaky reň we dil tapawutlarydyr dogrudanda bu zatda alymlar üçin nyşanalar bardyr.>>

Gurhany kerim bu aýatda ynsanyň ýaradylmagynyň ýanynda gökleriň we ýeriň ýaradylşyny hem beýan edýär belkide ynsan özi hakynda oýlanmagyň ýanynda älem-jahan hakynda hem oýlanyp görsin diýip alymlar , älem-jahanyň ululygyny bilmek üçin döwrebap teleskoplardan peýdalanyp uly- uly kähkeşanlary gaty ozaklardan tapyp bilenem bolsalar olar heniz älem-jahanyň ahyryna ýetip bilen däldirler ýöne alymlar , älem-jahanyň gaty ulydygyna göz ýetirendirler . hata biziň ýaşaýan ýer şarymyzyň hem ynsan üçin heniz tanalmadyk ýerleri gaty kändir. Ynsan heniz ummanlaryň düýbinde ýaşaýan janlylary we baýlyklary doly tanap başaran däldir . Gurhany kerim bu aýatda ýene ynsana dolanyp onuň iki möhüm ýöriteligine yşarat edip aýdýar: ynsanlaryň arasyndaky dil parhlary her bir milletiň bir dilde geplemeklerine sebäp bolan bolsa, olaryň arasyndaky reň parhlary dünýäň ýüzünde dürli ýagyzlaryň amala gelmeklerine sebäp bolandyr, egerde ynsanlaryň hemmesi dil we ýagyz taýdan bir hili bolan bolsalardy olary bir-birlerinden saýgartmaklyk bize başartmazdy . ynsanlaryň dillerindäki we reňlerindäki bu parhlar , olaryň aňsatlyk bilen bir-birlerinden saýgarylmaklaryna sebäp bolýar.

Gurhan kerimiň bu aýatnyň öwretýän sapaklary:

1- tebigy ylymlary öwrenmeklik , ynsanlaryň tebigatdan dogry haýyrlanyp ösüp özgermeklerine şert döredýändir.

Elbetde ynsan tebigy ylymlary öwrenmek bilen özüniň Allaga bolan ynam-ygtykadyny hem berkitmelidir.

2- alymlaryň garaýşynda reňleriň , ýagyzlaryň we dilleriň arasyndaky tapawutlar Allanyň beýikligini görkezýändir . ýöne nadan adamlar bu tapawutlardan birek-biregi harlamak ýada kiçeltmek ugurda peýdalanýandyrlar .

3- her bir milletiň dili gymmatly zatdyr oňa görä , hiç bir millet ýene bir milletiň dilini kiçeltmäge hakly däldir.

 

///////////////