bölüm,734,süre rum,aýat 23-26
bölüm,734,süre rum,aýat 23-26
برنامه راهی بسوی نور( (734
Rum süresi ,23 we 24-nji aýatlar
وَمِنْ آيَاتِهِ مَنَامُكُم بِاللَّيْلِ وَالنَّهَارِ وَابْتِغَاؤُكُم مِّن فَضْلِهِ إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ لِّقَوْمٍ يَسْمَعُونَ (23) وَمِنْ آيَاتِهِ يُرِيكُمُ الْبَرْقَ خَوْفاً وَطَمَعاً وَيُنَزِّلُ مِنَ السَّمَاءِ مَاءً فَيُحْيِي بِهِ الْأَرْضَ بَعْدَ مَوْتِهَا إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ لِّقَوْمٍ يَعْقِلُونَ (24)
Onuň (Allanyň ) nyşanalaryndan gije we gündizlerine ýatyp onuň pazlyndan gün oňşugyňyzy oňatlanmagydyr. dogrydan bu zatlarda gulak berýänler üçin nyşanalar bardyr .// we ýene onuň nyşanalaryndan howp we Reja (umydygärlik) sebäp bolýan ýyldyrymy saňa görkezmegidir . we asmandan suw iberýär we onuň üsti bilen ýeri ölenden soň direldýär , şeksiz bu zatda oýlanar üçin nyşanalar bardyr.>>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Gurany kerim , Rum süresiniň bir bölüminde ynsanyň we jahanyň ýaradylyşyndaky Allanyň nyşanalaryny / soň bu aýatlarda Allanyň şol nyşanalarynyň ýene ikisine yşarat edip aýdýar : uky belkide siziň ýanyňyzda ýönekeý bir zat bolsun ýöne şol ýönekeý zat gije – gündizine gaýtalanyp duran zatdyr we onda Allanyň nyşanalary bardyr sebäbi uky ynsanyň ýaşaýyşy üçin işi üçin dynç alyp güýjiniň jemlenmegine sebäp bolýar . egerde ynsan hiç mahal uklamaýan bolsady ol hemişe ýadaw bolardy we işlemäge meýli bolmazdy .
Gögüň gürläp ýyldyrymyň çakmagy hem kä zamanlar ynsanlaryň gorkmaklaryna sebäp bolýar / şondan gelende , gögüň gürläp ýyldyrymyň çakmagy asmandan ýagyşyň ýagjakdygyny buşlaýandyr ýagyş bolsa ynsan , haýwan we ösümlikler üçin gerekdir we ýaşaýyşyň duwamy suwa baglydyr , egerde bir ýerde ýagyş yzygiderli ýagmasa ol ýerde ýaşaýan ynsanlar suwuň gadyr gymmatyny köpräk biljekdirler . ynsanyň ýaşaýyşy üçin gerek bolan Nebit we Gazy obalara we şäherlere ýetirmek üçin döwletler Mylýartlarça dollor çykdaýjy edip turba çekýändirler ýada oňa gerek bolan desgalary oturdýandyrlar ýöne Alla tagala ynsanyň ýaşaýyşy üçin Nebit we Gazdan has hem möhüm bolan suwy ynsanlara ýetirmek üçin , deňizleri , bulutlary we ýeli işe alyp bir tebigy düzgüniň galybynda suwy mugtyna ynsanlara ýetirip durandyr . onda ynsan hem Allanyň beren bu nygmaty hakda gowy oýlanyp onuň şükrini berjaý kylmalydyr .
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :
1- Allanyň beren nygmatlarynyň ýanyndan aňsatlyk bilen geçmeli däldiris , ynsanyň gije – gündizine uklap oýanup durmagy öz ýerinde bir uly nygmatdyr .
2- Halal gazanç üçin işläp zähmet çekmeklik Allanyň büren zadydyr .
3- Gögüň gürläp ýyldyrymyň çakmagy ýada ösümlikleriň gögermegi öz özünden bolýan iş däldir bu zatlaryň yzynda bir ylahy erada bardyr .
4- Ylym – bilim we we oýlanmak bilen Allany tanamalydyrys .
Rum süresi, 25 inji aýat
وَمِنْ آيَاتِهِ أَن تَقُومَ السَّمَاء وَالْأَرْضُ بِأَمْرِهِ ثُمَّ إِذَا دَعَاكُمْ دَعْوَةً مِّنَ الْأَرْضِ إِذَا أَنتُمْ تَخْرُجُونَ (25)
<<
Gurany kerim geçen aýatlarda gögüň we ýeriň ýaradylşyna yşarat edeni soň bu aýatda ýeriň we gögüň berkararlygyny Allanyň gudratynyň nyşanalaryndan bilip aýdýar : ynsanlaryň desga bilen heniz görüp bilmedik asmandaky azym – azym şarlary belli bir düzgün esasynda hereket edýändirler. egerde olar özleriniň barýan ugurlaryndan entejik çykasalar beýleki şarlaryň şol sanda ýer şarynyň dargap ondaky ýaşaýyşyň ýok bolmagyna sebäp bolmaklary mümkindir .emma Alla tagala özüniň gudraty bilen bu şarlary asmanda belli belli ugurlarda herekete düşürip olaryň çakyşmaklarynyň öňüni alandyr , şeýdipde älem- jahany belli bir düzgün esasynda berkarar edip goýandyr .
Elbetde Taňry tagala ahyr zaman bolanda hem bu düzgüni degişdirip topraga garylyp ýatan ynsanlary toprakdan çykaryp mizan- tereziniň başynda häzir etjekdir .
Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :
1- Ýaradylyş düzgüniň berkararlygy öz özünden däldir eýsem onuň yzynda bir ylahy erada bardyr .
2- Diňe bir ýaradylyş däl eýsem dünýäniň bütin işleriniň çäresi Allanyň elindedir. Alla tagala älem - jahany ýaradyp ony öz erkine göýberen däldir , eýsem ýere däne sepen daýhan ýaly onuň idegini hem gözden sowan däldyr .
3- Ahyretde ynsanyň toprakdan gopmagy kyýamatyň diňe ruhy däldigini eýsem jisimiň hem onda derkardygyny görkezýändir .
Rum süresi, 26 inji aýat :
وَلَهُ مَن فِي السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ كُلٌّ لَّهُ قَانِتُونَ(26)
<
Gurany kerim geçen aýatda ynsanyň ahyretde nähili toprakdan gopjakdygyny beýan edeni soň bu aýatda aýdýar :
Alla ynsanyň we beýleki närseleriň şol sanda perişdeleriň we jynlaryň eýesidir, şonuň üçin hem olara nähili çemeleşiň diýse çemeleşip biler we hiç kim Allanyň garşysynda durup bilmez , bu hakykat ýaradylşyň kadasydyr we hiç kim bu kadadan çykyp bilmez .
Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :
1- Diňe bir jansyz zatlar däldir , eýsem haýwanlar we ösümlikler ýaly janly zatlar hem hatda oýlanyp bilýän ynsan , jyn we perişdeler hem Allanyň emrinden we onuň häkimiýetinden çykyp bilýän däldirler .
2- Ynsan ýaradylyşda Allanyň emrinden çykyp bilmeýşi ýaly şerigatda hem özüniň erik ygtyýary bilen Allanyň emrine boýun bolsa we Allanyň aýdanyndan çykmasa kemala ýetip bagtyýar bolup bilekdir.
/////////////////