Dec 25, 2017 10:46 Asia/Ashgabat

bölüm,735,süre rum,aýat 27-29

برنامه راهی بسوی نور( (735

Rum süresi,27-nji aýat:

وَهُوَ الَّذِی یَبْدَأُ الْخَلْقَ ثُمَّ یُعِیدُهُ وَهُوَ أَهْوَنُ عَلَیْهِ وَلَهُ الْمَثَلُ الأعْلَى فِی السَّمَاوَاتِ وَالأرْضِ وَهُوَ الْعَزِیزُ الْحَکِیمُ ﴿٢٧﴾

<<>>

Geçen bir näçe gepleşikde, Gurany kerim jahanda Taňry tagalanyň nyşanalarynyň käbirine yşarat edendir.Gurany kerim şol aýatlary Alla tagalanyň ylmynyň, hikmetiniň we gudratynyň tükenmezdigini bildirendir.Gurany kerim şol aýatlaryň dowamynda we bu aýatda ahyret meselesine, kyýamatda ölen adamlaryň direlmek meselesine yşarat edip, ýaradylyşy ýokdan bar eden Alla ahyretde hem ony gaýtadan berkarar edip biljekdir diýip aýdýar.

Allanyň ýanynda bolmajak iş bolmaz. Allanyň ýanynda hemme işler kynlyk we aňsatlyk taýdan bir derejede durýandyr.Işleriň kyn ýa-da aňsat bolmaklary Alla üçin derkar däldir, eýsem ynsanlaryň ýanynda her bir iş başga bir iş bilen parh edýändir  we kä işler kyn bolup kä işler hem aňsat bolýandyr. Şonuň üçin hem Gurany kerim bu aýatda aýdýar: Siz ynsanlar bir zady gaýtadan bejerjek bolaňyzda aňsatlyk bilen onuň hötdesinden gelýänsiňiz, indi Alla özüniň çäksiz gudraty bilen, ýaradan bir zadyny gaýtadan ýaradyp bilmezmi?

Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-Allanyň sypatlary ynsanyň pähimine sygardan ýokarda durýandyr we hiç bir zady we hiç bir kimsäni bu jähetde Alla bilen deňeşdirip bolmaz.

2-bu dünýäden soň ýene bir dünýäniň bolmaklygy Allanyň hekmetiniň talap edýän zadydyr.Ýene bir dünýä bolmasa ynsanyň ýaradylmagynyň soňy puç boljakdyr.

Rum süresi, 28-nji aýat:

ضَرَبَ لَکُمْ مَثَلا مِنْ أَنْفُسِکُمْ هَلْ لَکُمْ مِنْ مَا مَلَکَتْ أَیْمَانُکُمْ مِنْ شُرَکَاءَ فِی مَا رَزَقْنَاکُمْ فَأَنْتُمْ فِیهِ سَوَاءٌ تَخَافُونَهُمْ کَخِیفَتِکُمْ أَنْفُسَکُمْ کَذَلِکَ نُفَصِّلُ الآیَاتِ لِقَوْمٍ یَعْقِلُونَ ﴿٢٨﴾

<<>>

Müşrikler Allanyň ýaradan zatlaryny oňa şärik tutunyp Allany älem-jahanda täsirli bilişleri ýaly ol zatlary hem täsirli bilýärdiler. Gurany kerim bu aýatda, bir mysal bilen müşrikleriň bu pikirini ret edip aýdýar: siz gul-gyrnagyňyz bar bolsa öz mal-mülküňiziň ygtyýaryny olara berýärsiňizmi? We olary öz baýlygyňyzda şärik edýärsiňizmi? We olar, mal-mülküňiz bilen islän işlerini edip biler ýaly olara rugsat berýärsiňizmi? Eger şu işlere rugsat bermeýän bolsaňyz, onda älem-jahanyň we bütin närseleriň hakyky eýesi bolan Alla özüniň ýaradan zatlaryna şeýle bir rugsaty berermi? Elbetde bermez.

Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-ynsanyň wyždany gowy kazydyr.Biz ynsanlar, golastymyzdaky adamlary, öz işlerimizde ýa-da  mal-mülkümizde şärik bilmeýäris.Indi barça zatlary ýaradan Alla, öz ýaradan zatlaryny özüniň işlerinde şärik tutunmalymy? Bu iş akyla sygmajak zatdyr.

2-Gurany kerimiň aýatlary akyl we mantyk esasynda ynsan bilen gepleşýändir we Guranyň aýatlary hemişe ynsanlary oýlanmaklyga çagyrýandyr.

Rum süresi, 29-njy aýat:

بَلِ اتَّبَعَ الَّذِینَ ظَلَمُوا أَهْوَاءَهُمْ بِغَیْرِ عِلْمٍ فَمَنْ یَهْدِی مَنْ أَضَلَّ اللَّهُ وَمَا لَهُمْ مِنْ نَاصِرِینَ ﴿٢٩﴾

<>

Öňki aýatyň dowamynda Taňry tagala, ynsanyň akylyna laýyk gelýän bir mysal getirip aýdýar: Alla şärik kaýyl bolýan adamlar, aslynda akyl we mantykdan daş düşüp özleriniň haý-höweslerine bende bolan ynsanlardyrlar. Sebäbi olar hiç bir delil getirmezden, Alla üçin şärik kaýyl bolup özlerine sütem etdiler.

Hawa, ylymdan we akyldan daş düşüp özleriniň haý-höweslerine eýerýän ynsanlaryň soňy gümralykdyr we olara hydaýat bolmak umydyň bolmaly däldir. Sebäbi hydaýat bolmak üçin ynsan akylyndan haýyrlanmalydyr we hydaýatyň gözleginde bolan ynsan deslap öz akylyna ýüz tutmalydyr we özi üçin akyl we mantyk ýoluny baglamaly däldir. Emma akyl we mantykdan arany açyp akyl we mantyk ýollaryny baglan ynsan aslynda, özüniň hydaýat ýoluny baglandyr we onuň hydaýet tapmagy mümkin däldir we bu hili ynsanlara hiç kim hem kömek berip bilmez.

Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-Allanyň dogry ýolundan her hili arany açmaklyk, aslynda bir hili özüňe sütem etmeklik hasaplanýandyr. Yslamyň düşünjesinde özgä sütem etmeklik ýaly özüňe sütem etmeklik hem telek işdir. Sebäbi özüne sütem edýän ynsan soň Allanyň we onuň resulunyň hakynda hem sütem etjekdir.

2-durmuşda Buddizm we Hindilere degişli dini düşünjelerde dürli haýwanlaryň we heýkelleriň we butlaryň galybynda Alla şärik kaýyl bolmaklyk, häzirki asyrda hem jahyliýetiň dowam edýänligini görkezýändir.Diýmek kä mahal ylym-bilim bilen işlerini üstünlikli öňe äkidip barýan ynsan, Alla barada we ýaradylyş hakynda şu hili düşünjä eýerip nadanlyk belasyna giriftardyr.

 

///////////////////