Dec 25, 2017 10:51 Asia/Ashgabat

bölüm,736,süre rum,aýat 30-34

برنامه راهی بسوی نور( (736

Rum süresi, 30-njy aýat:

فَأَقِمْ وَجْهَکَ لِلدِّینِ حَنِیفًا فِطْرَةَ اللَّهِ الَّتِی فَطَرَ النَّاسَ عَلَیْهَا لا تَبْدِیلَ لِخَلْقِ اللَّهِ ذَلِکَ الدِّینُ الْقَیِّمُ وَلَکِنَّ أَکْثَرَ النَّاسِ لا یَعْلَمُونَ (30)

<<onda sen göni tärde päk bolan yslam dinine ýüzlen hemme dinlerden dänip duran mahalyňda we halkyň fitretini şol esasda döreden hudaýyň dinine eýer  sebäbi hudaýyp ýaradylyşyny üýtgedip bolmaz, budyr hudaýyň berk dini  elbetde adamlaryň aglabasy ( bu hakykatdan) habarsyzdyrlar >>

Geçen bir näçe gepleşikde gelşi ýaly gurhany kerim ýer , gökleri ýaratmakdaky Allanyň gudratyndan ylmyndan we onuň barlygyndan bir näçe mysaly getiren soň bu aýatda aýdýar : tebigat düzgünini synalmagyň ýanynda ynsanyň içki dünýäsine üns bermeklik hem ynsany Alla ýakynlaşmaklyga iterýändir sebäbi ynsanlaryň hemmesi özleriniň içgin garaýyşlarynda bir Allanyň barlygyna şaýatlyk berýändirler .

Taňry tagala bu aýatda yslam pygamberinden we bütin möminlerden öz imanlaryny dilde ykrar etmegiň ýanynda ýürekleri bilen hem Allanyň dinine ýüzlenmeklerini isleýändir . asmanlyk dinleriň hemmesi Allanyň tarapyndan iberlendirler ýöne gynanç bilen olaryň köpüsi özleriniň dogry ýollaryndan çykandyrlar şonuň üçin hem Gurhany kerim bu aýatda aýdýar : dogry ýoldan çykman özüniň göni ýoluny mäkäm dowam edip duran din, yslam dinidir we bu din ynsanlaryň ylahy fitretlerine we gaýnamlaryna jebis gelýändir we ynsanlaryň tebigatlarynyň üýtgemeýşi ýaly iň soňky asmanlyk din bolan yslam dini hem üýtgemezdir.

Ýöne gynanç bilen durmuşda dünýäde köp adamlar , şeýle bir mäkäm dini taşlap ynsanlaryň ýasama düşünjelerine eýerýändirler şeýdipde olar ynsanyň hakyky bagtyýarlyk ýoly bolan yslam dininden arany açýandyrlar.

Gurhany krimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- taňry tagala ynsanlary bir hili ýaradandyr weli ynsan haka uýgundyr we batyldan ýüz öwürýändir.

2- ynsanyň fitretinde bar zat köpräk ünse mätäçdir . din hem ynsanyň fitretine laýyklykda düzilen zatdyr ýöne diniň ynsanyň ýaşaýyşynda täsirli bolmagy ugrunda her bir ynsanyň öz ýaşaýşynda din taglymatyny ýerne ýetirmegi gereklidir.

3- Allanyň ynsanlara bagyş eden tebigaty Allanyň ynsanlar üçin belli edip goýan şerigatna laýyk gelýändir sebäbi olaryň ikiside bir ýerden göz baş alýandyr we olaryň arasynda hiç hili çaprazlyk ýokdur.

Rum süresi, 31 we 32-nji aýatlar :

مُنِیبِینَ إِلَیْهِ وَاتَّقُوهُ وَأَقِیمُوا الصَّلاةَ وَلا تَکُونُوا مِنَ الْمُشْرِکِینَ (31) مِنَ الَّذِینَ فَرَّقُوا دِینَهُمْ وَکَانُوا شِیَعًا کُلُّ حِزْبٍ بِمَا لَدَیْهِمْ فَرِحُونَ (32)

<< ( siz hem ) oňa tarap ýüzlenip ondan gorkuň we namaz okaň we müşriklerden bolmaň // we öz dinlerini dargadyp topur topura bölünmek bilen we her topur öz ýanlaryndaky zatlara göwünlerini hoş edenlerden bolmaň.>>

Geçen aýatda aýdyşymyz ýaly diniň gaýnamyýn bolmagy bilen hem onuň ünslerden düşmegi bilen ynsanyň dinden jyda düşmegi mümkindir şonuň üçin hem gurhany kerim bu aýatda : haçanda dogry ýoldan azaşaňyzda özüňiziň pitretiňize jebis gelýän Alla tarap gaýdyň diýip tabşyrýar . soň gurhany kerim dini goramak-da , günäden daş durup takwa ýolundan ýöremegi şeýlede namaza we tagat- ybadata mäkäm ýapyşmagy tabşyrýar.

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda şirkiň ýaramaz täsirleriniň birsine yşarat edip : şirk köpçüligiň näçe topura bölünip dargamagyna sebäp bolýandyr sebäbi her bir topar Alla şärik tutan zatlarna göwünlerini hoş edip öz bagtyýarlygyny şondan dileýändir emma aslynda ynsanlaryň hemmesi Allanyň we towhydyň çarçuwasynda ýygnanşyp hereket etseler köpçülikde hiç hili agzalalyk dörejek däldir we ynsanlaryň arasynda dostluk doganluk bergarar boljakdyr diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ynsan takwa ýoluny saýlap tagat ybadata meşgul bolan ýagdaýynda ynsanyň gaýnamyýn dine ýüzlenmegi onuň ýaşaýyşynda oňyn täsiri galdyrjakdyr.

2- Alla ýüzlenip towhyt ýolundan hereket etmeklik köpçüligi jebislige tarap iterýändir ýöne şirk ýoly köpçüligiň arasyna agzalalyk salýandyr .

3- köpçülikde agzalalygyň bolmagy ol köpçülikde ýaşaýan ynsanlaryň towhytdan arany açyp şirk belasyna giriftar bolandyklaryny görkezýändir.

Rum süresi, 33 we 34-nji aýatlar:

وَإِذَا مَسَّ النَّاسَ ضُرٌّ دَعَوْا رَبَّهُمْ مُنِیبِینَ إِلَیْهِ ثُمَّ إِذَا أَذَاقَهُمْ مِنْهُ رَحْمَةً إِذَا فَرِیقٌ مِنْهُمْ بِرَبِّهِمْ یُشْرِکُونَ (33) لِیَکْفُرُوا بِمَا آتَیْنَاهُمْ فَتَمَتَّعُوا فَسَوْفَ تَعْلَمُونَ (34)

<< haçanda ynsanlara zyýan ýetişende öz replerini çagyryp toba etmek bilen oňa tarap dolanýandyrlar ýöne haçanda Alla öz rahmetinden olara dadyranda olaryň bir topary öz replerine şirk getirýändirler .// we biziň bagyş eden zatlarmyzyň garşysynda kapyrlyk edýändirler .onda basymlykda bilersiňiz ( bilmeli zadyňyzy )>>

Gurhany kerim geçen aýatlaryň dowamynda ynsanyň ýaşaýyşynda häli- şindi görünýän zatlaryň birsine yşarat edip : ynsan haçanda bir kynçylyga gabat gelende we hiç kimden kömegiň ýetmejekdigine göz ýetiren soň Alla ýüzlenip kynçylygynyň çözgidini ondan isleýändir diýip aýdýar . hawa , şeýle bir ýowuz ýagdaýa uçran ynsan gaflat ukusyndan oýanyp toba edýändir hemde kynçylygyna çäre görmegi Alladan isleýändir emma haçanda Alla onuň kynçylygyny çözende ol ýenede bir gaýtar Allanyň merhemet eden bu rahmetini unudyp kynçylygynyň çözülmegini başga zatlara degişli bilýändir . indi ynsan şu hili na-şükürlige endik etse onuň soňy gowy boljak däldir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- ynsanlaryň bir topary diňe kynçylyklarda we musybatlarda Allany ýatlaýandyrlar olar Allany kynçylyklaryny çözmek üçin isleýändirler ýogsa özlerini Alla mätäç duýýan däldirler .

2- kynçylyklarda we ýowuz ýagdaýlarda ynsan gaflat ukusyndan oýanyp Alla ýüzlenýändir . bu bolsa Alla ýüzlenmegiň ynsanda bir gaýnamyýn islegdigini belli edýändir.

3- bol-elin ýaşaýyşdan paýly bolmaklyk käleri Allanyň ýadyndan daşlaşdyrýandyr we ynsanda kapyrlyk häsiýetiň döremegine sebäp bolýandyr.

 

//////////////////////