bölüm,737,süre rum,aýat 35-38
bölüm,737,süre rum,aýat 35-38
برنامه راهی بسوی نور( (737
Rum süresi, 35-nji aýat:
أَمْ أَنْزَلْنَا عَلَیْهِمْ سُلْطَانًا فَهُوَ یَتَکَلَّمُ بِمَا کَانُوا بِهِ یُشْرِکُونَ ﴿٣٥﴾
Gurany kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatda müşrikleriň ynam-ygtykatlaryny ret edip aýdýar: Alla tagala üçin şärik kaýyl bolýan müşrikler özleriniň bu işleri üçin hiç bir delilleri barmy? Ýada Tebigatda Allanyň şäriginiň bolmagyna güwälik berýän bir nyşananyň üstünden bardylarmy? Ýa-da Alla tarapyndan olara kitap indimi? Şol kitapda Allanyň şäriginiň barlygy ykrar bolan bolsun.Elbetde bu zatlaryň hiç biri bolýan däldir we müşrikler nadanlyk bilen özleriniň ata-babalarynyň ýalňyş ýollaryny dowam edýändirler we özleriniň getirýän şirkleri üçin hiç bir delili getirýän däldirler.
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1-yslam dini mantygyň we deliliň dinidir.Şonuň üçin hem öz garşysyndan delil isleýändir.
2-dogrylygy mäkäm deliller bilen subut bolýan towhydyň garşysynda, şirkiň dogrulygyna şaýatlyk berip biljek hiç bir delil ýokdur.
Rum süresi, 36-njy aýat:
وَإِذَا أَذَقْنَا النَّاسَ رَحْمَةً فَرِحُوا بِهَا وَإِنْ تُصِبْهُمْ سَیِّئَةٌ بِمَا قَدَّمَتْ أَیْدِیهِمْ إِذَا هُمْ یَقْنَطُونَ ﴿٣٦﴾
<
Gurany kerim öňki aýatyň dowamynda, bu aýatda müşrikleriň we imanlary gowşak bolan ynsanlaryň ýöriteliklerini beýan edip: olar umytsyzlyk bilen menliklenmegiň arasynda awaradyrlar we haçan-da olara bir nygmat ýetişende menliklenýärler we haçan-da kynçylyga gabat gelenlerinde umytlaryny üzýärle. Emma hakyky möminler beýle däldirler, olar elmydam Allanyň berenine şükür edip, bermedigine sabyr edýändirler diýip aýdýar.
Bu aýatda we bu aýata meňzeş aýatlarda üns bermeli zatlaryň biriside nygmatlaryň Alla tarapyndan ynsanlara bagyş edilýänligi we musybatlaryň ynsanlaryň eden etmişleriniň miwesi bolýanlygydyr. Sebäbi Alla özüniň bendelerine ýagşylykdan we rahmetden gaýry zady isleýän däldir. We ynsanlaryň başlaryna gelýän kynçylyklaryň köpüsi olaryň öz eden etmişleriniň ýa-da özgeleriň ýetirýän zulumlarynyň netijesinde ýüze çykýandyr.
Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- imansyz ynsan ýa-da imany gowşak bolan ynsan azajyk nygmaty göterip bilýän däldir.Ýa-da azajyk kynçylyga tap getirýän däldir.
2-dünýäniň nygmatlary hemişelik däldir. Oňa görä olara bil baglamak ýalňyş işdir. Sebäbi bu nygmatlara göwün beren ynsanlar olary elden beren soňlar umytsyzlyga uçrajakdyrlar.
Rum süresi, 37-nji we 38-nji aýatlar:
أَوَلَمْ یَرَوْا أَنَّ اللَّهَ یَبْسُطُ الرِّزْقَ لِمَنْ یَشَاءُ وَیَقْدِرُ إِنَّ فِی ذَلِکَ لآیَاتٍ لِقَوْمٍ یُؤْمِنُونَ ﴿٣٧﴾ فَآتِ ذَا الْقُرْبَى حَقَّهُ وَالْمِسْکِینَ وَابْنَ السَّبِیلِ ذَلِکَ خَیْرٌ لِلَّذِینَ یُرِیدُونَ وَجْهَ اللَّهِ وَأُولَئِکَ هُمُ الْمُفْلِحُونَ ﴿٣٨﴾
<
Gurany kerim geçen aýatyň dowamynda bu aýatda: imanlary gowşak bolan ýa-da baýlygy göterip bilmeýän kä adamlar ellerinden bir baýlyk gidende umytlaryny üzýärler diýip aýdýar. Şeýle-de Gurany kerim bu aýatda aýdýar: mömin ynsanlar öz ryzklarynyň, Allanyň elindedigine imanlary bardyr we onuň köp ýa-da az bolmagyny Allanyň hikmetinden bilýändirler. Şonuň üçin hem dünýäniň maly üçin köp ýortup az gazanýan adamlar ýaly az ýortup köp gazanýan adamlar az däldirler.
Ýöne ryzk barada möhüm bolup durýan zat olda Her kimiň öz ryzkyny gazanmak üçin orta derejede tagalla etmegidir.Indi ryzkyň nä-mukdarda ýazylmagy köp zatlara baglydyr. Şol sebäpkärleriň köpüsi hem biziň elimizde däldir. Indi biz dünýä malyny ýygnamak üçin köp zähmet çeksekde haýsydyr bir delil üçin oňa ýetip bilmesek umytsyzlyk belasyna uçrap ruhdan düşjekdiris. Ýöne ryzk üçin tagalla edip onuň netijesini Allanyň özüne ynansak, Çeken zähmetimizden netije gazanmasak-da umytsyz boljak däldiris. We Allanyň nä-mukdarda berenine razy boljakdyrys. Elbetde Gurany kerim bu aýatyň dowamynda ynsanyň ýene bir jogapkärçiligine yşarat edip: ryzky köp bolan adamyň jogapkärçiligi hem köp bolýandyr, Bu hili ynsanlar öz içeri-maşgalasyndan aýry köpçüligiň ylaýta-da dogan-garyndaşlarynyň hem aladasyny etmelidirlerdiýip nygtaýar.
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1-egerde ryzkymyzyň Alla tarapyndandygyna imanymyz bolsa öz ryzkymyzdan köpçülige, garyp-gasarlara ynfak etmekde gowşak durman eýsem öňde boljakdyrys.
2-garyp-gasarlara ynfak edýän adam yhlas bilen ynfak etmese bu ynfakdan oňa hiç peýda ýetjek däldir.
3-her bir ynsanyň garyp dogan-garyndaşlary şeýle-de garyp-gasar ildeşleri onuň boýnunda haklary bardyr. Hökman baranda adamlar özleriniň garyp dogan-garyndaşlaryna we ildeşlerine hem ser etmelidirler.
4-baranda adamlar köpçülikden hor-homsulygy aýyrmak üçin zekat bermegiň ýany bilen, hökman öz mallaryndan garyp-gasar adamlara berip olary goldamalydyrlar.
////////////////