Dec 25, 2017 11:10 Asia/Ashgabat

bölüm,738,süre rum,aýat 39-42

برنامه راهی بسوی نور( (738

Rum süresi, 39-njy aýat:

وَمَا آتَیْتُمْ مِنْ رِبًا لِیَرْبُوَ فِی أَمْوَالِ النَّاسِ فَلا یَرْبُو عِنْدَ اللَّهِ وَمَا آتَیْتُمْ مِنْ زَکَاةٍ تُرِیدُونَ وَجْهَ اللَّهِ فَأُولَئِکَ هُمُ الْمُضْعِفُونَ ﴿٣٩﴾

<<Özgeleriň mallarynyň arasynda köpelsin diýip riba edip berýän zatlaryňyz Allanyň ýanynda köpelmez we Allanyň razylygyny gazanmak üçin malyňyzdan berýän zekatyňyz (ýagşyrakdyr) onda bu hili adamlara artykmaçlygy bilen serpaý beriler.>>

Geçen gepleşikde üstünde görüň eden aýatlarymyzyň soňkysynda garyp- gasarlarlara ynfak etmek barada gürrüň etdik . Gurany kerim bu aýatda şol gürrüňiň dowamynda Allanyň razylygyny gazanmak maksady bilen edilýän ynfaklaryň ähmiýetine yşarat edip aýdýar : siziň özgelere berýän zatlaryňyz Alla üçin bolsa we ondan başga maksadyňyz bolman bolsa onuň serpaýyny Allanyň özi artykmaçlygy bilen berer , ýöne berýän kömegiňiz peýdasy bilen dolanyp geler diýip özgelere kömek edýän bolsaňyz ol kömek üçin Alla size serpaý bermez . sebäbi siz malyňyzy köpeltjek  bolup kömek edipsiňiz .

Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1-    Özgelere ynfak etmekde ýada garz pul bermekde üns bermeli möhüm zat olda bu işiň yzyndaky niýetdir . niýetiň dogry bolmasa berilýän sadakadan ýada garz puldan – her näçe köpem bolsa, ynsana ondan peýda ýetjek däldir .

2-    ynsanyň işine ätibär berýän zat, işde hudaýlykly niýetiň bolmagydyr . şeýle bir niýet bolmadyk ýerinde , edilýän ýagşy işlerden hem ynsana hiç peýda ýokdur .

3-    Dünýä bir bazar mysalyndadyr . bu bazarda käler peýda üçin alyş-beriş edýändirler , käler hem ahyretini  gazanmak maksady bilen Alla bilen alyş-beriş edýändirler .

 

Rum süresi, 40-njy aýat :

اللَّهُ الَّذِی خَلَقَکُمْ ثُمَّ رَزَقَکُمْ ثُمَّ یُمِیتُکُمْ ثُمَّ یُحْیِیکُمْ هَلْ مِنْ شُرَکَائِکُمْ مَنْ یَفْعَلُ مِنْ ذَلِکُمْ مِنْ شَیْءٍ سُبْحَانَهُ وَتَعَالَى عَمَّا یُشْرِکُونَ ﴿٤٠﴾

<<>>

Gurany kerim bu aýatda Allanyň barlykdaky taýsyz roluna yşarat edip aýdýar: siziň ýaradylmagyňyz , size berilýän ryzklar we ölümden soň direlmegiňiz , bu zatlaryň hemmesi Allanyň elindedir , onda näme üçin siz kä zatlary Allaga şärik tutunýarsyňyz? siziň şärik tutunýan zatlaryňyz siziň ykbalyňyzda täsirleri barmy? elbetde egerde bu soraga dogry oýlansalar onuň jogabyna hem ýetjekdirler, sebäbi olaryň diriliginde – ölüminde , ýada ölümden soň direlmeklerinde  bu zatlaryň hiç hili roly ýokdur  we müşrikler diňe öz ata-babalaryna eýerip bu hili zatlara çokunýandyrlar , ýogsa olaryň elinden gelýän bir iş ýokdur .

Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :

1-    Geçmişde , durmuşda we geljekde biziň ryzkymyz Allanyň elindedir we elinde hem boljakdyr . onda diňe oňa bendelik edip özge zatlara bendelik etmekden saklanalyň .

2-    Tebigy sebäpkärler ýada beýleki zatlar Allanyň islegi bolmasa biziň ýaşaýyşmyzda täsir galdyryp bilmezler , sebäbi ol zatlar öz özlerinden hiç bir zady edip bilýän däldirler .

Rum süresi, 41  we 42-nji aýatlar :

ظَهَرَ الْفَسَادُ فِی الْبَرِّ وَالْبَحْرِ بِمَا کَسَبَتْ أَیْدِی النَّاسِ لِیُذِیقَهُمْ بَعْضَ الَّذِی عَمِلُوا لَعَلَّهُمْ یَرْجِعُونَ ﴿٤١﴾ قُلْ سِیرُوا فِی الأرْضِ فَانْظُرُوا کَیْفَ کَانَ عَاقِبَةُ الَّذِینَ مِنْ قَبْلُ کَانَ أَکْثَرُهُمْ مُشْرِکِینَ ﴿٤٢﴾

<<>>

Gurany kerimiň geçen aýatlarda müşrikleriň nädogry ynam-ygtykatyny beýan edeni soň bu aýatlarda aýdýar :  ynsanlaryň ynam- ygtykatlary bilen ynsan köpçüliginde ýüze çykan pysatçylyklaryň we bozgakçylykly işleriň arasynda göni baglanşyk bardyr .

Köpçülikdäki  bütin  kynçylyklaryň we ýaramazlyklaryň köki Alla şärik tutunmaklyga dolanýandyr . her kim öz işlerinde Allany göz öňne almasa günäden gorkmaz we özüniň edýän günä işleri bilen hem özüne hemde töwerek- daşyndaky adamlara kynçylyk döreder , kyýamatda hem ol özüniň eden gönä işleriniň jöwrini çekmeli bolar .

Şonuň üçin Gurany kerim musulmanlardan geçen kowumlaryň taryhyny barlap gönä işleriň neçende ynsan köpçüligine howplydygyna üns bermeklerini isländir , Alla tagala kä wagtlar ynsanlary oýarmak üçin olaryň eden etmişlerine şu dünýäde jeza berýändir .

Dünýäniň dürli künjeklerinde uly –uly medeniýetleriň ýadygärliklerini görse bolýar , ýöne ol medeniýetlerde ýaşaýan ynsanlar, özleriniň eden etmişleri bilen we ýola berýän günä we bozgakçylykly işleri bilen şol medeniýetleriň dargap gitmeklerine sebäp boldylar .

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

1-    Ynsanlaryň ýola berýän ýaramaz işleri tebigatyň  düzgünden düşmegine we pysatçylygyň ýüze çykmagyna sebäp bolýandyr .

2-    Ýaşaýyş örisi we tebigat Allanyň ynsanlara ynanan amanatydyr . elbetde Alla , ynsanlaryň bu amanata el uzatmaklaryna rugsat beren däldir .

3-    Ybrat almak üçin bolan ýagdaýynda dünýä ýüzünde aýlanyp syýahat etmeklik , Allanyň tabşyran zatlaryndandyr .

4-    Egerde bir köpçülikde ynsanlaryň köpüsi pysat işlere baş goşsalar ol köpçülik Allanyň gazabyna giriftar bolar , oňa görä mömin adamlar bu hili köpçüliklerden göçüp gitmelidirler .

////////////////////