bölüm,739,süre rum,aýat 43-46
bölüm,739,süre rum,aýat 43-46
برنامه راهی بسوی نور( (739
Rum süresi, 43-nji aýat
فَأَقِمْ وَجْهَکَ لِلدِّینِ الْقَیِّمِ مِنْ قَبْلِ أَنْ یَأْتِیَ یَوْمٌ لا مَرَدَّ لَهُ مِنَ اللَّهِ یَوْمَئِذٍ یَصَّدَّعُونَ (43)
<< onda bu mäkäm dine tarap dolanyň – dolanmaga Alla tarapyndan hiç rugsat bolmadyk gün gelip ýetmänkä – şol gönde ( halk ) bölek- bölek bolarlar .>>
Yslam dinniň ýöritelikleriniň birisi-de onuň ynsanyň aklyna we gaýnamyna uýgun bolmagydyr . oňa görä Gurhany kerim bu aýatda yslam dinini bir tarapdan mäkäm we pugta din diýip tanadýar aýry bir tarapdan hem bu diniň , ynsanyň jemgyýetçilikli we şahsy bähbitlerini araýandygyny aýdýar . elbetde musulmanlar öz ýaşaýyşlarynda yslam dinniň taglymatlaryny doly ýerine ýetiren ýagdaýlarynda bu diniň bereketli taraplaryndan peýdalanyp biljekdirler ýöne diniň kä taraplaryny ýerne ýetirip kä taraplaryny unutmak bilen ynsanlar gowy netijäni alyp bilmezler. din hemme taraplaýyn ýerine ýetirlen ýagdaýynda ynsanlaryň ýaşaýşynda we köpçüligiň ykbalynda gowy netijäni çykarýandyr.
Egerde ynsan özüniň omrynyň gysgalygyny bilse puşman bolmaz ýaly özüniň gysga pursatyndan diniň ýolunda haýyrlanjakdyr.
Kyýamat günüň ýöritelikleriniň birsi şol günde ynsanlaryň topar- topar bolup Mähşer-de huzurly bolmaklarydyr şol günde kapyrlar bilen möminleriň toparlary aýry- aýry şekilde belli bir tarapa hereket etjekdirler.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- din taglymatlaryna wagtlaýyn dälde isem hemişe we hemme taraplaýyn üns bermelidir.
2- köpçülikleri dürli ahlagy we jemgyýetçilikli kynçylyklardan halas etjek zat , din taglymatlaryna hemme taraplaýyn ünsüň berilmegidir.
Rum süresi, 44 we 45-nji aýatlar:
مَنْ کَفَرَ فَعَلَیْهِ کُفْرُهُ وَمَنْ عَمِلَ صَالِحًا فَلأنْفُسِهِمْ یَمْهَدُونَ (44) لِیَجْزِیَ الَّذِینَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ مِنْ فَضْلِهِ إِنَّهُ لا یُحِبُّ الْکَافِرِینَ (45)
<< her kim kapyrlyk etse onuň eden kapyrlygy öz zyýanynadyr we her kim ýagşy iş etse özi üçin hemişelik bagtyýarlygy taýýarlajakdyr .// Alla bolsa iman getirip ýagşy işleri eden ynsanlary öz pazly bilen sylar( we kapyrlary öz pazlyndan mahrum eder sebäbi ) Alla kapyrlary söýýän däldir . >>
Gurhany kerim geçen aýatda , kyýamat gününde möminler bilen kapyrlaryň aýry aýry toparlyrda hereket etjekdiklerini beýan edeni soň bu aýatda aýdýar : ynsanyň kyýamatda görjek serpaýy ýada çekjek azaby onuň dünýäde eden etmişlerine baglydyr dünýäde ýagşylyk edenler kyýamatda serpaý görerler we dünýäde günä işleri eden ynsanlar bolsa kyýamatda azap çekerler . elbetde kapyrlar dünýäde özleriniň eden- etmişlerine görä azap görerler emma kyýamatda möminleriň serpaýy olaryň ýagşy amallaryndan zyýadarak berler Alla olaryň serpaýyny artykmaçlygy bilen gaýtarar , kapyrlar bolsa , Allanyň kyýamatda artykmaçlygy bilen berjek serpaýyndan özlerini mahrum edendirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsanlaryň mömin ýada kapyr bolmaklary Alla üçin ne zyýanlydyr we nede peýdaly. her kim mömin bolsa özi peýda görer we her kim kapyr bolsa özi zyýan çeker .
2- Alla kyýamatda kapyrlara özüniň adly esasynda çemeleşip olara jeza bere ýöne mňminlere özüniň pazly we keremi bilen çemeleşip olara zyýada serpaý berer.
Rum süresi, 46-njy aýat :
وَمِنْ آیَاتِهِ أَنْ یُرْسِلَ الرِّیَاحَ مُبَشِّرَاتٍ وَلِیُذِیقَکُمْ مِنْ رَحْمَتِهِ وَلِتَجْرِیَ الْفُلْکُ بِأَمْرِهِ وَلِتَبْتَغُوا مِنْ فَضْلِهِ وَلَعَلَّکُمْ تَشْکُرُونَ(46)
<< we Allanyň ( gudratynyň we hekmetniň ) nyşanalaryndan şudyr weli ýeli ( ýagyşy ) buşlaýjy hökmünde iberer tä onuň bilen öz rahmetini size dadyrsyn we gämileri emri bilen herekete duşursyn we siz hem onuň pazlyndan gün- oňşyňyzy kowalaň belkide şükür edijilerden bolduňyz .>>
Gurhany kerim Rum süresiniň başynda özüniň nygtan towhyt meselesini ýene bir gaýtar nygtaýar we barlykdaky sazlaşyga yşarat edip aýdýar : egerde ýeriň ýüzünde ýüze çykýan ýel – ýagyş we şolara meňzeş tebigy gopgunlara gowy ser etseňiz olarda , Allanyň hekmetniň we gudratynyň ýatanlygyna göz ýetirjeksiňiz we görme-göze ýöneki gopgunlar bolan ýel bilen ýagyşyň ynsanlara, haýwanlara we dürli ösümliklere ýaşaýyş bagyş edýändiklerini biljeksiňiz . maldarlyk we daýhançylyk işleri bolsa suwa we ýele baglydyr gadymda we häzirki asyrda bolşy ýaly oba-hojalyk önümlerini maksada ýetirmekde deňizleriň we gämileriň möhüm ruly bardyr bu iş bolsa ýel bilen suwuň ýoklugynda boljak iş däldir . ýöne gynanç bilen ynsanlaryň köpsi bu ylahy nygmatlaryň gudratyny bilmän olary öz özünden ynsanlaryň erkinde bolan zatlar bilip olar üçin Allanyň şükrüni kylmaýarlar.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ýeriň ýüzünde bulutlary herekete düşürýän ýel , suwsap ýatan ýerleri gandyrmakda möhüm rul oýnaýandyr sebäbi bu bulutlardan ýagýan ýagyş teşne ýerleriň ganmagyna sebäp bolýandyr.
2- deňizleriň ýüzünde gämileriň hereket etmekleri ynsanyň elinde däldir eýsem Allanyň elindedir Alla tagala bolsa özüniň tebigatda goýan mümkinçilikleri bilen gämileriň hereket etmeklerine şert döredendir.
3- Gurhany kerimiň tabşyran zatlarynyň birside halal gazanç etmek üçin zähmet çekmeklikdir . elbetde ynsan zähmet çekip gazanýan zatlary üçin hem şükür etmelidir we gazanan zatlaryny özüniň zähmetinden bilmän Allanyň beren nygmaty bilmelidir.
////////////////////