Dec 25, 2017 11:22 Asia/Ashgabat

bölüm,740,süre rum,aýat 47-49

برنامه راهی بسوی نور( (740

 

Rum süresi, 47-nji aýat:

وَلَقَدْ أَرْسَلْنَا مِنْ قَبْلِکَ رُسُلا إِلَى قَوْمِهِمْ فَجَاءُوهُمْ بِالْبَیِّنَاتِ فَانْتَقَمْنَا مِنَ الَّذِینَ أَجْرَمُوا وَکَانَ حَقًّا عَلَیْنَا نَصْرُ الْمُؤْمِنِینَ (47)

<< dogrudanda senden ozal her bir kowuma tarap pygamberleri ýolladyk , olar bolsa olara aýdyň delilleri getirdiler . onsoň günä we jenaýat eden adamlardan ar aldyk we (möminleri goldadyk) we möminleri goldamaklyk biziň üstümizde bolan borçdyr.>>

Geçen gepleşigiň soňky aýaty ynsanyň ýaşaýyşnyň dowam etmegi we ösümlikleriň gögermekleri üçin ýeliň iberilmegi we ýagyşyň ýagmagy baradady . Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda , ynsanlary  delil we burhan esasynda dogry ýola hydaýat etmek üçin pygamberleriň iberilmeklerine yşarat edip  bu aýatyň dowamynda ýene ýeriň ýüzünde ýaşaýyşyň dowam etmegi üçin ýeliň ösüp ýagyşyň ýagmagyna girişýär. Allanyň ýaradylyşdaky gudratny we hekmetini beýan edýän iki aýatyň ortasynda şeýle bir aýatyň getirilmegi megerde , ýaradylyş düzgüni bilen şerigat kanunlaryny belli edip goýan zadyň bir zatdygyny bildirmek üçindir. ol bir zat bolsa Allanyň tükeniksiz gudraty we hekmetidir we şol hekmet we gudrat hem ynsanlaryň ýaşaýyşy üçin ýel , ýagyn , aý , gün we beýleki zatlary öz ýerinde borçly eden bolsa  ynsanyň ruhy mätäçligini üpjün etmek üçin hem pygamberleri iberendir we pygamberleriň üsti bilen hem ynsanlary akyl we pitret esasynda dogry ýola hydaýat edendir.indi her kim Allanyň diýenini edip iman getirse ol Allanyň lotfu keremine gabat gelip Alla tarapyndan goldanjakdyr we her kim , hak bilen tersleşse we Allanyň emrinden boýun gaçyrsa ol ylahy azaba giriftar boljakdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- Alla tagala pygamberleri we aýdyň nyşanalary we mugjyzalary ibermek bilen halkyň elinde bahana goýan däldir .

2- ynsanlary hydaýat etmek üçin gerek bolan deliller we şertler üpjün edileni soň günäkärler we jenaýatkär adamlar jezalandyrylýandyr sebäbi delil we hütjet ýetik bolmadyk ýerinde bir adamy jezalandyrmaklyk adalata laýyk gelýän däldir .

3- Taňry tagala iň soňda möminleriň kapyrlara üstem çykjakdyklaryny söz berendir.

Rum süresi, 48 we 49-njy aýatlar:

اللَّهُ الَّذِی یُرْسِلُ الرِّیَاحَ فَتُثِیرُ سَحَابًا فَیَبْسُطُهُ فِی السَّمَاءِ کَیْفَ یَشَاءُ وَیَجْعَلُهُ کِسَفًا فَتَرَى الْوَدْقَ یَخْرُجُ مِنْ خِلالِهِ فَإِذَا أَصَابَ بِهِ مَنْ یَشَاءُ مِنْ عِبَادِهِ إِذَا هُمْ یَسْتَبْشِرُونَ (48) وَإِنْ کَانُوا مِنْ قَبْلِ أَنْ یُنَزَّلَ عَلَیْهِمْ مِنْ قَبْلِهِ لَمُبْلِسِینَ (49)

<< Alla ,ýelleri iberip bulutlary herekete düşürýän kimsedir. onsoň Alla (buludy ) isleýşi ýaly ýaýradýandyr we ony bölek- bölek edýändir . soňda  onuň içinden çykyp duran ýagyşy görersiňiz . bes Alla ony ( ýagyşy ) özüniň halaýan bendelerine ýetirer şonda olar gaty begenerler // dogrudanda olar ( bu ýagyşdan ) ozal tukat we umytsyzdylar .>>

Güneşiň şöhlesi bilen suw we derýalaryň , deňizleriň , ýüzünden bug şeklinde göterilip asmana gidýär soň Alla ýeli iberýär , ýel bolsa bugdan şekil tapan bulutlary herekete düşürip suwsan ülkelere tarap äkidýär we şol ýerde bulutlar bir- birine çakyşyp sowyp özlerindäki suwy ýagyşyň damjalary şeklinde ýeriň ýüzüne dökýärler. egerde durmuşda döwletleriň suwy ýada nebitdir gazy bir ýerden ýene bir ýere äkitmekde edýän harajatlaryny göz öňüne alsak Allanyň derýalaryň we deňizleriň ýüzünden göterip çöl ýerlere suwy ýetirmeginiň ne-çende uly işdigine göz ýetirjekdiris. sebäbi ynsanlar suwy gazy we nebiti ýetirmek üçin miliýartlarça dollar çykdaýjy edip turba geçirijileri çekýärler . şondan gelende olaryň işleri Allanyň bulutlar arkaly bir ýerden ýene bir ýere ýetirýän suwyň ýanynda hasabada gelýän däldir . bu bolsa Allanyň gudratynyň ne-çende ýokarydygyny subut edýändir .ýagyşyň ýagmagy bilen diňe bir ynsanyň jisimi däl isem onuň ruhy hem täzelenýändir ösümlikler hem ýagyşyň suwy bilen gaýtadan jana girýändirler we ynsan bolsa , ýagyşyň netijesinde täze jana giren tebigaty , gül- gunçalary we bag- bossanlyklary görüp ruhy galkynýar we daýhanlardyr maldarlar hem ýagyşy görüp begenip geljege umytly garaýandyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- tebigatda ýüze çykýan gopgunlary ýöneki hadysalar bilmeli däldir eýsem bu gopgunlaryň aňrysynda Allanyň hekmeti we gudraty ýatandyr.

2- Alla tagala älem- jahany sebäpkärleriň üsti bilen dolandyrmagy yrada edendir. sebäbi , bu sebäpkärler hem Allanyň ýaradan zatlarydyr .

3- Allanyň sanzyz lotfu keremine üns bermeklik, ynsanyň ruhdan düşmezligine sebäp bolýandyr.

 

///////////////////////