Dec 25, 2017 11:25 Asia/Ashgabat

bölüm,741,süre rum,aýat 50-54

برنامه راهی بسوی نور( (741

Rum süresi, 50 we 51-nji aýatlar :

فَانْظُرْ إِلَى آثَارِ رَحْمَةِ اللَّهِ کَیْفَ یُحْیِی الأرْضَ بَعْدَ مَوْتِهَا إِنَّ ذَلِکَ لَمُحْیِی الْمَوْتَى وَهُوَ عَلَى کُلِّ شَیْءٍ قَدِیرٌ ﴿٥٠﴾ وَلَئِنْ أَرْسَلْنَا رِیحًا فَرَأَوْهُ مُصْفَرًّا لَظَلُّوا مِنْ بَعْدِهِ یَکْفُرُونَ ﴿٥١﴾

<>

Geçen gepleşikde ýel bilen ýagyşyň ýaşaýyşnyň dowamatynda oýnaýan rollary hakynda gürrüň etdik , Gurany kerim bu aýatlarda şol gürrüňiň dowamynda aýdýar : ýel bilen ýagyş Allanyň emri bilen hereket edýändirler we olaryň täsirleri hem Allanyň elindedir . Alla islese ýagyş rahmet bolup ynsanlaryň üstünden inip ekiş ýerlere bereket inderýändir we egerde yrada etse ýel iberip ösümlikleri we daýhanlaryň eken hasylyny solduryp bilýändir .

 hawa ýagyş ýeriň ýüzündäki dürli janlylaryň we ynsanyň ýaşaýyşynda aýgytly rol oýnaýandyr . şondan gelende garaýyşymyzy tebigy gopgunlara çäklendirmän ölileriň direlmek meselesine kyýamat gününi we şol günde ölileriň gaýtadan direlmek meselesine tarap çekilmelidiris .

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

1-    Gurany kerim , ýagyş  ýeriň  gögerip ýaşaýyşyň dowamatyna  sebäp bolýan ylahy  rahmet bilendyr .

2-    Ýagyşyň netijesinde ölen ýerleriň gögermegi kyýamatda Allanyň ölileri direldip bilmeginiň bir nyşanydyr .

3-    ukypsyz ynsanlar ýaşaýyşlarynda kynçylyklara gabat gelenlerinde imanlaryny elden berip kapyrçylyk edýändirler .

Rum süresi, 52 we 53-nji aýatlar :

فَإِنَّکَ لا تُسْمِعُ الْمَوْتَى وَلا تُسْمِعُ الصُّمَّ الدُّعَاءَ إِذَا وَلَّوْا مُدْبِرِینَ ﴿٥٢﴾ وَمَا أَنْتَ بِهَادِ الْعُمْیِ عَنْ ضَلالَتِهِمْ إِنْ تُسْمِعُ إِلا مَنْ یُؤْمِنُ بِآیَاتِنَا فَهُمْ مُسْلِمُونَ ﴿٥٣﴾

<<(Olaryň ýürekleri ölendir) onda sen (öz çakylygyňy) ölenleriň gulaklaryna eşitdirip bilmersiň we çakylygyňy senden ýüzlerini öwren mahaly kerlere eşitdirip bilmersiň// we sen garaňkylykda bolýan gara ýürekli ynsanlary hydaýat etmeklige mejbur dälsiň , sen diňe biziň aýatlarymyza imanlary bolan we haka boýun bolan ynsanlara öz gepiňi ýetirmelisiň .>>

Guran kerim bu aýatlarda ynsanlary 4 topara bölýär . birinji topar hakykaty düşünmedik we haka iman getirmedik görme göze diri bolan ynsanlardyr .

Ikinji topar , ylahy pygamberleriň çakylygyny eşidýändirler ýöne olardan ýüz öwürýän ynsanlardyrlar .

üçünji topar haky görüp bilmeýän gümralardyr .

 dördünji topar bolsa gözleri we gulaklary bilen haky tapmak ugurda tagalla edýän möminlerdir . olar haçanda haka gabat gelenlerinde oňa boýun egýändirler .

Gurany kerimiň bu aýatlaryndan belli bolşuna görä Guranyň garaýyşyndan ynsanlaryň jisimniň ölmeginiň ýany bilen olaryň käleriniň ruhlary hem ölüp bilýändir , şeýlede Guranyň garaýyşyndan jisimleri ölen hem bolsa heniz ruhlary diri bolan mömin ynsanlar az däldirler , şeýlede görme göze diri bolup ýöne gümralykda ýaşaýanlyklary babatly ruhy taýdan ölen ynsanlar hem az däldir .

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

1-Hakykaty kabul etmek ukyby bolmadyk  ynsan, ylahy pygamberleriň sözüni hem kabul etmez we pygamberleriň sözi hem oňa ötmez .

2-Haky kabul etmek üçin göz , gulak ýada akylyň bolmagy ýeterlik däldir , eýsem ynsanda haky kabul etmek ruhyýa hem bolmalydyr , bir ynsanda haka boýun bolmak ruhyýa bar bolsa oň özi haky görmek üçin ýada haky eşitmek üçin hakyň gözleginde bolar .

3-Hak bilen jedel edip ondan ýüz dönderýän ynsan , uly we çuň gümralyga uçrar we onuň şol gümralykdan halas bolmagy bolsa gaty çetindir .

4-Dyn başlyklarynyň we ylahy pygamberleriň borjy dini halkyň gulaklaryna ýetirmeklikdir . we olar halky dine mejbur etmäge borçly däldirler .

5-Haka iman getirmekligiň bir özi ýeterlik däldir eýsem haka amal etmek hem gereklidir .

Rum süresi, 54-nji aýat :

 اللَّهُ الَّذِی خَلَقَکُمْ مِنْ ضَعْفٍ ثُمَّ جَعَلَ مِنْ بَعْدِ ضَعْفٍ قُوَّةً ثُمَّ جَعَلَ مِنْ بَعْدِ قُوَّةٍ ضَعْفًا وَشَیْبَةً یَخْلُقُ مَا یَشَاءُ وَهُوَ الْعَلِیمُ الْقَدِیرُ ﴿٥٤﴾

<<>>

Gurany kerimiň bu süresi aslynda Allanyň birliginiň nyşanalaryny we onuň ynsanlara bagyş eden näz- nygmatlaryny beýan edýändir . şonuň üçin hem Gurany kerim Rum süresiniň bu aýatynda ynsanyň öz ýaşaýyşynyň boýunda başdan geçirýän tapgyrlaryna yşarat edip aýdýar: siz eneňizden dünýä gelen mahalyňyz ejizdiňiz soň çagalygy başdan geçirip ýaşlykda kuwwat tapdyňyz soň hem garrap ýene ejiz bildiňiz bu tapgyrlary Alla goýandyr we siziň onda rulyňyz ýokdur .

Egerde ýaradylyş ynsanyň erkinde bolsady  hiç kim garrap ejiz bolmagy islemezdi , oňa görä garrylygyň öňini alar ýaly ynsanyň kuwwatlylygy onuň öz elinde däldir .

Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :

1-    Her bir ynsanyň ýaşaýyşynyň başy we soňy ejizlikdir , ynsan iki ejizligiň arasynda giriftardyr . oňa görä ýaşlykda özümiziň iki günlük güýç- kuwwatymyza magtanmaly däldiris , eýsem onuň gadyryny bilip ondan dogry peýdalanmalydyrys .

2-    Ýaşaýyşyň boýunda ynsanyň gabat gelýän ejizlik we kuwwatlylyk tapgyrlaryny  Alla tagala  özüniň hikmeti bilen ynsanlaryň ýolunyň ugrunda goýandyr .

//////////////////