Dec 25, 2017 11:47 Asia/Ashgabat

bölüm,742,süre rum,aýat 55-60

برنامه راهی بسوی نور( (742

Rum süresi , 55, 56 we 57-nji aýatlar :

 وَیَوْمَ تَقُومُ السَّاعَةُ یُقْسِمُ الْمُجْرِمُونَ مَا لَبِثُوا غَیْرَ سَاعَةٍ کَذَلِکَ کَانُوا یُؤْفَکُونَ ﴿٥٥﴾ وَقَالَ الَّذِینَ أُوتُوا الْعِلْمَ وَالإیمَانَ لَقَدْ لَبِثْتُمْ فِی کِتَابِ اللَّهِ إِلَى یَوْمِ الْبَعْثِ فَهَذَا یَوْمُ الْبَعْثِ وَلَکِنَّکُمْ کُنْتُمْ لا تَعْلَمُونَ ﴿٥٦﴾ فَیَوْمَئِذٍ لا یَنْفَعُ الَّذِینَ ظَلَمُوا مَعْذِرَتُهُمْ وَلا هُمْ یُسْتَعْتَبُونَ ﴿٥٧﴾

<>

Dünýäde kapyrlyk edip günä işler bilen ömürlerini geçiren ynsanlaryň ýöritelikleriniň biriside olaryň kyýamat gününiň ber-haklygyny inkär edýänlikleridir. Gurany kerimiň bu aýatlary esasynda bu adamlar kyýamat güni gopup gözleri bilen kyýamaty görenlerinde hem ony kabul etmejek bolup synanşarlar , şonuň üçin hem olar kyýamatda : bu ýer hem şol dünýäniň dowamydyr we biz bir salym sagat uklap turypdyrys diýerler . şonda haka imanlary bolan möminler : bu görýän ýeriňiz kyýamatdyr we Allanyň islegi bilen siz Barzah-da bolmakdan soň indi kyýamat diwanyna getirilensiňiz diýip aýdarlar .

Zalymlar we günäkärler  kyýamatda mizan – tereziniň ýanynda häzir bolanlary soň nämäniň nämeligine göz ýetirip ötünç sorap toba etjek bolarlar ýöne Gurany kerimiň bu aýatlary esasynda bu ötünç soramaklyk olara peýda bermez we aslynda olardan toba etmeklik kabul edilmez .

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

1-    Ynsanyň ters oýlanmagy ony ters ýola çekjekdir , ters pikir , ters ynam- ygtykat, köpçülikde günä işleriň ýoň bolmagyna sebäp bolýandyr .

2-    iman bilen ylymyň bir birlerine baglanşygy bardyr hakyky ylym ynsany imana çagyrýandyr şonçada , iman hem ynsany ylymly – bilimli bolmaklyga iterýändir.

3-    Ynsanyň ykbaly onuň ylmyna baglydyr , sütemiň we günä işleriň ne dünýäde we nede ahyretde soňy ýokdur .

4-    Toba ýada ötünç soramaklyk diňe dünýäde kabuldyr , ynsan öleni soň ýada kyýamatda tobadan hiç peýda ýokdur .

Rum süresi, 58 we 59-njy aýatlar:

وَلَقَدْ ضَرَبْنَا لِلنَّاسِ فِی هَذَا الْقُرْآنِ مِنْ کُلِّ مَثَلٍ وَلَئِنْ جِئْتَهُمْ بِآیَةٍ لَیَقُولَنَّ الَّذِینَ کَفَرُوا إِنْ أَنْتُمْ إِلا مُبْطِلُونَ ﴿٥٨﴾ کَذَلِکَ یَطْبَعُ اللَّهُ عَلَى قُلُوبِ الَّذِینَ لا یَعْلَمُونَ ﴿٥٩﴾

<<>>

Gurany kerim , hydaýat kitabydyr we ynsanyň dogry ýola girmegine sebäp bolýan zatlaryň barçasy Guranda bardyr , Guran ynsany hydaýat etmek üçin gerek ýerinde buşluk berýändir , gerek ýerinde hem gorkuzýandyr , öwüt- nesihat berýändir , ýagşa çagyryp ýamandan gaçyrýandyr , haky tanamak üçin aýdyň delilleri getirip ynsany dogry ýola çagyrýandyr .

Gurany kerimiň Allanyň birligi baradaky delilleri dürli aýatlarda beýan bolandyr , bu asmanlyk kitapda dogry ýaşap telek zatlardan daş durmaklyk , dürli deliller bilen beýan bolandyr . bir mömin ynsanyň düşünjesini ybaratlaýan dini hökümler , ynam - ygtykatlar we ahlak ýörelgeleri Gurany kerimiň Alty müňden eýräk aýatlarynyň içinde beýan bolýandyr  . şondan gelende Gurany kerimiň getirýän aýdyň delillerini kabul etmejek bolýan kapyrlar bu delilleri eşitseler-de olary boş gürrüňler bilip inkär edýändirler .

Gurany kerim bu aýatlaryň dowamynda kapyrlaryň haky inkär etmekleriniň  delilini açyklap : olar günä işlere aýak diräp günäň batgalygyna batansaňlar Alla olaryň ýüreklerine möhür urandyr , şonuň üçin hem olar haky düşünip bilýän däldirler diýip aýdýar .

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

1-    Gurany kerim hemmeler üçin iberlen asmanlyk kitapdyr , şonuň üçin hem ondaky mana hemmelere düşnükli bolar ýaly dürli şekillerde beýan bolýandyr .

2-    Egri ýoly saýlan ynsanlar haky kabul etmegiň deregine haky egri bilýändirler we hak ýolunda hereket edýän möminleri gümra ynsanlar bilýändirler .

3-    Hak bilen jedel edip ony inkär etmeklik gümralygy yzyna tirkeýändir we bu gümralygyň zyýany bolsa Alla ýetmez eýsem gümra adamyň özüne ýeter .

Rum süresi, 60-njy aýat :

فَاصْبِرْ إِنَّ وَعْدَ اللَّهِ حَقٌّ وَلا یَسْتَخِفَّنَّکَ الَّذِینَ لا یُوقِنُونَ ﴿٦٠﴾

<<>>

Gurany kerim Rum süresiniň soňky aýaty bolan bu aýatda aýdýar : möminler elmydam kapyrlar tarapyndan horlanyp gelendirler , kapyrlar dil bilen ýada beýleki ýollardan möminlere azar ýetirendirler , onda mömin adam bu zatlaryň garşysynda sabyrly bolup ruhdan düşmeli däldir , sebäbi Alla , öz ýolunda sabyrly bolup gaýduwsyzlyk görkezen möminleri goldamak barada söz berendir .

 Gurany kerim bu aýatyň dowamynda Resululla we möminlere ýüzlenip aýdýar : egerde olaryň sözlerinden tasir alsaňyz ýüregiňize gorky düşüp howsala bolarsyňyz onsoň olaryň garşysynda gaýduwsyzlyk görkezmegiň ýerine ruhdan düşüp bihuda işlere baş goşarsyňyz ýada duşmanlaryň boş gürrüňlerini eşidip gazaba münmek bilen gelşiksiz işlere baş goşmagyňyz mümkin . bu iş bolsa siziň köpçülikdäki orun mertebäňizi pese gaçyrar .

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

1-    Möminler , özleriniň barýan ýolunda mäkäm bolmalydyrlar we duşmanlaryň edýän işleriniň garşysynda sabyrly bolmalydyrlar .

2-    imansyz we bidin adamlaryň boş gürrüňlerine gulak berip zalymlaryň we sütemkärleriň garşysynda möminleri goldamak barada Allanyň beren wadasyna imanymyzy elden bermeli däldiris .

3-    Sabyrsyz adamlar köpçülikde harlyga uçraýandyrlar .

/////////////////