bölüm 868, süre Gafer, aýat 1-6
راهی بسوی نور(868)Gafer süresi:Geçen gepleşikde Zumär süresiniň gürrüňleriniň soňlamagy bilen bu gün Gafer süresiniň gürrüňlerine girişýäris .85 aýaty bolan Gafer süresi Mekge şäherinde inendir. Beýleki Mekgi süreleri ýäly Gafer süresinde hem köplenç Towhyt, Maat ýa şol kyyamat, nebüwwat ýa şol pygamberlik ýaly ygtykatlyk meseleleri hakynda gürrüň bolýandyr. Bu süräniň 3-nji aýatynda taňrydan gafer sypaty bilen at çekilýär, ýagny magfyrat ediji we günäleri ýalkawjy. Şonyň üçin hem bu sürä Gafer
.Gafer süresi, 1, 2 we 3-nji aýatlar :حم (1) تَنزِيلُ الْكِتَابِ مِنَ اللَّهِ الْعَزِيزِ الْعَلِيمِ (2) غَافِرِ الذَّنبِ وَقَابِلِ التَّوْبِ شَدِيدِ الْعِقَابِ ذِي الطَّوْلِ لَا إِلَهَ إِلَّا هُوَ إِلَيْهِ الْمَصِيرُ (3)
<< hä-mim // bu kitap gudratly we ylymly alla tarapyndan inendir .// ol , günäleri ýalkawjy we tobany kabul ediji , güýçli azap beriji we köp bagşandalygyň eýesidir we ondan özge hiç taňry bolmaz we ( hemmeleriň ) gaýdyp dolanjak ýeri oňa tarapdyr. >>
Gurhan kerimiň beýleki 28 süresi ýaly Gafer süresi hem kesik kesik harplar bilen başlanandyr . mundan ozal hem aýdyşymyz ýaly bu kesik kesik harplardan soň gurhan kerimiň azamatyndan gürrüň bolandyr ýene bir ybaratda taňry tagala , yslamyň azamatly kitaby gurhan kerimiň aýatlarynyň bütin araplaryň ulanýan şol ýönekeý harplaryndan düzülendigini bu aýatlarda ýatlara berendir. gurhan kerim bu aýatlaryň üjünjisinde hem taňry tagalanyň bäş sany sypatyna yşarat edip aýtýar: alla hem buşluk berijidir hemde duýduryş berijidir alla bir tarapdan toba etýän günäkär adamlaryň günälerini ýalkaýandyr bir tarapdan hem ynsanlara günä işleriň soňy barada duýduryş berýändir. gurhan bu aýatyň soňunda hem hemmeleri öz nygmatlaryndan paýly eden Allanyň çokunmaklyga laýykdygyny we ölümden soň hemmeleriň oňa tarap dolanjakdyklaryny beýan edendirler .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- gurhan allanyň kelamydyr we ynsanlaryň düşüner derejesinde düzülip inendir.2- gurhan allanyň çäksiz ylymynyň bir jilwasydyr oňa görä hiç kim gurhanyň güýçli mantagynyň öňünde durup bilmez .3- gurhana çokunmaklyk musulmanlaryň baş ýokarlygyna sebäp bolýandyr sebäbi gurhan kerim , gudrat we bilim eýesi bolan alla tarapyndan inendir.4- gurhan kerim , ynsanlaryň dogry ýoldan hereket edip alla tarap ýakyn barmaklary üçin inen kitapdyr .
Gafer süresi, 4, 5 we 6-njy aýatlar :مَا يُجَادِلُ فِي آيَاتِ اللَّهِ إِلَّا الَّذِينَ كَفَرُوا فَلَا يَغْرُرْكَ تَقَلُّبُهُمْ فِي الْبِلَادِ (4) كَذَّبَتْ قَبْلَهُمْ قَوْمُ نُوحٍ وَالْأَحْزَابُ مِن بَعْدِهِمْ وَهَمَّتْ كُلُّ أُمَّةٍ بِرَسُولِهِمْ لِيَأْخُذُوهُ وَجَادَلُوا بِالْبَاطِلِ لِيُدْحِضُوا بِهِ الْحَقَّ فَأَخَذْتُهُمْ فَكَيْفَ كَانَ عِقَابِ (5) وَكَذَلِكَ حَقَّتْ كَلِمَتُ رَبِّكَ عَلَى الَّذِينَ كَفَرُوا أَنَّهُمْ أَصْحَابُ النَّارِ (6)
<< kapyrlyk edýänlerden başgalary allanyň aýatlarynda jedel etmezler, onda şaherlerde olaryň gelim gidim etmekleri seni aldamasyn // bulardan ozal Nuhuň kowmy we olardan soň gelen toparlar ( öz pygamberlerini ) inkär etdiler we her bir ummat öz pygamberini tutup ( oňa azar bermegi ) maksat edindi we batylyň üsti bilen jedel etdiler tä haky aradan aýyrsynlar. ýöne olary ( öz gaharymyz bilen ) tutdyk , onda meniň azabymyň nähilidigini bir (synlap gör ) // we şu hili seniň perwerdigäriň ( azap barada ) kapyrlara beren wadasy durmuşa geçdi. elbetde ol kapyrlyk edýänler dowzah ählidirler. >>
Gurhan kerim bu aýatlarda yslam pygamberlerine we musulmanlara şeýlede pygamberden soň geljek musulmanlara göwünlik berip aýtýar: egerde kapyrlar siziň diniňiziň garşysynda durup haky ýok etjek bolýan bolsalar nä umyt bolmaň ruhdan düşmäň, sebäbi taryh boýunda hemişe şeýle bolandyr. kapyrlar diňe bir möminler bilen däl eýsem allanyň pygamberleri bilen hem duşmançylyk edendirler we olaryň tersine hile arap olary hakdan alyp galjak bolandyrlar. durmuşda hem dünýäniň eziji döwletleri dürli känfirensiýalary we porupakanda işleri ýola goýmak bilen şeýlede özleriniň goşun güýçlerine daýanyp musulmanlaryň gözüne özlerini güýçli edip görkezmegiň aladasyny edýändirler. oňa görä musulmanlar hem olaryň bu hilelerine aldanyp ruhdan düşmegiň deregine özlerine dolanyp öz başarnyklaryna ynam etmelidirler. elbetde taryhyň görkezmegine görä kapyrlyk edip hak bilen tersleşýänler hemişe şowsuzlyga uçrap hakdan ýeňilendirler şeýlede olar özleriniň eden etmişleri bilen özlerini allanyň gahar gazabyna giriftar edendirler .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- kapyrlyk , hak bilen jedel etmekligiň asly sebäpkäridir . onda dünýä üçin hak bilen tersleşmekden we hakyň garşysynda durmakdan saklanmalydyrys .2- hemmeler iman getirip mömin bolarlar diýen tamamyz bolmaly däldir. özgeleriň kapyrlyk etmekleri bizi ruhdan duşuryp nä umyt etmeli däldir .3- kapyrlaryň başlyklary musulmanlary gorkuzmak üçin köp işlere baş goşup köp zatlary aýdýandyrlar ýöne iman ähli olaryň bu işlerinden we hereketlerinden öz ýüreklerine gorky salmaly däldirler. eýsem berk olaryň garşysynda durmalydyrlar .4- hak bilen tersleşýän adamlar allanyň iberen pygamberlerini hem inkär edip olara garşy hile araýandyrlar. Olar propakanda işlere baş goşup hak toplumyny ejizletmegiň yzyndadyrlar .5- allanyň dünýäde ber karar edip goýan däpleriniň biriside hak bilen tersleşýän kapyrlara jeza bermeklikdir. elbetde allanyň olara berjek jezasy we azaby hak we adalat ýüzünden boljakdyr./////////////