Jan 09, 2021 13:33 Asia/Ashgabat

راهی بسوی نور(869)

Gafer süresi, 7-nji aýat :الَّذِينَ يَحْمِلُونَ الْعَرْشَ وَمَنْ حَوْلَهُ يُسَبِّحُونَ بِحَمْدِ رَبِّهِمْ وَيُؤْمِنُونَ بِهِ وَيَسْتَغْفِرُونَ لِلَّذِينَ آمَنُوا رَبَّنَا وَسِعْتَ كُلَّ شَيْءٍ رَّحْمَةً وَعِلْماً فَاغْفِرْ لِلَّذِينَ تَابُوا وَاتَّبَعُوا سَبِيلَكَ وَقِهِمْ عَذَابَ الْجَحِيمِ (7)‏

<< arşy göterýän perişdeler we olaryň ýanyndaky kimseler öz perwerdigärleriniň hämdi senasyny aýdýandyrlar we oňa iman getiren möminlere ýalkaw dileýändirler ( we ) : bar hudaýa seniň rahmeriň we ylmyň hemmeleri gurşap alandyr onda toba edip seniň ýoluňdan ýörän adamlary ýalka we olary dowzah azabyndan gora (diýip aýdýandyrlar.) >>

Gurhan kerimiň aýatlary esasynda perişdeler barlygyň işlerini dolandyrmakda ýardamçydyrlar. olar alla bilen ynsanyň arasynda baglanşyk gurýan wesiledirler. gurhan kerim bu aýatlarda perişdeleriň alla bilen ynsanyň arasynda baglanşyk gurýandaky ýöritelikleriniň ýene birisine yşarat edip aýdýar: alla ýakyn bolan we onuň arşynda huzurly bolan perişdeler taňry tagalanyň hämdi senasyny aýtmagyň ýanynda möminler üçin hem doga edip olaryň ýazyklarynyň geçilmegini alladan dileýändirler. perişdeler oz dogalarynda şeýle diýýändirler: bar hudaýa sen bir tarapdan olaryň eden etmişlerinden habarlysyň aýry bir tarapdan hem seniň rahmetiň giňdir we hemmeleri öz içine alyp bilýändir, onda toba edýän ynsanlaryň ýazygyny geç we olaryň dowzahda azap görmeklerine razy bolma .Aslynda gurhan kerim bu aýatlarda gaýbyň uly gudratlary bolan we arşy göterýän närseleriň möminleriň goragçysydyklaryny we olara hemaýatçydyklaryny aýdýar.Şol güýçli gudratly perişdeler möminlere doga edip olaryň ýazyklarynyň geçilmegini we dowzahyň azabyndan gutulmaklaryny alladan dileýändirler. bu bolsa möminleriň göwin hoşlugy üçin bir uly wesiledir. Mömin ynsanlaryň öz ýaşaýyşlarynda allanyň perişdelerini özlerine kömekçi duýmaklary, olaryň öz barýan ýollarynda şol sanda din ýolunda kynçylyklardan gorkman berk hereket etmeklerine sebäp bolýandyr .gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :Allanyň dergähinde bolan perişdeleriň möminlere ýalkaw dilemekleri imanly ynsanlara allanyň rahmetinden umydygär bolup göwin hoşluk bilen din ýolunda hereket etmeklerine sebäp bolýandyr.Özgeler hakynda doga etmeklik bir söýerli işdir. perişdeler şeýdendirler onda biz hem perişdeler ýaly beýleki mömin doganlarymyz üçin doga edeliň we olar üçin alladan gowlyklary diläliň.Ynsan bilen allanyň şeýlede perişdeleriň arasynda baglanşyk gurýan zat ynsanyň ýagşy amallarydyr, egerde bu baglanşygy gurýan tanap gaýym bolsa ynsan dünýäde we ahyretde heläkçilige uçramany azapdan gutular.

Gafer süresi, 8 we 9-njy aýatlar :رَبَّنَا وَأَدْخِلْهُمْ جَنَّاتِ عَدْنٍ الَّتِي وَعَدتَّهُم وَمَن صَلَحَ مِنْ آبَائِهِمْ وَأَزْوَاجِهِمْ وَذُرِّيَّاتِهِمْ إِنَّكَ أَنتَ الْعَزِيزُ الْحَكِيمُ (8) وَقِهِمُ السَّيِّئَاتِ وَمَن تَقِ السَّيِّئَاتِ يَوْمَئِذٍ فَقَدْ رَحِمْتَهُ وَذَلِكَ هُوَ الْفَوْزُ الْعَظِيمُ (9)

<< bar hudaýa ! olary we olaryň atalaryndan , başdaşlaryndan we perzentlerinden salyhylaryny wada eden baglaryňa sal, dogrudanda sen gudratly we hekimsiň . // we olary günä işlerden gora we her kimi şol günde günä işlerden gorasaň ony öz rahmetiňe duş etdigiň bolar, bu bolsa şol uly bagtyýarlykdyr. >>

Gurhan kerim geçen aýatlarda perişdeleriň möminler üçin ýalkaw dilemeklerini beýan edeni soň bu aýatlarda aýdýar : Perişdeler möminleriň päkligini we günälerden daş durmaklaryny alladan dilemegiň ýanynda olara we olaryň içeri maşgalasyna behişt nygmatyny hem dileýändirler . elbetde bu ýerde içeri maşgaladan maksat , içeri maşgala agzalarynyň hemmesi ýada dogan garyndaşyň hemmesi däldir. dogrusy kyýamatda dogan garyndaşlyk baglanşygy bir ynsanyň geçilmeginde täsirli däldir oňa gürä bu ýerde getirlen "içeri maşgala" ybaratyndan maksat içeri maşgalanyň içindäki salyhy ynsanlardyr we behişde girmeklige şertleri bolan kimselerdir . şondan gelende behişt ähli öz içeri maşgala agzalaryndan her kimi hamana enesini atasyny ýada başdaşyny we perzentlerini dileseler we olaryň hem ýalkanmak üçin azda- kände şertleri bolsa allanyň olary ýalkap olary öz rahmerine duş etmegi mümkindir. Şonuň üçin hem taňry tagala gurhan kerimň beýleki aýatlarynda wada berip : biz möminleriň yzynda galan perzentlerini behiştde öz ene atalaryna gowşurarys diýip beýan edýär. Bu bolsa içeri maşgalanyň arasyndaky baglanşygyň alla tarapyndan hormatlanýandygyny görkezýändir . gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda erbetliklerden we günä işlerden daş durmak barada perişdeleriň möminler hakynda edýän doga dileglerine yşarat edip ony allanyň möminlere bolan rahmetiniň nyşany bilýär . aslynda bu zatlardan maksat , hakyky möminleriň arkaýynlykda hormat bilen behişde girmekleridir.Onda her kim perişdeleriň dogalaryna gabat gelse ol allanyň rahmetine duş gelip dowzahdan gutulmak bilen behişde girjekdir, bu bolsa uly bagtdyr.Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- özgeleriň hakynda doga etmeklik öwliýalariň we perişdeleriň şiwesidir onda ýoldan azaşan adamlara nalyş etmegiň deregine olaryň dogry ýola girip allanyň rahmerine duş bolmaklaryny taňry tagaladan dilemelidiris.2- ynsan , özüni günä işlerden päklemese behişde girip bilmez .hakyky uly bagtyýarlyk , ynsanyň mady we ruhy erbetliklerden özüni arasta saklamagyna baglydyr.///////////