bölüm 871, süre Gafer, aýat 13-15
راهی بسوی نور(871)Gafer süresi,
13 we 14-nji aýatlar :هُوَ الَّذِي يُرِيكُمْ آيَاتِهِ وَيُنَزِّلُ لَكُم مِّنَ السَّمَاءِ رِزْقاً وَمَا يَتَذَكَّرُ إِلَّا مَن يُنِيبُ (13) فَادْعُوا اللَّهَ مُخْلِصِينَ لَهُ الدِّينَ وَلَوْ كَرِهَ الْكَافِرُونَ (14)
<< ol , öz aýatlaryny size görkezýändir we gökden size yrsgal iberýändir , ýöne diňe ybrat alyjylar oňa tarap dolanýandyrlar. // onda öz diniňizi alla üçin päklän ýagdaýňyzda ony çagyryň . her çen kapyrlar ýaramaz görsinler. >>
Geçen aýatlarda müşrikleriň we kapyrlaryň kyýamatda gabat geljek ýagdaýlary barada gürrüň etdik . gurhan kerim bu aýatlarda , towhydyň diýmek allany bir bilmeligiň nyşanalaryna yşarat edip aýdýar : allanyň birliginiň nyşanalaryny hemme zatlarda görüp bolar . bu meselä delalat edýän siziň töweregiňizde köp zatlar bardyr siz olary her günde görýärsiňiz , gök, ýer , dag , düz, deňizler , ýer ýüzünde ýaşaýan haýwanlar gökde uçyp ýörän guşlar deňizlere ýaşaýan janlylar we köp närseler, bularyň hemmesi allanyň azamatyny görkezýän we onuň birligine delalat edýän zatlardyrlar , şondan gelende allanyň bu aýatlaryny we nyşanalaryny görmeýän adamlar az däldirler aslynda ýürek päk bolan ýagdaýynda we bendäniň yhlasy düzüw bolan ýagdaýynda ony alla tagala ýetirjek närseler az däldir. ýöne ol nyşanalara ybrat gözi bilen gözläp olardan peýdalanmak gereklidir , ýatan kişini oýaryp bolar ýöne ýalandan ýatan kişini oýaryp bolmaz .Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : ýaradalyşda şärigi bolmadyk alla tagala bendelik etmekde şärik kaýyl bolmaň, öz diniňizi alla üçin päkläň we şerigatyň kanunlaryny düzmekde alla üçin şärik kaýyl bolmaň. siziň her bir meselede allanyň birligini ykrar etmegiňiz , kapyrlary gynandyrar ýöne gorkmaň kapyrlar kyn görselerde öz diniňizi alla üçin päkläň diýip aýdýar .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- biziň töwerek daşymyzy allanyň birligine delalat edýän nyşanalar gurşap alandyr . töwerek daşymyzdaky nyşanalaryň üsti bilen alla tagala ýetmek üçin ol zatlara köňül köňül gözi bilen ser etmelidiris . şonda bütin perdeler gyraga gidip hakykat aýan boljakdyr .2- ýaradylan her bir närse allanyň nyşanalaryndandir we her bir janly zadyň yrsgalynyň üpjün edilmegi şol nyşanalaryň ýene bir görnişidir .3- dini her bir betgatdan we telek yrym- ygtykatlardan arastalamaklyk hakyky imanyň nyşanalaryndandir .4- ynam ygtykatdan gürrüň bolanda özgeleri özüňden razy etjek bolup öz ynam ygtykadyňdan el üzmeli däldir. ynam ygtykat dogry bolan ýagdaýynda hökman oňa amal etmelidir, her çen kapyrlar ondan razy bolmasynlar, ýada ony telek bilmesinler .
Gafer süresi, 15-nji aýat :رَفِيعُ الدَّرَجَاتِ ذُو الْعَرْشِ يُلْقِي الرُّوحَ مِنْ أَمْرِهِ عَلَى مَن يَشَاءُ مِنْ عِبَادِهِ لِيُنذِرَ يَوْمَ التَّلَاقِ (15)
<< ( ol özüniň hakyky bendeleriň ) şanyny ýokary galdyrýandyr we arşyň eýesidir .(wahyý perişdesi bolan ) ruhy öz permany bilen özüniň isleýän bendesiniň üstüne ýollaýandyr tä ( olary kyýamatda boljak ) duşuşyk gününden gorkuzsyn.>>
Gurhan kerimiň bu aýatynda taňry tagalanyň kä sypatlaryna we işlerine yşarat bolýar . gurhan kerim geçen aýatlarda bendäniň öz dininde yhlasly bolup öz dinini ýaramazlyklardan arastalamagyny zerur bilmekden soň bu aýatda aýdýar : mömin;er öz dinlerinde her näçe yhlasly bolsalar olaryň allanyň ýanyndaky derejeleride şonça beýikräk boljakdyr . pygamberleriň arasynda hem agyr synaglary başdan geçirip öz yhlaslaryny gaty ýokary derejede görkezen pygamberleriň orny beýleki pygamberlerden beýikräk bolandyr. her halda alla tagala, ynsanlaryň yhlaslaryna görä olaryň şanlaryny we derejelerini hem belli edýändir. yhlas ýokary bolsa derejesi hem ýokary bolýandyr yhlas ýokary bolmasa derejede ýokary bolýan däldir .Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda hem aýdýar : alla arşyň eýesidir we onuň gudraty we häkemiýeti bütin barlygy gurşap alandyr, onuň hökümerine taý geljek bolmaz we hiç bir gudrat onuň bilen garşylaşyp bilmez . gurhan kerimiň öňki aýatlary allanyň ýaradylyşdaky nyşanalaryna yşarat eden bolsa bu aýatlarda şerigatyň kanunlaryny düzmekdäki allanyň gudratyna yşarat edýär .Dogrusy taňry tagala ynsanlary ýaradyp olary öz erklerine goýan däldir eýsem olaryň bütin mätäçlikleriniň , şol sanda mady we magnewi mätäçlikleriniň hatda kanuna bolan mätäçlikleriniň çäresini görip perişdeleriň üsti bilen şerigatyň kanunlaryny pygamberlere eýberendir we pygamberleriň üsti bilen ynsanlara kyýamat gününde duşuşugyň boljakdygyny we şol günde ynsanlardan şerigat kanunlary barada sorag ediljekdigini duýdurandyr . hawa , bütin asmanlyk kitaplarda kyýamatyň ber haklygy barada we ol günde hak bilen batylyň açaçan boljakdygy barada ynsanlara duýduryş berlendir .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- diniň ýoly ynsanyň ösüp kemala ýetmeginiň ýoludyr we taňry tagala her kim bu ýolda zähmet çekse onuň orun mertebesini beýgeltýändir .2-wahyý perişdesi taňry tagalanyň emir eden zatlaryny allanyň emir eden adamsyna ýetirýändir .3- pygamberler allanyň saýlan bendeleridirler we taňry tagala özüniň ylmy we hekmeti bilen olary saýlap seçendir.4- pygamberler ynsanlara ýürek ýandyryp ýaşaýyş ýolunyň howp-hatarlaryny olara duýdurýandyrlar. her kim bu duýduryşlara üns berse ol bagtyýar boljakdyr, emmä üns bermän ýagdaýynda özüni heläkçilige uçratjakdyr./////////////