bölüm 872, süre Gafer, aýat 16-20
راهی بسوی نور(872)Gafer süresi,
16 we 17-nji aýatlar :يَوْمَ هُم بَارِزُونَ لَا يَخْفَى عَلَى اللَّهِ مِنْهُمْ شَيْءٌ لِّمَنِ الْمُلْكُ الْيَوْمَ لِلَّهِ الْوَاحِدِ الْقَهَّارِ (16) الْيَوْمَ تُجْزَى كُلُّ نَفْسٍ بِمَا كَسَبَتْ لَا ظُلْمَ الْيَوْمَ إِنَّ اللَّهَ سَرِيعُ الْحِسَابِ (17)
<< hakyň aýan we äşgär boljak gününde we olar barada hiç bir zat alladan ýaşryn bolmadyk gününde, bu gün hökmürowanlyk kim üçindir? (elbetde ) gahhar we taýsyz alla üçindir. // bu gün her kim özüniň amalyna gürä padaş alar. bu gün hiç zolym bolmaz, dogrudanda alla hasaplara basym ýetişijidir.>>
Geçen gepleşigiň soňky aýatynda taňry tagala asmanlyk kitaplar we pygamberleriň üsti bilen kyýamat barada ynsanlara duýduryş bermegi barada gürrüň boldy . gurhan kerim bu aýatda hem kyýamat gününiň ýöriteliklerini açyklap aýdýar : şol günde perdeler bir ýana sowulyp hemme zatlar aýan we äşgär bolar we ynsanlaryň amal depterleri açylyp olaryň içgi syrlary aýan bolar, oňa görä kyýamatda ynsanyň basyrgyly zady boljak däldir . elbetde dünýäde hem ynsanyň hiç bir zady we amaly alladan ýaşryn däldir, şondan gelende käler öz amallaryny alladan basyryp bileris diýen gümandadyrlar ýöne kyýamat gününde hiç bir zady alladan basyryp bolmajakdygyna göz ýetirjekdirler .Kyýamat gününde ynsanlar özleri barada bütin hakykatlaryň aýan we äşgärdigini bilerler. bu hakykat bolsa olar üçin bir gorkyly zatdyr. ol güniň eýesi we hakyky hökmürowany alladyr. elbetde dünýäde hem hakyky hökmürowan alladyr ýöne kyýamatda ynsanlar allanyň hökmürowanlygyny aýan we äşgär suratda görjekdirler we ol günde zalym häkimlerden we hökmürowanlardan nam nyşan boljak däldir. kyýamatda allanyň hökmürowanlygy bir şekilde boljakdyr welin ynsanlaryň beden agzalaryda ynsanyň öz erkinde boljak däldir eýsem allanyň emrine tabyn boljakdyr we alla haçanda olardan güwälik islese ynsanyň beden agzalary onuň tersine şaýatlyk berjekdirler . kyýamat güni serpaý we jezanyň günidir, her kim öz amalyna laýyklykda serpaý ýada jeza görjekdir . dünýäde sütem etmek üçin köp bahanalar bardyr ynsanlar köpräk lezzete we baýlyga ýetmek üçin bir birlerine sütem edýändirler, ýöne kyýamatda hiç kim hiç kime sütem edip bilmez, sebäbi ol günüň hökmürowanlygy allanyň elindedir we alla bolsa şol günde her kime amalyna görä padaş berjekdir, elbetde allanyň ynsanlara serpaý ýada jeza bermegi tizlikde ýüze çykjakdyr. Diwanlarda adamlaryň eden etmişlerine ýetişiklik etmeklik uzaga çekýän bolsa bu mesele kyýamatda kän uzaga çekjek däldir we alla tizlik bilen ynsanlaryň amal depterlerine ýetişiklik edip her kimiň amalyna görä onuň padaşyny ýada jezasyny belli etjekdir.Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- kyýamatda bir zady alladan basyryp bolar diýen gümanda bolmak gaty ýalňyşlykdyr, kyýamatda hemme zatlar aýan we äşgär boljakdyr we ynsanyň basyryp biljek zady boljak däldir .2- kyýamatda hemmeleriň amallaryna ýetişiklik ediljekdir, hiç kim amallaryna ýetişiklik edilmän galjak däldir we şol günde her kimsä amalyna görä serpaý ýada jeza beriljekdir3- barlygyň hakyky eýesi we häkimi alladyr we ol özüniň hökmürowanlygynda hiç kime zerre sütem edýän däldir.Gafer süresi, 18, 19 we 20-nji aýatlar :وَأَنذِرْهُمْ يَوْمَ الْآزِفَةِ إِذِ الْقُلُوبُ لَدَى الْحَنَاجِرِ كَاظِمِينَ مَا لِلظَّالِمِينَ مِنْ حَمِيمٍ وَلَا شَفِيعٍ يُطَاعُ (18) يَعْلَمُ خَائِنَةَ الْأَعْيُنِ وَمَا تُخْفِي الصُّدُورُ (19)وَاللَّهُ يَقْضِي بِالْحَقِّ وَالَّذِينَ يَدْعُونَ مِن دُونِهِ لَا يَقْضُونَ بِشَيْءٍ إِنَّ اللَّهَ هُوَ السَّمِيعُ الْبَصِيرُ (20)
<< we olary ýakyn günden ( kyýamatdan ) gorkuz. Haçanda gam gussalaryny ( gorkudan ) ýüwüdýan ýagdaýlarynda janlary karkara geler. ( ol gün ) sütemkärler üçin jan köýdürýän dost we şypagatçy tapylmaz. // ol ( alla ) hyýanat bilen garaýan gözleri we gursaklarynda basyran zatlaryny bilýändir// we alla hak bilen höküm edýändir ýöne (müşrikleriň) onuň ýerine çagyrýan perwerdigärleri hiç hili höküm edip bilýän däldir. şübhesiz alla eşdiji we görgüjidir.>>
Gurhan kerim kyýamat hakda bolan geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda "hany kyýamat" diýip göwnüňiziň halan işini etmek bilen kyýamaty daşda görmäň, kyýamat daş däldir, ýakyndyr we ol günde eden etmişleriňize jogap bermeli bolarsyňyz diýip aýdýar. dogrusy kyýamat güni ynsanyň gorkudan janynyň karkara geljek günidir. ol günde eden etmişleriňe jogap bermeli bolarsyňyz" diýip ýeni gurhan kerim aýdýar.Dogrusy kyýamat güni ynsanyň gorkudan janynyň karkara geljek günidir ol günde gorkudan ynsanyň ýüregi jaýyndan gopan ýaly boljakdyr, bu mesele bolsa kyýamat gününiň ynsana ýeňil geçmejekdigini we ol günde ynsanyň gaty aladada boljakdygyny belli edýändir .Hawa kyýamatda ynsan , özüniň eden etmişlerine dogry ýetişiklik edilip reswa boljakdygyndan gorkyp gaty alada galjakdyr. onuň ol günde başdan geçirjek gorkusyny we aladasyny kelam bilen beýan edip bolmaz. ol günde ynsanyň içini gam basjakdyr "aýdyp ýeňileýin" diýer ýaly gepläp hem biljek däldir. sebäbi allanyň emri bilen onuň dili hem baglanjakdyr . ynsan şeýle bir ýowuz ýagdaýda kömekçi sorajakdyr, ýöne gurhanyň aýtmagyna görä oňa şypagatçy bolup biljek dost ýar tapyljak däldir. sebäbi ol günde her kim öz başy bilen gaý boljakdyr .Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda allanyň ýaýbaň ylmyna yşarat edip aýdýar : ol günde siz hiç kim habarsyz diýip günä niýet bilen garaýardyňyz şonda alla şol ýerdedi we siziň edýän dönükliňizdrn habarlydy, siziň içiňizi we ýaramaz niýetiňizi bilýärdi .Elbetde göz bilen günä etmeklik näçe şekilde bolup bilýändir. Birsi nämähremi gözlemek bilen ýene biri hem bir kişini masgaralajak bolup oňa ýaramaz şekilde ser etmek bilen ýüze çykýandyr . şübhesiz ynsan egerde kyýamata we mizan-terezä imany bolsa özüniň bütin amallarynda takwalygy we dogrylygy ünsden düşürmez. hawa taňry tagala ynsanyň bütin amallaryndan we onuň gursagyndaky niýetinden habarlydyr we kyýamatda şolaryň hemmesi barada ynsandan sorajakdyr .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- kyýamatyň derwezesi hasaplanýan ölüm daş däldir gaty ýakyndyr onda habardar bolmalydyrys.2- bir tarapdan kyýamatda guruljak mizan-tereziň gorkusy, aýry bir tarapdan hem ynsanyň öz eden etmişleri barada hasratda we aladada bolmagy bu zatlar kyýamatda günäkär adamlary çökerjekdir, günäkär adam bu ýükleriň astynda hatda gygyryp hem biljek däldir .3- kyýamat güni , günäkär adamyň dost ýarsyz galjak günidir. ol günde hiç kimden şol sanda dünýäde gepi ýöreýän adamlaryň elinden hiç zat geljek däldir . aslynda ol günde hemmeler öz gaýgysynda boljakdyrlar .4- alla biziň bütin amallarymyzdan we içimizden habarlydyr diýen pikre we hakyda gulluk etmeklik ynsany erbetliklerden we başgalara sütem etmeklikden alyp galjakdyr.////////////