-
Hytaý: Biz Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugyny goldaýarys
Nov 06, 2025 09:35Hytaýyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni bu ýurduň daşary işler ministri eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly gürleşeninden soň beýanat berdi we Pekiniň Eýran Yslam Respublikasynyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugyny goldaýandygyny yglan etdi.
-
Tähran-Yslamabad Parlament gatnaşyklaryny berkitmek borjy
Nov 06, 2025 09:25Pakistan Parlamentiniň başlygy Eýran bilen Pakistanyň umumy ynançlara, medeniýete we taryha esaslanýan gatnaşyklary bar diýdi.
-
13-nji Aban näme üçin Eýranda "Kimbirlige garşy göreşiň milli güni" diýlip atlandyrylýar?
Nov 04, 2025 15:2813-nji Aban Eýrandaky Yslam Rewolýusiýasynyň senenamasynda diňe bir sene däl; bu gün Eýran halkynyň ýadynda agalyga garşy mukaddes gahar-gazap we kemsitmäge garşy oýanyş nyşany hökmünde ebedileşdirilen gündür.
-
Admiral Tangsiri: Eýran adalary "berk galalardyr"
Nov 04, 2025 10:59Yslam Rewolýusiýasy Goragçylary Korpusynyň Deňiz güýçleriniň serkerdesi Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň doly taýýarlygyny nygtap, şeýle diýdi: Eýran adalary "berk galalardyr" we olardaky söweşijiler territorial bitewüligi ýokary erk we ruhyýet bilen goramaga taýýardyr.
-
Larijani: Gepleşikler hakyky bolmaly; duşmanyň talaplary çäksiz
Nov 02, 2025 12:59Eýranyň Milli Howpsuzlyk Ýokary Geňeşiniň sekretary duşmanyň artýan talaplaryna milli garşylygyň zerurdygyny nygtap, şeýle diýdi: Eýran gepleşiklere ynanýar, ýöne bu gepleşikler hakyky bolmaly we dogry wagtda geçirilmelidir.
-
Eýranyň Prezidentiniň Alžir Rewolýusiýasynyň ýyl dönümi mynasybetli gutlag haty
Nov 02, 2025 11:14Eýranyň Prezidenti Alžir Rewolýusiýasynyň ýyl dönümini gutlap, bu ýurduň halkynyň kolonializme garşy ruhuny we göreşini dünýäniň çar künjegindäki azatlyk gözleýänler üçin ylham çeşmesi diýip atlandyrdy.
-
Hatibzade: Eýranyň ýadro programmasy dünýäde iň açyk programmadyr
Nov 02, 2025 09:25Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary, Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň taryhynda Eýranda iň uly möçberde barlaglaryň geçirilendigini we hiç hili üýtgeşikligiň görülmändigini aýdyp, şeýle diýdi: Waşington we Tel-Awiw halkara kanunlaryny bozmak arkaly dünýä öz gegemoniýasyny ornaşdyrmaga synanyşýarlar.
-
Eýranyň Daşary işler ministri: Biz raketalarymyzy hakyky söweşde synagdan geçirdik
Nov 02, 2025 07:55Eýranyň Daşary işler ministri biz sionist režimiň Eýrana garşy 12 günlük urşundan köp tejribe topladyk we raketalarymyzy hakyky söweşde synagdan geçirdik diýdi.
-
Eýran-Oman Strategik Maslahat Komitetiniň 11-nji samiti geçirildi
Oct 31, 2025 10:22Eýran Yslam Respublikasy bilen Omanyň arasyndaky Strategik Maslahat Komitetiniň 11-nji Maslahaty penşenbe güni Maskatda geçirildi.
-
Eýranyň Daşary işler ministri: Amerika dünýäde iň howply ýadro ýaragyny ýaýradyjydyr
Oct 31, 2025 08:35Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri penşenbe güni agşam ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ýaragyny synagdan geçirmek baradaky buýrugyna jogap hökmünde şeýle diýdi: Birleşen Ştatlar dünýäde iň howply ýadro ýaragyny ýaýradyjydyr.