-
Galibaf: Amerika Yslam ýurtlarynyň ösüşi we howpsuzlygy barada alada etmeýär
Oct 18, 2020 18:39Eýranyň mejlis başlygy Amerikalylar öz maksatlarynyň yzyndadyrlar we Yslam ýurtlarynyň ösüşi we howpsuzlygy barada alada etmeýärler diýdi.
-
Kamalwandi: Eýran hiç haçan ýadro energiýasyny parahatçylykly däl ugurda ulanmak islemedi
Oct 18, 2020 18:15Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary, soňky 20 ýylda Tährana garşy ýalan ýadro aýyplamalarynyň hiç birini subut edip bolmadygyna salgylanyp Dünýä Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly däl ugurda ulanmagy gözlemändigini bilýär diýdi.
-
Zarif: Eýran owganlaryň ýolbaşçylygyndaky we dolandyrymagyndaky parahatçylyk gidişini goldaýar
Oct 18, 2020 17:33Eýranyň Daşary işler ministri Tähranyň owganlaryň ýolbaşçylygyndaky we dolandyrymagyndaky parahatçylyk etabyny we iki owgan toparynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary goldaýandygyny aýtdy.
-
Eýrana garşy ýarag sanksiýalarynyň soňlanmagy; habarlar we netijeler
Oct 18, 2020 12:28Bärjam( ýadro ylalaşyk) durmuşa geçirilenden 5 ýyl soň ,Eýran Yslam Respublikasynyň ýarag çäklikleri, şu gün 18-nji oktýabrda tamamlandy.
-
Galibaf: ýarag çäklendirmeleriň soňlanmagy Eýran halky üçin gazanylan üstünlik
Oct 18, 2020 10:33Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy ýarag çäklendirmeleriň soňlanmagyny Eýran halky üçin üstünlik diýip atlandyrdy.
-
Zarif: Eýranyň dünýä bilen goranyş hyzmatdaşlygynyň kadalaşmagy köptaraplaýynlygyň ýeňşi
Oct 18, 2020 10:19Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif, şu günden başlap Eýranyň dünýä bilen goranyş hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyrylmagynyň köptaraplaýynlygyň, sebitimizdäki parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýeňşi bolandygyny ýazdy.
-
Eýranyň ýarag çäklendirmeleriniň soňlanmagy baradaky beýany
Oct 18, 2020 10:12Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Eýranyň ýarag gadaganlyklarynyň soňlanmagy bilen baglanyşykly resmi beýanatynda Şu günden başlap, Eýran Yslam Respublikasy kanuny çäklendirmesiz we diňe goranyş zerurlyklaryndan ugur alyp, islendik çeşmeden zerur ýaraglary we enjamlary satyn alyp biler, şeýle hem syýasatlaryna esaslanyp goranyş ýaraglaryny eksport edip biler diýip yglan etdi.
-
Amir Abdullahian: Saud Arabystanyň Daşary işler ministriniň Eýranyň ýadro programmasynyň howpy baradaky aýdanlary esassyzdyr
Oct 17, 2020 14:25Eýranyň parlament başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi Saud Arabystanyň Daşary işler ministriniň Eýranyň ýadro we raketa programmasynyň howpy baradaky aýdanlary düýbünden esassyzdyr diýdi.
-
Eýranda korona keseli bolan dört müňden gowrak hassanyň kesgitlenmegi
Oct 17, 2020 13:33Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili, ýurtda korona keseli bolan 4000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we soňky 24 sagadyň dowamynda 253 adamyň ölendigini habar berdi.
-
Eýranyň Bakuwdaky ilçihanasy Ganja şäherine bolan raketa hüjümini ýazgardy
Oct 17, 2020 11:12Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Ganja şäherine raketa hüjümini we birnäçe parahat ilatyň öldürilmegini we ýaralanmagyny ýazgardy.