Jul 04, 2021 20:27 Asia/Ashgabat
  • Zarif: ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy zorlugy ykdysady terrorçylyk bilen dowam edýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň Iran Air 655 ýolagçy uçaryny urup gaçyrmak bilen bigünä adamlaryň öldürilmegi barada twit ýazyp: Amerikanyň Eýran halkyna garşy zorlugy ykdysady terrorçylyk bilen dowam edýär diýdi.

Şenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Muhammet Jawad Zarifiň ýaňky twitinde 33 ýyl ozal şu ​​gün ABŞ Iran Air 655-nji uçaryny urup ýere gaçyrdy we onuň içindäki 290 parahat ýolagçysynyň hemmesini öldürdi diýip getirýär.

Şol wagt, men ýaş diplomat hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu adam pajygasy üçin ötünç soramakdan ýüz öwürýändigini gördüm.

Amerikanyň Eýranlylara garşy zorlugy öňden başlap, häzirki wagtda halkymyza garşy ykdysady terrorçylyk bilen dowam edýär.

33 ýyl (1988-nji ýylyň 3-nji iýuly) Mawy asmanda Pars aýlagynyň üstünden uçup barýan Iran Air 655 ýolagçy uçary bir amerikan gämisiniň iki raketasy bilen nyşana alyndy we 290 bigünä ýolagçynyň hemmesiniň arassa ruhlary asmana uçdy.

Tags