Tehraniň juma namazynyň hatyby yslam dünýäsiniň birleşmegini nygtady
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy musulman ýurtlar Amerika we sionist režimiň mekirli hileleriniň garşysynda birleşigini we ysnyşygyny gorap yslam dünýäsiniň duşmanlarynyň garşysynda durmalydyrlar diýdi.
şu gün Aýatolla Muhammet Ymami kaşani Tehraniň juma namazynyň hytbalarynda beren gürrüňlerinde Tehranda geçirlen musulman ýurtlaryň parlamentara 13-nji konferensiýasyna yşarat edip Eýran we Yslam dünýäsiniň duşmanlarynyň maksady yslamy aradan aýyrmakdyr oňa görä Amerika we seionist režimiň pitneleriniň garşysynda musulman ýurtlaryň hüşgär bolmagy zerurdyr diýip nygtady.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ymami kaşani sözüniň dowamynda Palestina we ýemen meselesi hakynda käbir musulman ýurtlaryň parhsyz oturmaklaryny tankyt edip musulmanlaryň birinji kyblasy bolan palestina barada pathsyz oturmak dogry däldir we durmuşda yslam dünýäsi batyrgaýlyga mätäçdir diýip beýan etdi.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Aýatolla Muhammet Ymami kaşani Eýran we Yslam dünýäsine garşy amala aşyrýan hereketleriniň Amerikanyň hemaýaty we saud režiminiň pullary bilen ýola berilýändigini aýdyp musulman ýurtlar kuwwatlylyk, batyrgaýlyk, birleşik we ysnyşyk bilen meýdana gelip bu pitneleriň garşysynda durmalydyrlar diýip nygtap geçdi.