Mejlisiň başlygynyň orunbasary Saud Arabystanynda şaýylaryň adamkärçiliksiz jezalandyrylmagyny ýazgardy
(last modified Sun, 13 Mar 2022 10:20:08 GMT )
Mar 13, 2022 15:20 Asia/Ashgabat
  • Mejlisiň başlygynyň orunbasary Saud Arabystanynda şaýylaryň adamkärçiliksiz jezalandyrylmagyny ýazgardy

Eýranyň Yslam şura Mejlisiniň başlygynyň orunbasary, Saud Arabystanynda şaýylaryň adamkärçiliksiz jezalandyrylmagyny ýazgarmak bilen halkara jemgyýetçiligini dymmagy bozmaga çagyrdy.

IRNA-nyň habaryna görä, mejlisiň başlygynyň orunbasary "Ali Nikzad" Yslam Şura Mejlisiniň şu günki (ýekşenbe) açyk oturşygynda: Deputatlar Saud Arabystanynda şaýylaryň adamkärçiliksiz jezalandyrylmagyny dogry ýazgardylar diýdi.

Nikzad sözüniň dowamynda: Bu adamkärçiliksiz hereket edildi, indi halkara jemgyýetçiliginiň ümsümligi bozmagyna garaşylýar, emma bu halkara guramalara, jemgyýetçilik guramalaryna we adam hukuklarynyň goralmagyny goldaýanlara umydymyz ýokdyr diýdi.

Saud Arabystanynyň Içeri işler ministrligi düýn (şenbe) bu ýurtda adam hukuklaryny bozmagynyň dowamynda bir günde 81 adamyň ölüm jezasyny ýerine ýetirdi.

Jezalandyrylanlaryň arasynda 41 Katif Saud Arabystanynyň şaýy ýaşlary we ýedi ýemenli raýaty bardy olar  öň Saud Arabystanynyň hökümeti tarapyndan dürli bahanalar bilen tussag edilipdi we türmede ýatyrdylar.

Tags