General-maýor Bageri: Hizbullanyň täze Baş sekretarynyň saýlanmagy, garşylyk frontunyň abraýynyň beýanydyr
(last modified Wed, 30 Oct 2024 17:06:03 GMT )
Oct 30, 2024 22:06 Asia/Ashgabat
  • General-maýor Bageri: Hizbullanyň täze Baş sekretarynyň saýlanmagy, garşylyk frontunyň abraýynyň beýanydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýdaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy, "Şeýh Naim Gasymyň" Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary wezipesine saýlanmagy, garşylyk frontunyň krizisleri ýeňip geçmek ygtyýarlygynyň beýanydygyny aýtdy.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Muhammet Bageri öz habarynda Şeýh Naim Gasymyň Liwan Hizbullahynyň Baş sekretary wezipesine saýlanmagyny gutlap, yslam ymmaty we mukadds Kudsyň azat bolmagy üçin wepaly mujahidler "garşylyk şehitiň Seýid"-niň mynasyp we batyrgaý mirasdüşeri gahryman we buýsançly Hizbullahy güýç bilen ýolbaşçylyk edip biljekdigine we býik garşylyk frontunyň, esasanam gadyrly Liwan şöhratynyň, beýikliginiň we abraýynyň çeşmesi bolmagyny dowam etdirip biljekdigine ynanýarlar diýdi.

General-maýor Bageri şeýle-de bu mübärek saýlaw, Hizbullahyň taryh dörediji söweşijileriniň garşylygy we tutanýerliligi galkanyny erbet fronta garşy güýçlendirer we şahsyýetsiz we jenaýatçy Sionist režimiň dargamagyny çaltlaşdyrar diýdi.

Tags