Birleşen Milletler Guramasy Gaza zolagynyň demirgazygyndaky açlyk barada duýduryş berdi
Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Azyk Maksatnamasy (WFP) Gaza zolagynyň demirgazygyndaky krizisiň açlyga sebäp bolup biljekdigini habar berdi we bu gurama bu ýagdaýyň öňüni almak üçin gyssagly çäre görmäge çagyrdy.
IRNA Al Jazeera Iňlis diline salgylanyp, Bütindünýä Azyk Maksatnamasy Müsürde we Iordaniýada takmynan 94,000 tonna iýmitiniň bardygyny, bu bolsa bir million adamy dört aýlap iýmitlendirip biljekdigini aýtdy, ýöne bu azyk gorlaryny Gaza geçirmek mümkin däl, sebäbi gaty az serhetler açyk we beýleki ýerler howpsuz däldir diýip yglan etdi.
Bütindünýä Azyk Maksatnamasy şu aýda Gaza bary-ýogy 5000 tonna iýmitiň girendigini mälim etmek bilen, "Ysraýylyň Gaza ynsanperwer kömegini ibermek baradaky çäklendirmeleri gaty agyrdyr" diýip beýan etdi.
Bu edara şeýle-de mundan başga-da: Gaza zolagynyň demirgazygyndaky ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen has uly toparyň açlykdan ejir çekmeginiň ähtimallygy hökman artar, meger-de sebitdäki şertler gowulaşmasa diýdi.
Şol bir wagtyň özünde, bir palestinaly ýaş Gaza zolagynyň demirgazygyndaky harabalyklaryň arasynda gözleri ýaşly şeýle-de diýdi: Gabaw, açlyk, hassahanalaryň we lukmançylyk merkezleriniň işiniň togtadylmagyna garamazdan, diňe Gaza zolagynyň demirgazygynda garşylygy dowam etdireris.