Amir Abdullahian, Eýranyň Owganystandaky wekilhanalary üçin doly howpsuzlyk çärelerini görmäge ünsi çekdi
Eýranyň Daşary işler ministri, Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bilen habarlaşyp, Eýranyň Owganystandaky wekilhanalarynyň howpsuzlygyna alada bildirdi we bu ýerler üçin doly howpsuzlyk çäreleri görülmegini isledi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Kabulda we Owganystanyň beýleki şäherlerinde bolup geçen soňky wakalardan soň, Daşary işler ministri Huseýn Amir Abdullahian şenbe güni agşam Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaqi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Owganystanyň halkyna duýgudaşlyk bildirip, Kabuldaky ilçihanamyzyň binasyna we Eýran Yslam Respublikasynyň Hyrat, Mazar-e-Şerif, Kandahar we Jelalabaddaky baş konsullygyna abanýan howplara alada bildirdi we bu mekanlaryň doly howpsuzlyga çäre görülmegini isledi.
Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Mottaqi, oraza baýramy bilen gutlap, Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlaryna baha bermegi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary möhüm diýip atlandyrdy we Owganystanyň we Eýranyň duşmanlarynyň bardygyny aýtdy.
ol şeýle-de Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystandaky ähli diplomatik we konsullyk missiýalarynyň howpsuzlygyny doly üpjün etjekdigini yglan etdi.